Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri Donetskde rus hüjümlerini yza tesdirdi, Zelenski ‘täze zarbalar’ barada duýdurýar


Ukraina Russiýanyň raýat desgalaryna zarba urýandygyny aýdýar.
Ukraina Russiýanyň raýat desgalaryna zarba urýandygyny aýdýar.

Ukrain güýçleri ýurduň gündogaryndaky Donetsk sebitinde Russiýanyň hüjümlerini yza tesdirmek ugrunda söweş hereketlerini alyp barýarlar. Bu barada 28-nji noýabrda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby mälim etdi.

Bu aralykda, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň ýurduň elektrik desgalaryna garşy “täze hüjümleri planlaşdyrýandygyny” aýtdy, şeýle-de ýaşaýjylary sowuk howa şertleriniň arasynda elektrik üpjünçiligindäki bökdençliklere taýýar bolmaga çagyrdy.

“Biz terroristleriň täze hüjümleri planlaşdyrýandygyna düşünýäris. Biz muny anyk bilýäris” diýip, Zelenski gijeki eden ýüzlenmesinde nygtady. “Olaryň raketalary boldugyça, olar, gynansakda, köşeşmezler” diýip, ol sözüne goşdy.

Kiýewiň ýaşaýjylary Russiýanyň howa zarbalary sebäpli sandan çykan elektrik we ýyladyş ulgamlarynda dörän bökdençlikler sebäpli, barha sowaýan howa şertlerinde agyr ýagdaýda bolmagynda galýarlar.

Şäher resmileri Russiýanyň zarbalary sebäpli sandan çykan elektrik, suw we ýyladyş üpjünçiligini ýaňadandan ýola goýmak işleriniň tas doly diýen tamamlanandygyny aýtdylar. Emma ýokary talabyň netijesinde bökdençlikleriň bolup biljekdi sebäpli, käbir çäklendirmeleriň girizilip bilinjekdigi hem duýduryldy.

27-nji noýabrda Zelenski Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçkony agyr şertlerdäki ýaşaýjylara hemaýat bermek ugrunda ýeterlik tagalla etmezlikde tankytlady. Kliçko bu tankytlary ret edip, munuň Russiýanyň dowam etdirýän hüjümleriniň arasynda ýerliksiz bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň günortasynda, esasan hem ýakynda rus basybalyjylaryndan azat edilen Herson şäherinde elektrik togy entegem ýok. Resmiler üpjünçiligi gaýtadan ýola goýmak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýärler.

Häkimiýetler ilatyň diňe 5%-iniň elektrik liniýalaryna birikdirilendigini aýtdylar.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 28-nji noýabrda çap eden gündelik brifinginde rus artilleriýasynyň her gün Hersony nyşana alýandygy bellenilýär.

Ukrain resmileri rus güýçleriniň ýurduň dürli künjeklerinde raýat maksatly desgalary nyşana almagyny dowam etdirýändiklerini aýdýarlar. Donetskde onlarça desga, şol sanda Bahmut we Awdiýiwka ugurlary boýunça, şeýle-de Dnipropetrowskiniň ençeme sebitlerine zarba uruldy.

Baş harby ştab rus güýçlerini raýat desgalaryny weýran etmekde, munuň jogapkärçiligini hem Kiýewiň harbylarynyň üstüne ýüklemek synanyşygynda aýyplady.

Ukrain harbylarynyň Donetsk sebitinde Russiýanyň 10-a golaý hüjümini yza tesdirendikleri aýdylýar. Bu maglumaty garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak mümkin däl.

Forum

XS
SM
MD
LG