Ukrainanyň gündogar sebitlerinde agyr çaknyşyklar dowam edýär. Bu aralykda, rus güýçleri Donetsk we Luhansk sebitlerinde raýat maksatly we energiýa desgalaryny nyşana alyp, Kostýantynýiwka şäherine iki raketa atdy.
Mundan başga-da, rus güýçleri günortadaky ýakynda azat edilen Herson şäherine onlarça raketa ýagdyrdy. Bu barada 12-nji dekabrda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby mälim etdi.
Onuň maglumatyna görä, rus güýçleri “ilatly nokatlarda harby serişdelerini ýerleşdirip we ok atmak üçin öz pozisiýalaryny ornaşdyryp, parahat adamlary galkan hökmünde ulanmagyny dowam etdirýärler”.
Russiýanyň Ukrainanyň infrastrukturasyna garşy amal edýän rehimsiz zarbalarynyň netijesinde, barha sowaýan howa şertlerinde, millionlarça adam ýyladyş ulgamsyz tümlükde ýaşamaly bolýar.
Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 11-nji dekabrda özüniň ukrainaly kärdeşi Wolodymyr Zelenski bilen gepleşip, Waşingtonyň Kiýewe bolan berk goldawyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Ak Tamyň maglumatyna görä, Baýden Zelenski bilen telefon söhbetdeşliginde “Russiýanyň Ukrainanyň möhüm infrastrukturasyna garşy dowam etdirýän hüjümleriniň arasynda Birleşen Ştatlaryň dowamly hemaýatyny nygtady”.
Beýanatda Baýdeniň “Birleşen Ştatlaryň Ukraina üçin howpsuzlyk, ykdysady, ynsanperwer hemaýatyny dowam etdirjekdigini, şeýle-de Russiýany onuň uruş jenaýatlary we elhençlikleri üçin jogapkärçilige çekjekdigini ýene bir gezek ynandyrdy” diýilýär.
Golaýda ABŞ Ukrainanyň energiýa infrastrukturasy üçin $53 million bölüp berdi, şeýle-de $275 millionlyk nobatdaky harby hemaýat bukjasyny yglan etdi.
Zelenski özüniň Twitter hasabynda Baýdene nobatdaky howpsuzlyk bukjasy üçin minnetdarlygyny bildirdi, şeýle-de gepleşikleriň dowamynda “goranmak hyzmatdaşlygynyň we ýurduň energiýa pudagynyň işini dowam etdirmegiň maslahat edilendigini” aýtdy.
Ukrainanyň köp sebitinde, esasan hem Odesada adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary rus hüjümleriniň netijesinde sandan çykan elektrik üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda tagalla edýärler. Bu barada Zelenski 11-nji dekabrda giçlik eden ýüzlenmesinde belledi.
Rus zarbalary sebäpli Odesa regionynda 1,5 milliona golaý adamyň elektrik togy kesildi.
11-nji dekabrda zarbalaryň nobatdaky tolkunyndan soň, Odesanyň Gara deňizdäki porty işlemedi. Bu barada Oba hojalyk ministri Mykola Solskiý mälim etdi. Şol bir wagtda, ol galla eksportunyň togtadylmagyna garaşylmaýandygyny hem sözüne goşdy.
Bu aralykda, ukrain güýçleri Russiýanyň okkupirlän Melitopol şäherine hüjüme geçdiler. Garaňky asmany ýagtyldan onlarça partlamanyň netijesinde rus güýçleriniň hataryndan anyk näçe gullukçynyň heläk bolandygy aýdyň däl.
Günortada ýerleşýän strategiki taýdan möhüm Melitopol şäherinde 150 müňe golaý adam ýaşaýar. Ýerli ilat 10-njy dekabrda şäheriň gündogar sebitlerinde uly partlamalaryň bolandygyny aýtdylar.
Ukrain harbylary anyk jikme-jikleri aýan etmän, artilleriýa we raketalar bilen rus birikmelerine hüjüm edilendigini bellediler.
Forum