Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Ukrainanyň soraýan tanklaryny ibermek kararyna geldi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Germaniýa Kiýewiň gaýta-gaýta eden çagyryşlaryna jogap berdi we “Leopard 2” tankynyň Ukraina iberilmegi, şeýle-de, Birleşen Ştatlaryň “Abrams” tanklarynyň Ukraina iberilmeginiň öňünde ýaşyl yşyk ýakjakdygy baradaky habarlaryň arasynda, hyzmatdaş ýurtlardaky german tanklarynyň hem Ukraina gaýtadan eksport edilmegi baradaky karary tassyklady. Şu aralykda ukrain harbylary öz goşunlarynyň gündogardaky Soledar şäherinden öňünden taýýarlanylan pozisiýalara çekilendigini tassyk etdi.

German hökümeti bu karary 25-nji ýanwarda yglan etdi, Kiýew munuň möhüm öwrülişik pursady bolmagyna we Russiýanyň Donbasdaky ukrain goragçylaryna barha kän basyş görkezýän wagtynda söweş meýdanyndaky deňagramlylygy üýtgetmegine umyt edýär.

Germaniýa, hökümetiň metbugat sekretary Steffen Hebestreitiň eden beýanatyna görä, Ukraina ilkinji tapgyrda “Leopard 2” tanklarynyň 14 sanysyny iberer.

Şeýle-de, Germaniýanyň şu gün Polşa ýaly beýleki ýaranlaryna hem, özlerinde bar bolan “Leopard” tanklaryny Ukraina iberip biljekdiklerini aýtmagyna garaşylýar.

Germaniýanyň “Der Spiegel” žurnaly hem 24-nji ýanwarda german kansleriniň Ukraina "Leopard" tanklaryny ibermek kararyna gelendigini habar berdi.

“Der Spiegel” Germaniýanyň “Leopard 2A6s” tanklarynyň bolmanda bir kompaniýasyny Ukraina iberjekdigini aýtdy.

Bir kompaniýa adatça 14 tankdan ybarat bolýar diýip, habarda bellenýär.

Waşingtonda, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy hem ABŞ-da öndürilen “Abrams” tanklarynyň Ukraina iberiljekdigi barada 25-nji ýanwarda habar berjege meňzeýär diýip, habar serişdeleri ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp habar berdiler.

ABŞ-nyň bu meseleden habarly resmileriniň ikisi CNN telekanalyna administrasiýanyň Ukraina takmynan 30 sany “Abrams” tankyny ibermek planyna seredýändigini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, bu tanklaryň Ukraina näderejede çalt iberilip bilinjekdigi entek belli däl we olaryň söweş meýdanlaryna gelip ýetmegi üçin Birleşen Ştatlara birnäçe aýyň, hatda ýyllaryň hem gerek bolmagy mümkin diýip, metbugat habarlarynda bellenýär.

Pentagondan bu habara hiç bir reaksiýa bildirilmedi.

Russiýanyň gündogarda edýän hüjüminiň öňüni almak maksady bilen, Ukraina Germaniýa “Leopard” tanklarynyň iberilmegi üçin basyş edýär, ýöne Berliniň Kiýewiň bu talabyny ýerine ýetirmekde ýeke bolmak islemeýändigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, nemes resmileri özleriniň “Leopard 2” tanklary diňe bir ýagdaýda, Waşington hem özüniň “Abrams” tanklaryny iberen halatynda Ukraina bermäge razy boljakdyklaryny aýdyp, berk durupdyrlar.

Başda ýokary tehnologiýaly “Abrams” tanklarynyň Ukrainadaky söweşleriň häzirki sahnasy üçin o diýen dogry seçgi bolmandygy, ol tanklary ulanmak, çylşyrymly tehniki talaplaryny berjaý etmek we saklamak üçin uzak hem-de ýygjam tälim okuwlarynyň geçilmelidigi baradaky çekişmelerden soň, ABŞ resmileri öz pozisiýalaryny üýtgeden ýaly göründi.

"Eger-de germanlar biz “Leopardlary” diňe amerikalylar öz “Abrams” tanklaryny iberen ýagdaýynda iberjek ýa-da olaryň beýleki ýurtlar tarapyndan iberilmegine rugsat berjek diýmeklerini dowam etdirseler, biz “Abramslary” ibermeli” diýip, Baýdeniň ýarany, demokrat senator Kris Kuns (Chris Coons) 24-nji ýanwarda aýtdy.

Angliýa eýýäm özüniň “Challenger 2” tanklaryny Ukraina iberjekdigini aýtdy.

Beýleki ýaranlar, mysal üçin Skandinawiýadakylar “Leopard” tanklaryny Kiýewe ibermekde Germaniýa bilen bilelikde hereket etmekçi bolýar diýip, “Spiegel” ýazdy.

Norweg metbugatynyň 24-nji ýanwarda beren habaryna görä, Oslodaky hökümet häzir özüniň Germaniýada öndürilen “Leopard 2” tanklarynyň käbirini Ukraina iberip-ibermezlik meselesine seredýär.

Russiýa bilen serhetleşýän we NATO-nyň agzasy bolan Norwegiýa ýurduň 36 sany “Leopard 2” tankynyň dört sanysyny ýa-da sekiz sanysyny iberip biler diýip, "Dagens Naeringsliv" gazeti ýazdy.

Russiýa amerikan tanklarynyň Ukraina iberilmek ähtimallygy baradaky soňky habarlara gaharly reaksiýa bildirdi, Moskwanyň Waşingtondaky ilçisi Anatoliý Antonow bu hili göçümiň "ýene-de bir aç-açan prowokasiýa" boljakdygyny aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski özüniň 24-nji ýanwar gijesinde eden çykyşynda Günbatar ýurtlarynyň söweş tanklarynyň öz ýurduna iberilmegi baradaky gepleşikleriň "kararlar bilen tamamlanmalydygyny" aýtdy.

"Biziň terrorçylara garşy goranyşymyzy güýçlendirmek baradaky hakyky kararlar. Ýaranlarymyzda talap edilýän möçberindäki tanklar bar. Haçanda zerur we agramly kararlar kabul edilende, biz her bir möhüm karar üçin sagbolsun aýdýarys. Biz munuň üstünde şindi hem işleýäris" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 24-nji ýanwarda ýaranlygyň Ukraina söweş tanklaryny eltip bermek meselesine ýakyn wagtda çözgüt tapjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

"Biz Ukrainany urşuň häzirki iň aýgytly pursadynda has agyr we has kämil ulgamlar bilen üpjün etmeli we bu işi has çalt etmeli" diýip, Stoltenberg Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius bilen geçiren gepleşiklerden soň žurnalistlere aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 25-nji ýanwarda çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, söweş meýdanynda "köp ýitgi" çekýändigine garamazdan, rus goşunlary Donetsk we Luhansk sebitlerinde edýän hüjümlerini dowam etdirýärler, olaryň esasy ünsi Donetsk sebitiniň Bahmut we Awdiýiwka şäherlerine gönükdirilen. Bu ýerdäki aldym-berdimli söweşler indi birnäçe aý bäri dowam edýär.

Forum

XS
SM
MD
LG