Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewe edilen rus dron hüjümleriniň köp bölegi yza serpikdirildi, gündogarda uruş gazaplanýar


Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri we polisiýa ofiserleri 14-nji dekabrda Kiýewde rus dron hüjümi bilen ýykylan binada dronyň böleklerini gözden geçirýär.
Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri we polisiýa ofiserleri 14-nji dekabrda Kiýewde rus dron hüjümi bilen ýykylan binada dronyň böleklerini gözden geçirýär.

Kiýew ýene bir gezek 14-nji dekabrda irden rus dron hüjümleri bilen nyşana alyndy, şeýle hüjümler soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ilkinji gezek amala aşyrylýar, ýöne howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary iri zyýanyň öňüni aldy diýip, şäher häkimiýetleri aýdýar. Gündogarda söweş gazaplanýar, Moskwanyň güýçleri front çyzygynyň ugrunda artilleriýa we raketa hüjümleri bilen basyşy dowam etdirýär.

Köp sanly hökümet agentlikleriniň we binalaryň ýerleşýän ýeri bolan merkezi Kiýewiň Şewçenko etrabynda eşidilen partlamalaryň yz ýany, “iki dolandyryş binasy zyýan çekdi” diýip, şäher häkimi Witaliý Kliçko Telegramda ýazdy.

Howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ihnat ukrain howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň täsirli bolandygyny aýtdy.

“Howa goranyş ulgamlary gowy iş bitirdi” diýip, ol aýtdy. “13 sany dron urlup ýykyldy” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Berekella, men buýsanýaryn” diýip, prezident Wolodymyr Zelenski gysga wideo ýüzlenmesinde aýtdy we howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň ähli dronlary urup ýykandygyny aýdyp, goranyş ulgamlaryny öwdi.

Kiýew sebitiniň häkimi Oleksiý Kuleba hem başga jikme-jiklik bermezden, dronlaryň aglabasynyň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Rus güýçleri Hersonyň merkezi meýdançasynda sebitiň harby administrasiýasynyň binasyna ot açdy diýip, harby administrasiýanyň başlygy Ýaroslaw Ýanuşewiç 14-nji dekabrda Telegram arkaly aýtdy.

“Ir sagat 11 töweregi raketa atyjylardan iberilen raketalar Hersonyň merkezini urdy. Toplar Herson OWA-nyň binasyna degdi – iki gat zyýan çekdi” diýip, ol ýazdy we, deslapky maglumatlara görä, adam ýitgisiniň ýokdugyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukraina Hersony geçen aý rus güýçlerinden yzyna gaýtaryp aldy.

Žytomyr we Luhansk sebitlerinden howa hüjümleri barada duýduryş berildi.

Žytomyr sebitiniň häkimi Wiatliý Buneçko “dron hüjümleriniň ikinji tolkunynyň mümkindigini” Telegramda ýazdy we adamlary penahanalarda galmaga çagyrdy.

Ukraina soňky hepdelerde ýurt boýunça güýçli rus howa hüjümlerine sezewar bolýar we hüjümler energetika infrastrukturalaryna uly zyýan ýetirýär, millionlarça adam toksuz, suwsuz we ýyladyşsyz galýar.

Ihnat 14-nji dekabrda atylan eýran dronlarynyň umumy sanynyň anyklanylýandygyny, ýöne Ukraina sentýabryň ortalarynda ilkinji eýran dronyny urup ýykaly bäri, Russiýanyň 400 töweregi drony ulanandygyny aýtdy.

Russiýanyň eýran dronlarynyň täze toparyny ulanyp-ulanmaýandygy, ýa-da onuň köne ätiýaç dronlarynyň gutaryp-gutarmandygy mälim däl diýip, Ihnat aýtdy.

Hüjümleriň soňky tolkuny ady aýdylmaýan üç ABŞ resmisiniň “Roýters” habar agentligine Waşingtonyň Ukrainany şu hepde gysga wagtda “Patriot” raketa goranyş ulgamlary bilen üpjün etmek baradaky meýilnamalaryny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu barada Pentagon ýa-da ukrain hökümeti dessine teswir bermedi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow “Patriot” ulgamlarynyň Russiýa üçin “hökman” legitim nyşana boljakdygyny, ýöne tassyklanmadyk habarlary teswirlemejekdigini aýtdy.

“Patriot” ABŞ-nyň iň ösen howa goranyş ulgamlarynyň biri hasaplanýar we dünýädäki ýaranlaryň bu ulgamlara uly isleg bildirmegi bilen, köplenç ýetmezçilik edýär.

Zelenski ýaňy-ýakynda, 12-nji dekabrda ýardam üçin Ukrainany has ösen ýaraglar bilen üpjün etmek babatda Günbatar liderlerine basyş etdi.

Öňki rus prezidenti Dmitriý Medwedow Kiýewi “Patriot” bilen üpjün etmezlik babatda NATO duýduryş berdi.

Söweş meýdany barada aýdylanda, ukrain goşuny soňky 24 sagadyň dowamynda üç sebitde – Donetsk, Luhansk we Harkow sebitlerinde – 14 pozisiýada rus güýçleriniň hüjümlerini yza serpikdirdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby 14-nji dekabrda irden aýtdy.

Donetesk sebitiniň Bahmut we Awdiýewka şäherlerinde agyr söweşler dowam etdi.

Basybalyjy rus güýçleri Donetsk sebitiniň gözegçiligi ugrunda alyp barýan agyr söweşleriniň çäginde soňky birnäçe aý bäri Bahmuty ele geçirmek üçin söweşýär.

Baş ştaba görä, rus goşunlary soňky 24 sagadyň dowamynda Harkow, Donetsk we Zaporižýa sebitlerinde “11 raketa hüjümini amala aşyrdy, olaryň üçüsi raýat infrastrukturasyna gönükdirildi, şeýle-de birnäçe raketa atyjylar arkaly 60-dan gowrak hüjüm amala aşyrdy”

Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Walentin Rezniçenko 14-nji dekabrda rus güýçleriniň tutuş gije Nikopol we Marganets şäherlerini topa tutandyklaryny aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Çmitriý Peskow Russiýanyň Roždestwo ýa-da Täze ýyl baýramçylyklary mynasybetli hüjümlere arakesme berip-bermejekdigi baradaky soraga beren jogabynda “Kreml öňümizdäki baýramçylyklaryň dowamynda Ukrainada uruşlary bes etmek barada Kiýewden hiç hili teklip kabul etmedi we Moskwa ot açyşlygy bes etmegi meýilleşdirmeýär” diýdi.

“Ýok, hiç kimden hiç hili teklip gelip gowuşmady we şuňa meňzeş tema gün tertibinde ýok” diýip, Peskow aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG