Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Urşa 300 gün boldy, Zelenski öň hatarda esgerlere sylag gowşurdy


Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitine, rus goşunlaryna garşy söweşiň merkezi bolan Bahmut şäherine sapara bardy.
Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitine, rus goşunlaryna garşy söweşiň merkezi bolan Bahmut şäherine sapara bardy.

Rus goşunlary Liman sebitinde ýitiren pozisiýalaryny yzyna almaga çalyşmak bilen bir hatarda, Donetskdäki hüjümlerini esasan Bahmut we Awdiýiwka ugurlaryna gönükdirmeklerini dowam etdirdiler diýip, ukrain goşunynyň baş ştaby 20-nji dekabrda, Moskwanyň öz goňşusynyň üstüne esassyz ýerden goşun sürenine 300 gün bolanda aýtdy.

Şu aralykda prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitine, rus goşunlaryna garşy söweşiň merkezi bolan Bahmut şäherine sapara bardy diýip, prezident edarasy aýtdy.

Zelenski harbylar bilen duşuşdy we ukrain goşunlaryna mynasyp bolan sylaglaryny gowşurdy.

Russiýa Ukrainanyň ýakynda azat edilen Herson şäherine ýene-de agyr bomba hüjümini etdi diýip, sebit resmisi aýtdy.

24-nji fewralda başlanan çozuş, rus goşunlarynyň üç gezek düýpli yza çekilmäge mejbur edilmegi sebäpli, garaşylan netijäni bermedi. Häzir iň gazaply söweşler Donetskde, Bahmut-Awdiýwka tarapynda barýar.

Ukrain goşuny öz howa güýçleriniň Russiýanyň pozisiýalaryna 22 zarba urandygyny, ukrain howa goranyş ulgamlarynyň bolsa duşmanyň iki sany dikuçaryny urup ýykandygyny aýtdy.

Emma bu aýdylanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Ruslaryň merkezi Dnipropetrowsk sebitinde atan toplary Nikopol töwereginde ýykgynçylyga sebäp boldy diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Walentin Rezniçenko Telegramda habar berdi.

"Iki oba, Miriýewska we Pokrowska üç gezek agyr artilleriýa ody bilen nyşana alyndy. Parahat obalara azyndan 20 ok atyldy. Adamlar aman galdy" diýip, Rezniçenko aýtdy.

Ol onlarça hususy jaýa we täjirçilik binalaryna, gaz geçirijilerine we elektrik liniýalaryna zyýan ýetendigini hem sözüne goşdy.

Günortadaky Herson şäherinde ruslaryň atan top oklaryndan iki adam ölüp, üç adam ýaralandy diýip, sebitiň harby dolandyryş gullugynyň başlygy Ýaroslaw Ýanuşewiç 20-nji dekabrda habar berdi.

"Rus basybalyjylary Hersonyň çägine 42 gezek top atdy. Olar artilleriýadan, uçara garşy ýaraglardan, minomýotlardan, tanklardan ot açdylar, sebite raketa hüjümi hem edildi" diýip, Ýanuşewiç aýtdy.

Herson 11-nji noýabrda ukrain gözegçiligine geçirildi, emma şäherden gaçyp giden rus güýçleri şäheri Dnieper derýasynyň aňyrsyndan topa tutmaklaryny dowam etdirdi.

Soňky topa tutmalar ukrain häkimiýetleri ruslaryň Kiýewde we onuň töweregindäki etraplarda elektrik infrastrukturasyny we beýleki raýat desgalaryny nyşana alandygyny aýdanyndan bir gün soň boldy. Bu hüjümler pilotsyz uçarlar arkaly edildi.

Paýtagtyň töweregindäki Kiýew sebitiniň häkimi Oleskiý Kuleba bu hüjümler netijesinde infrastruktura we hususy jaýlara zyýan ýetendigini we iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

"Terrorçy ýurt asuda ilata garşy başlan urşuny dowam etdirýär" diýip, Kuleba Telegramda ýerleşdiren habarynda aýtdy. "Biz ähli zadyň hötdesinden geleris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Ukrenerhonyň” elektroenergetika operatory tok üpjünçiligi meselesiniň tutuş ýurt boýunça “kyn bolandygyny” we iň agyr ýagdaýyň Dnipropetrowsk sebitinde, gündogar we merkezi sebitlerde dörändigini, bu ýerleriň has uly zyýan çekendigini aýtdy.

Russiýa, ukrainleri ruhdan düşürmek synanyşygynyň bir bölegi hökmünde, Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny hatardan çykarmak üçin ganatly raketalary we Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlary ulanýar.

Ukrain resmileri zyýan ýeten infrastrukturany abatlamak üçin gyssagly çäreleri gördüler we Günbatardan generator we elektrik ulgamlary üçin zerur bolan enjam kömegini soradylar, şonuň bilen birlikde özlerine has kämil howa goranyş ulgamlarynyň hem iberilmegini haýyş etdiler.

Prezident Wolodymyr Zelenski bu haýyşy Latwiýada duşuşýan günbatar liderleriniň ýygnagyna, şol sanda iňlis premýer-ministri Rişi Sunaga eden wideo ýüzlenmesinde hem gaýtalady.

“Men biziň ýurdumyzy howa goranyş ulgamlary bilen üpjün etmek mümkinçiligini ýokarlandyrmagyňyzy we hyzmatdaşlarymyz tarapyndan kabul edilýän degişli kararlary tizleşdirmäge kömek etmegiňizi soraýaryn" diýip, Zelenski wideo söhbetdeşliginde aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 19-njy dekabrda Minskde Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka bilen duşuşdy. Bu duşuşyk Moskwanyň belarus güýçlerini demirgazykdan Ukraina hüjüm etmäge yrmak ähtimallygy baradaky çaklamalaryň arasynda boldy. Putiniň we Lukaşenkonyň duşuşykdan soň guralan metbugat ýygnagynda aýtmaklaryna görä, bu iki ýurt bilelikdäki harby türgenleşiklerini we beýleki ugurlardaky harby hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Mundan başga, Ukrainadaky urşuň nazarda tutulyşy ýaly barmaýandygyny boýun almagy kyn görýän Putin 19-njy dekabrda Ukrainanyň bölekleýin basylyp alnan dört sebitinde, Ukraina we günbatar tarapyndan galp diýlip yglan edilen bikanun referendumlardan soň Russiýa goşulan ýerlerde ýagdaýyň "gaty agyrdygyny" boýun aldy.

"Donetsk we Luhansk Halk respublikasyndaky, Herson we Zaporižýa sebitlerindqki ýagdaý gaty kyn" diýip, Putin 19-njy dekabr güni giçlik, Howpsuzlyk gulluklarynyň güni mynasybetli eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de Putin, Federal howpsuzlyk býurosyna (FSB) ýüzlenip, "täze howplaryň döremeginiň" öňüni almak üçin, rus raýatlaryna edilýän gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Forum

XS
SM
MD
LG