Russiýanyň Goranmak ministrligi 26-njy dekabr güni irden günorta-günbatardaky Saratow regionyndaky harby bazanyň üstünden barýan bir dronuň urlup düşürilmegi netijesinde, onuň galyndylarynyň aşagynda üç harby gullukçynyň heläk bolandygyny öňe sürdi.
“26-njy dekabrda, Moskwa wagty bilen 01:35-de Ukrainanyň pilotsyz howa serişdesi pes aralykda Saratow regionyndaky Engels howa bazasyna aralaşmagy netijesinde urlup düşürildi” diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi habar berdi.
“Dronuň galyndylarynyň gaçmagy netijesinde, Russiýanyň tehniki şahsy düzüminden üç gullukçy agyr ýaralanyp, heläk boldy” diýip, beýanatda bellenilýär.
Mundan öň, Russiýa ýurduň Howa we Älem güýçleri tarapyndan dolandyrylýan bu harby-howa bazasynda partlamalaryň bolandygyny habar beripdi. Bu şu aýyň dowamynda, Moskwanyň Kiýewiň amala aşyrandygyny aýdýan, gürrüňi gidýän harby baza edilen ikinji hüjüm boldy.
“Baza” Telegram kanalynyň maglumatyna görä, ýerli ýaşaýjylar howa hüjüminden goranyş signallarynyň ýaňlanandygyny we şäherde partlamalaryň sesleriniň eşidilendigini belläpdirler.
Russiýanyň sosial ulgamlarynda peýda bolan suratlarda bazadaky tutaşan ody görse bolýar. Şeýle-de gözegçilik kameralarynyň uly partlamanyň dörän pursadyny ýazga alan gysga wideosyny synlasa bolýar.
Saratow regionynyň häkimi Roman Busarginiň Telegram kanalynda ýerleşdiren maglumatyna görä, kanun goraýjy edaralar hadysa boýunça derňewe başlapdyrlar. Busargin raýat maksatly desgalara zeper ýetmändigini hem aýtdy.
5-nji dekabrda Russiýa Ukrainanyň söweş meýdanyndan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän bu baza edilen hüjümiň arkasynda Kiýewiň durandygyny aýtdy.
Bu baza Ukrainanyň gündogaryndaky Kiýew tarapyndan gözegçilik edilýän sebitlerden 700 km uzaklykda ýerleşýär.
Ukrain güýçleri 10 aý bäri Russiýanyň esassyz başladan urşunyň çäginde basybalyjylara garşy göreşýärler.
Saratowdaky harby bazada Tu-160 we Tu-95MS kysymly strategiki bombaçy uçarlar, şeýle-de Ukraina hüjüm etmek üçin ulanylýan beýleki howa serişdeleri ýerleşýär.
Satellit suratlarynda 5-nji dekabrdaky hüjümde Tu-95 kysymly uçara zeper ýetendigine meňzeýändigini görse bolýar. Şol günüň özünde, Moskwanyň günorta-gündogaryndaky Rýazan sebitindäki Diagilew harby-howa bazasyna hem dron bilen hüjüm edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum