Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çarwalaryň ganaty. Deňsiz-taýsyz çaar atynyň ýok bolmak howpunyň öňüni nädip almaly?


Biz ýagyş-garyň ýagmagyna, ot-çöpüň ösüşine, tomsuň güýze ýazyp gidişine, gyşy ýazyň çalyşýandygyna, haýwanat hem ösümlik dünýäsiniň ýaşaýşyna ýeterlik üns bermeýäris. Bularyň bary tebigy işjeňlik, biziň planetamyzyň möhüm ýaşamak ukyby, ene ýer – biziň tebigatymyz her bir ösümlige, janly-jandara, hatda göze görünmeýän organizmlere-de ýaşamaga ukyp beripdir.

Tebigat her bir jandaryň dünýäniň diňe belli bir ýerinde ýaşamagy hem ösmegi üçin, şert döredipdir. Olar şol ýerde önüp-ösýärler hem ekosistemanyň möhüm işjeňligini üpjün etmäge peýda berýärler hem şol ýeriň ýaşaýyş zynjyryň aýrylmaz bölegi bolup durýarlar.

Blogyň awtory Munarbek Kuldanbaýew çaar atlarynyň tohumyny köpeldiji we barlagçysy.
Blogyň awtory Munarbek Kuldanbaýew çaar atlarynyň tohumyny köpeldiji we barlagçysy.

Gynansak-da, adamyň dünýäniň tebigy ösüşine päsgel bermegi hem-de ony emeli usulda üýtgetjek bolmagy daşky gurşawa öwezini dolup bolmajak derejede zyýan edýär, epidemiýalar ýaly dürli tebigy betbagtçylyklaryň döremegi, sil joşgunlary, çölleşme, aşa sowuk ýa-da tersine, ýokary yssy howa emele gelýär hem netijede haýwanat dünýäsiniň käbir görnüşleriniň ýitmegine getirýär.

Men bu makalada ýerli haýwanlar, hususan-da tebigaty gorap saklamakda, çaar tohumly atynyň ekologiki bitewilikde eýeleýän wajyp orny barada köpräk maglumat bermek isleýärin. Ekosistemany gorap saklamakda, ol atlaryň öz hyzmaty bar hem tebigatyň deňeçer çalşyp durmak işine oňyn täsir ýetirýärler.

Alymlaryň aýtmagyna görä, diňe ot-iým bilen ýaşaýan atlar tebigatdaky biologiki dürlülik meselesinde, möhüm orun eýeleýär.

Öz ekosistemasynda aýratyn wezipeleri ýerine ýetirýän ençeme haýwanlar ýaly, atlar hem daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmekde we bioköpdürlüligi artdyrmaga ýardam berýärler. Aborigen atlar diňe ot iýmek bilen ýaşaýarlar. Atlar otlaýan ýerinde, ýeriň özgermegine kömek edip bilýär. Atlar öri meýdanlarynda otlamak bilen adamlaryň başarmaýan usuly arkaly ýeri gerekmejek ösüntgilerden arassalaýarlar.

Olar öri meýdanlarynda, diňe bir ýeriň tebigy ýagdaýda özgermegine däl, eýsem beýleki ýabany haýwanlara hem peýda getirýär. Mysal üçin, at ýabany ekiniň tohumyny bir ýerden başga ýere göçürip bilýär, onuň tezegi bolsa ýer üçin örän peýdaly dökün bolýar. Bularyň ählisinden möhümi, biziň ekosistemamyzyň biologik köpdürlülikde ýaşamagyny dowam etdirmegine we aýawly saklanmagynda atlaryň ähmiýeti uludyr.

Gynansak-da, adamyň häzirki zamanda atlaryň tebigy durmuşyna goşulyşmagy ol haýwanlarda ýabany şertlerde ýaşamak ukybyny azaltdy. Täze tohumlary döretmek we tertipsiz tohumlandyrmak atlaryň özbaşdak ýaşamak ukybyny peseltdi, olarda dürli görnüşli kesellere çydamlylygy azaltdy.

Biziň doktor G.Kotranyň görkezmesi boýunça Tehsasyň A&M uniwersitetiniň genetiki işgärleri tarapyndan geçiren bilelikdäki barlaglarymyz gyrgyz atlarynyň ganynyň garyşykdygyny, olaryň hakykat ýüzünde öz aýratynlyklaryny köp derejede ýitirendigini görkezdi.

Biz biomateriallar barlagy üçin, çem gelen 25 atdan gan aldyk, olar şertli ýagdaýda, Toktogul diýip atlandyryldy. Aşakda ýerleşdirilen diagrammada, Toktogul atlarynyň ganynda köp goşulmalaryň bardygyny görmek bolýar.

Bu diagrammada özboluşlylygyny saklaýan çaar atynyň ganynda ýakut, mongol tohumlarynyň we eksmur pony atynyň gadymy, aborigen atlary bilen baglanyşyklydygyny görüp bilýäris.

Beýleki tohumdaky atlar bilen tertip-düzgünsiz geçirilen gan gatyşdyrylmagyň netijesi ýerli atlaryň howa ýagdaýyna we daglyk ýerleriniň klimatik-geografiki şertlerine çydamlylygynyň peselmegine getiripdir. Netijede, medeni we taryhy miras agyr ýitgi çekýär.

Bir zady bellemek gerek, men başga tohumly atlaryň hiç birini kemsitmeýärin, her bir at tohumynyň öz mesgeninde, dogup-döräp öwrenişen howa we geografiki şertlerinde, özüni oňat duýup, gowy ýaşaýandygyna düşünmegimiz gerek.

Diňe bir barlagçy bolman, eýsem şol atlaryň tohumyny köpeldiji hökmünde, öz tejribäme daýanyp aýtsam, daglyk ýerlerde ýaşamaga uýgunlaşan çaar tohumly atlaryň özboluşly aýratynlygyny görýärin, biziň tebigy şertlerimizde, atlaryň beýleki tohumlaryna garanyňda, ol has çydamly. Şeýle-de, çaar tohumly atlaryň gyrgyzyň çarwa halky bilen baý hem umumy taryhy bar.

Häzirki wagtda diňe Gyrgyzystanda däl, eýsem çaar atlarynyň ýaýran beýleki goňşy ýurtlarynda-da olaryň gözegçilikden düşürilmegi hem başga tohumlar bilen çaknyşdyrylmagy dowam edýärkä, bu deňsiz-taýsyz (hut deňsiz-taýsyz – doktor G. Kotranyň belleýşi ýaly) tohumyň ýok bolmak howpy bar. Munuň özi diňe bir gyrgyzlaryň däl, eýsem çaar atlary bilen umumy taryhy bolan beýleki milletleriň hem biodürlüliginiň we taryhy-medeni mirasynyň ýitgidi bolar.

Taryhda adamyň oýlanyşyksyz hereketleri netijesinde, haýwanat dünýäsiniň bütin görnüşleriniň ýitip giden halaty köp, şeýdip ekosistema agyr zyýan ýetirýär.

Häzir biodürlüligiň görnüşleriniň biri hökmünde çaar atlaryny gorap saklamak we onuň köpelmegini artdyrmak barada alada etmäge, şeýle hem gyrgyzlaryň, gazaklaryň, mongollaryň we beýleki halklaryň umumy ulgama birigýän medeni we taryhy mirasyny gorap saklamaga wagt entek giç däl.

"Pikirler" mowzugy astynda berilýän makalalar Azatlygyň garaýşyny aňlatman biler.

Makala Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG