Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy (UNESCO) dekabryň başynda türkmen keşdeçilik sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi.
Türkmen gelin-gyzlarynyň keşdeçilik sungaty ÝUNESKO sanawyna Türkmenistan we Eýran tarapyndan hödürlenipdir.
Geçen ýylyň dekabarynda türkmenleriň dutarda saz çalmak we dutar senetçiligi hem bu sanawa girizilipdi.
Şeýle-de, ÝUNESKO sanawyna girizilen beýleki maddy däl medeni gymmatlyklaryň hatarynda Ependiniň şorta sözleri, fransuzlaryň baget çöregi, hytaýlaryň çaý demlemek usullary, araplaryň hurma, baýramçylyk we düýe bilen bagly birnäçe däpleri hem-de Germaniýanyň döwrebap tansynyň ýerine ýetirilişi ýaly gymmatlyklar bar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmenleriň milli el işiniň ÝUNESKO sanawyna girizilmegi we keşdeçiligiň milli medeniýetdäki orny barada söhbet açýar. Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy, synçy we türkmen medeniýetini öwreniji Hudaýberdi Hally gatnaşýar.
Forum