Russiýa Ukrainanyň dürli künjeklerine zarbalaryň nobatdaky tolkunyny ýagdyrdy. Bu aralykda, Kiýew Moskwanyň täze hüjüme geçip biljekdigini duýdurýar. Kreml bolsa Waşingtony Ukraina has köp ykjam ýarag ugratmazlyk barada duýdurýar.
16-njy dekabrda ukrain resmileri azyndan üç şäherde partlamalaryň bolandygyny aýtdylar. Olar Russiýanyň ýurduň energiýa desgalaryna we infrostrukturasyna garşy “möhüm raketa hüjümini” amala aşyrýandygyny bellediler.
Ukrainanyň territoriýasy boýunça hüjüm signallary ýaňlandy. Ýerli häkimiýetler paýtagt Kiýewde, günortadaky Dnipropetrowsk regionynyň Kriwiý Rih we demirgazyk-gündogardaky Harkiw sebitlerinde dagy partlamalaryň bolandygyny habar berdiler. Russiýa oktýabryň ortalaryndan bäri Ukraina dowamly zarbalary urýar.
Harkowyň häkimi Ihor Terekhowyň Telegram kanalynda beren maglumatyna görä, şäheriň möhüm ifrastrukturasyna degen üç raketadan soň, sebitde elektrik üpjünçiligi kesilipdir.
Tok bökdençlikleriniň gündogardaky Sumy regionynda hem ýüze çykandygy aýdylýar. Kiýewiň resmileri paýtagtda “howa hüjüminden goranyş ulgamynyň işleýändigini” belleýärler.
Russiýa soňky döwürden bäri energiýa desgalaryny nyşana almak taktikasyny ulanyp başlady. Moskwa soňky aýlarda söweş meýdanynda ençeme ýeňlişe duçar bolanyndan soň, täze taktikasy bilen barha sowaýan howa şertlerinde ukrainalylary toksuz we ýyladyş ulgamsyz goýmaga synanyşýar.
Mundan öň, ukrain harbylary Russiýanyň esasy ünsüni gündogardaky Bahmut we Awdiýiwka şäherlerine gönükdirýändigini, şeýle-de günortadaky Zaporižýa regionynda öz pozisiýalaryny berkitmäge synanyşýandygyny habar berdiler.
Bu aralykda, Moskwa Waşingtony Ukraina howa hüjüminden goranyş boýunça has ykjam ulgamlary ugratmazlyk barada duýduryş berdi. Olar “Patriot” ulgamlarynyň rus harbylary üçin “kanuny nyşan” boljakdygyny aýtdylar. Birleşen Ştatlar bu duýduryşy dessine ret etdi.
Mundan başga-da, ABŞ harbylary ukrain gullukçylary üçin Germaniýadaky türgenleşik mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny yglan etdi. Ýanwardan başlap her aý 500 esgere tälim berler. Aprelden bäri Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary 15 müň ukrainala tälim berdiler.
Şol bir wagtda, Ukrainanyň ýokary derejeli harby resmisi Russiýanyň öňümizdäki ýylyň başynda uly hüjüme geçip, paýtagt Kiýewi basyp almak üçin täze synanyşygy amal edip biljekdigini duýdurdy.
General Waleriý Zalužniýiň we general Oleksandr Syrskiýiň 15-nji dekabrda “The Economist” neşirinde çap bolan interwýusyna görä, rus güýçleri ýanwarda täze hüjüme geçip bilerler.
Ukrainanyň Baş harby ştabynyň esasy operatiw direktoratynyň başlygynyň orunbasary Oleksiý Hromow Russiýanyň Belarusdaky goşunynyň sanyny hem artdyrýandygyny belledi.
Hromow 15-nji dekabrda eden çykyşynda Russiýanyň Belarus tarapyndan çozmak ähtimallyklarynyň “pesdigini”, emma Moskwanyň Belarusa ýaraglary, şol sanda tanklary dagy ýollamagyny dowam etdirýändigini belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum