Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Angliýanyň premýer-ministri Rişi Sunak bilen gepleşik geçirmek üçin Angliýa geldi, bu onuň bir ýyl mundan ozal Russiýa öz ýurduna sebäpsiz çozaly bäri daşary ýurda edýän ikinji saparydyr.
Sunagyň edarasy Zelenskiniň 8-nji fewralda Angliýada tälim alýan ukrain esgerlerini görüp, britan parlamentinde çykyş etjekdigini, Bukingem köşgünde korol Çarlz bilen duşuşjakdygyny aýtdy.
Mundan başga, Sunak ukrain harbylary üçin giňeldilen tälim okuwyny, şol sanda söweş uçarlarynyň uçarmanlary we deňiz güýçleriniň esgerleri üçin beriljek tälimleri yglan eder. Uçarmanlar üçin beriljek tälim olaryň geljekde NATO ölçegindäki söweş uçarlaryny ulanyp bilmegini üpjün eder diýip, beýanatda aýdylýar.
"Prezident Zelenskiniň Angliýa edýän sapary onuň ýurdunyň edermenliginiň, tutanýerliliginiň, söweşiniň we iki ýurduň arasyndaky bozulmaz dostlugyň subutnamasydyr" diýip, Sunagyň aýdandygy habar berilýär.
Şeýle-de, Angliýa “Kremliň uruş maşynyndan girdeji alýan” şahsyýetlere we kompaniýalara garşy goşmaça sanksiýalary yglan eder.
Bu sapar ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Kongresde eden ýyllyk çykyşynda ABŞ-nyň Ukrainanyň rus çozuşyna garşy alyp barýan söweşini “näçe wagt gerek bolsa, şonça” hem goldaýandygyny wada bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Zelenski Twitterdäki ýazgysynda Baýdene “kuwwaly goldaw sözleri” üçin minnetdarlyk bildirdi.
"Biziň gymmatlyklarymyz birmeňzeş, umumy maksadymyz ýeňiş" diýip, Zelenski aýtdy.
Zelenskiniň sapary Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina çozaly bäri Angliýa edýän ilkinji sapary bolar. Ol dekabr aýynda ABŞ-a baryp, Kongresiň öňünde hem çykyş edipdi.
Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius Kiýewe garaşylmadyk sapar etdi we Ukrainanyň ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinden köne “Leopard 1” tanklarynyň 100-den gowragyny aljakdygyny habar berdi.
Tanklar Germaniýadan, Gollandiýadan we Daniýadan iberiler diýip, üç ýurduň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.
Ukrainanyň goranmak ministri Oleksi Reznikowyň edarasynyň beren habaryna görä, Pistorius 20-25 aralygyndaky tanklaryň tomus aýlaryna çenli geljekdigini, ýylyň ahyryna çenli 80 töweregi we 2024-nji ýylda 100-den gowrak tankyň geljekdigini aýtdy.
Üç hepde ozal goranmak ministri wezipesine girişen Pistorius sapar wagtynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Reznikow bilen duşuşdy.
“Leopard 1” tanklary bilen üpjün etmek baradaky kararlar Ukraina üçin möhüm diýip, Zelenski Pistorius bilen geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy we "Biz Russiýa rüstemlik bermek islemeýäris" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
German hökümeti geçen hepde “Leopard 1” söweş tanklarynyň Ukraina eksport edilmegini tassyklaýandygyny aýtdy, ýöne hökümetiň metbugat sekretary bu habary yglan edende eksport ediljek tanklaryň sany barada anyk maglumat bermekden boýun gaçyrdy.
Ykdysadyýet we Goranmak ministrlikleriniň bilelikdäki beýanatynda aýdylmagyna görä, Ukraina esasy söweş tanklarynyň, 178 çemesi “Leopard 1A5” tankynyň eksport edilmegi tassyklandy.
“Leopard 1” tanklary Germaniýanyň geçen aý, ABŞ “M1 Abrams” tanklaryny Ukraina ibermäge razy bolanyndan soň bermäge razy bolan “Leopard 2” tanklary ýaly kämil däl.
Germaniýa başda Ukraina “Leopard” tanklaryny bermek meselesine ýa-da “Leopard” tanklary bolan üçünji ýurtlaryň ol tanklary Ukraina ibermegine özüniň göwünli däldigini görkezdi.
Reznikowyň twitterde paýlaşan habarynda Pistoriusyň oňa “Leopard 2” tankynyň modelini berendigi görkezilýär we wada berlen söweş tanklarynyň "ilkinjisiniň" Kiýewe gelendigi aýdylýar. "Bulardan ýene köpüsi bolar" diýip, twittde aýdylýar.
Ukrain kanun çykaryjysy, parlamentiň milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Roman Kostenko Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwiýusynda Russiýanyň gündogar Donbas sebitinde we ähtimal başga bir “üýtgeşik” sebitde täze hüjümi planlaşdyrýandygyny aýtdy.
"Duşman hüjüme taýýarlanýar" diýip, Kostenko aýtdy. "Onuň hüjüm edip biljekdigi ýa-da bilmejekdigi indi görülmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Sebit administrasiýasynyň başlygy Oleh Sinýehubowyň sözlerine görä, rus güýçleri öten agşam Harkow şäherine howa zarbalaryny urdy. Zarbalar şäheriň senagat sebitini nyşana aldy we uly ýangyna sebäp boldy. Pida bolan ýok.
Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoigu 7-nji fewralda Wuhledar we Bahmut töweregindäki sebitlerde harby operasiýalaryň "üstünlikli dowam edýändigini" aýtdy. Ol goranmak resmileri bilen bolan duşuşygynda çykyş edip, Donetsk sebitindäki rus goşunynyň ýakynda ýedi ilatly nokady, şol sanda Soledary hem "azat edendigini" aýtdy.
Forum