"Mugt palaw paýlamak kömek etmedi". Daşkendiň häkimi wezipesinden boşadyldy
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 16-njy ýanwarda, Daşkent şäheriniň ýolbaşçysy (häkimi) Jahongir Artykhojaýewi wezipesinden boşatdy. Döwlet baştutany Artykhojaýewi "gyşa ýeterlik taýýarlyk görmedigi üçin" işden boşadandygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde, Özbegistanyň käbir internet neşirleri öňki häkimiň maşgalasy bilen bilelikde, Özbegistandan uçjak bolanda, Daşkendiň aeroportynda saklanandygyny habar berdiler.