Russiýanyň Ukrainanyň gündogar sebitlerinde ençeme ugur boýunça hüjümlerini dowam etdirmegi bilen, ukrain harbylary aýgytly söweşleri alyp barýarlar. Bu aralykda, BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, fewralda Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagyndan bäri parahat ilatyň arasyndan 6 müň 755 adam heläk bolupdyr, 10 müň 600 töweregi hem şikeslenipdir.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 13-nji dekabrda beren maglumatyna görä, Russiýa ýurduň gündogar we merkezi regionlaryna, hususanda Lyman, Bahmut, Awdiýiwka we Zaporižýa sebitlerine zarbalary ýagdyrmagyny dowam etdirýär. Rus güýçleriniň saýgarmazdan hem harby pozisiýalara, hem-de raýat maksatly desgalara zarba urýandygy hem bellenilýär.
“Ukrain güýçleriniň hereketlerini togtatmak maksady bilen, duşman biziň esgerlerimiziň pozisiýalary bilen bir hatarda, front liniýasy boýunça raýat maksatly desgalary hem nyşana alýar. Şol bir wagtda, olar özleriniň goranyş liniýalaryny berkitmek üçin inženerçilik işlerini hem alyp barýarlar” diýip, Baş harby ştab habar berdi.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň dowamly hüjümleriniň netijesinde Bahmut şäheriniň doly ýer-ýegsan edilendigini, şeýle-de Awdiýiwka şäherine uly zyýanyň ýetirilendigini aýtdy.
Donetsk sebitinde dowam etdirilýän aldym-berdimli çaknyşyklaryň netijesinde ukrain we rus güýçleriniň gözegçiligindäki sebitler doly aýdyň däl.
Moskwa Donetsk ugry boýunça öňe ilerleýändigini öňe sürýär. Emma sebitiň separatistleriniň Moskwanyň dikme lideri, Denis Puşilin, rus güýçleriniň regionyň käbir ugurlary boýunça kynçylyklary başdan geçirýändiklerini boýun aldy. Puşilin Donetskiň ýarpysyndan gowrak sebitiniň ruslaryň gözegçiligindedigini öňe sürdi.
“Donetsk Halk respublikasynyň territoriýasynyň 50%-den gowragy azat edildi” diýip, Puşilin Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RIA habarlar gullugyna aýtdy.
Bu öňe sürmeleri garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.
Russiýanyň rehimsizlik bilen zarbalary ýagdyrmagy netijesinde, onuň ok-däri gorlary kemeldi. Bu sebäpli Moskwa uly ýalňyşlyk ähtimallygy bolan onlarça ýyllyk raketalary ulanyp başlady. Bu barada Reuters gullugy, ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisine salgylanyp, 12-nji dekabrda habar berdi.
“Olar Russiýanyň möhleti geçip barýan ok-däri ammarlaryndaky serişdeleri ulanyp başladylar. Bu olaryň könelişen harby serişdeleri ulanjakdygyny görkezýär. Olaryň käbiri mundan 40 ýyl ozal öndürilipdi” diýip, anonimlik şertinde maglumat beren resmi aýtdy.
Ol bu ýaraglaryň ygtybarlylyk derejesiniň juda pesdigini hem sözüne goşdy.
Birleşen Ştatlar Russiýany, özüniň ýarag gorlarynyň kemelmegi netijesinde, täze ok-däriler üçin Eýrana we Demirgazyk Koreýa ýüz tutmakda aýyplaýar.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Baş komissarynyň edarasynyň (OHCHR) 12-nji dekabrda beren maglumatyna görä, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina esassyz çozmagyndan bäri parahat ilatyň arasyndan azyndan 6 müň 755 adam heläk bolupdyr, 10 müň 607-si hem ýaralanypdyr.
12-nji dekabrda dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri Ukraina üçin has köp harby hemaýaty wada berdiler. Mundan öň, Zelenski G7 toparynyň agzalaryndan döwrebap tanklary, artilleriýa toplumlaryny we uzak aralyga niýetlenen ýaraglary sorady. G7 “Ukrainanyň gyssagly haýyşyny kanagatlandyrmagy” söz berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum