Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina 'giň gerimli' hüjüm edýär, Gündogardaky söweş 'petige diredi'


Bahmutyň golaýyndaky söweş
Bahmutyň golaýyndaky söweş

29-njy dekabr güni irden ruslaryň täze hüjüm tolkunyna başlap, tapgyrlaýyn zarba urandygy, birnäçe adamyň, şol sanda bir ýaş gyzyň ýaralanandygy, günbatardaky Lwow şäheriniň elektriksiz galandygy habar berildi, Ukrainanyň howa goragy ulgamlary birnäçe şähere, şol sanda paýtagt Kiýewe gönükdirilen raketalary urup gaçyrdy. Şu aralykda harbylar Donbasdaky söweşleriň dowam edýändigini, hiç tarapda görnetin ilerlemäniň ýokdugyny habar berdiler.

Howa hüjümini duýdurýan sirenalaryň sesleri tutuş ýurt boýunça eşidildi we prezidentiň geňeşçisi Oleksi Arestowiç Facebookda çap eden habarynda birnäçe raketa tolkunynyň gelýändigini aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko Russiýanyň raketa hüjümi netijesinde üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

"Häzirki wagtda Kiýewde üç ýaraly bar, olaryň biri 14 ýaşly gyzjagaz, olaryň ählisi keselhana ýerleşdirildi" diýip, ol Telegramda ýazdy.

Halas edijiler gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýärler.

Kliçko elektrik togunyň kesilmek ähtimallygy barada duýduryş berdi we ýaşaýjylary suw alyp goýmaga çagyrdy.

Täze hüjüm tolkunynda Kiýewden başga, Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkow we Gara deňiz porty Odesa hem nyşana alyndy.

Rus hüjümleriniň heniz seýregräk edilýän şäheri bolan Lwowyň köp bölegi toksuz galdy diýip, şäher häkimi Andriý Sadowiý aýtdy.

Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow şäherde bir topar partlamanyň bolandygyny aýtdy.

Odesa we Dnipropetrowsk sebitlerinde hem, elektrik infrastrukturasyna ýetirilip biljek zyýany azaltmak maksady bilen, elektrik togy kesildi.

"Duşman Ukraina strategiki uçarlardan we gämilerden, howa we deňiz güýçlerinden atylýan ganatly raketalaryny ulanyp, dürli tarapdan hüjüm edýär" diýip, Ukrainanyň howa goragy ulgamy sosial mediada aýtdy we bu hüjümi “giň gerimli” diýip häsiýetlendirdi.

Prezidentiň kömekçisi Mihaýlo Podolýak 120-den gowrak raketanyň atylandygyny aýtdy.

Öten agşam, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 29-njy dekabrda beren maglumatyna görä, ruslar kamikadze diýilýän pilotsyz uçarlary ulanyp, Harkow, Zaporižýa we Dnipropetrowsk sebitindäki infrastruktura nyşanalaryna hüjüm etdiler.

"Rus basybalyjylary ýene Eýranyň öndürýän "Şahid-136” dronlaryny ulanyp, Harkowyň energiýa infrastrukturasyna ýene bir gezek zarba urdy diýip, baş ştabyň irden beren hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda Dnipropetrowsk sebitinde bäş sany pilotsyz uçaryň urlup gaçyrylandygy aýdyldy.

Öten agşam Zaporižýanyň eteklerine atylan top oklary elektrik liniýalaryna we gaz geçirijisine, şeýle-de jaýlara zyýan ýetirdi.

Ukrain goşuny rus güýçleriniň gündogardaky front liniýalarynyň boýuna köp sanly raketa, top oklaryny ýagdyryp, şol bir wagtda-da Donetsk sebitiniň Bahmut we Awdiýiwka sebitlerinde öňi alnan hüjümlerini ilerletmäge, Luhansk sebitiniň Liman töwereklerindäki pozisiýalaryny durnuklaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň aňtaw gullugynyň başlygy Kyrylo Budanow BBC-ä beren interwiýusynda gündogardaky söweşleriň petige dirändigini, bu ýerde ne Ukrainanyň, ne-de Russiýanyň düýpli ilerleme gazanyp biljekdigini aýtdy.

"Bu ýagdaý petige diredi, ol ýerinden gozganmaýar” diýip, Budanow söhebtdeşlikde aýtdy.

Ruslar Bahmuty bombalamagy dowam etdirýärler, ýöne olar başga ýerlerde goranyşa geçýäne meňzeýär.

Sowuk howa möwsümiň başlanmagy Ukrainanyň 1000 kilometr gerimi bolan front liniýasynda alyp barýan guryýer işleriniň depginini haýallatdy.

"Biz olary ähli ugurdan, töwerekleýin ýeňip bilmeýärris. Muny olar hem başarmaýar” diýip, Budanow BBC-ä aýtdy. "Biz täze ýarag üpjünçiligine we has kämil ýaraglaryň gelip ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" diýip, ukrain resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Budanow Russiýanyň örän düýpli ýitgi çekendigini, emma ukrain güýçleriniň köp ugurda öňe müňzemegi üçin entek ýeterlik serişdesiniň ýokdugyny aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýanyň Ukrainadaky goşunlaryny we enjamlaryny güýçlendirjekdigini aýtdy. TASS habar gullugy onuň sözlerine salgylanyp, Moskwanyň mobilizlenen goşunlarynyň köpüsiniň heniz fronta gelip ýetişmändigini, emma olaryň "çynlakaý türgenleşik" geçendigini habar berdi.

"Biz ýakyn wagtda bu sebitlerde has netijeli işlemäge mümkinçilik berjek işler bilen meşgullanýarys" diýip, TASS Lawrowyň sözlerini sitirledi.

Şeýle-de ministr, Russiýanyň parahat ilaty goramak we esgerleriň janyny aýamak meselesini ileri tutup, Ukrainadaky ýagdaýyň mümkin boldugyça çalt çözülmegini isleýändigini aýtdy diýip, döwlet eýeçiligindäki habar gullugy ýazýar.

Forum

XS
SM
MD
LG