Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çozuşyň dokuzynjy aýynda Zelenski Russiýa ‘bizi döwmez’ diýýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň giň gerimli çozuşyna dokuz aý dolan güni, 24-nji noýabrda eden gijeki ýüzlenmesinde duşman ‘bizi döwmegiň ugruny tapyp bilmedi, we tapmazam” diýdi we ukrain goşunynyň ähli ugurlar boýunça ‘möhüm liniýalary’ elinde saklaýandygyny sözüne goşdy.

Ol käbir ady aýdylmaýan sebitlerde ukrain öňe gidişliginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýowuz dokuz aýlyk, 23-nji noýabrda yzly-yzyna amala aşyrylan gazaply rus raketa hüjümleriniň tutuş ýurt boýunça elektrik üpjünçiligini kesmegi netijesinde, Ukrainanyň heniz hem ygtybarly suw üpjünçiligi ýola goýulmazdan, garaňkyda galýan wagtyna gabat geldi.

“Biz bilelikde dokuz aý bäri giň gerimli urşa çydadyk we Russiýa bizi döwmegiň ýoluny tapyp bilmedi, ol muny tapmazam” diýip, Zelenski aýtdy.

Ol basybalyjy güýçleriň şu aý terk eden Herson şäherini rus güýçleriniň agyr bombalaýandyklaryny aýtdy. Bu şäher giň gerimli çozuşda olaryň ele geçiren ýeke-täk sebit merkezi bolup durýar.

Zelenski şäherden “her sagatda diýen ýaly” rus howa hüjümleri barada habarlaryň gowuşýandygyny aýtdy. Ýerli resmilere görä, 24-nji noýabrda ol ýerde ýedi adam öldürildi, 21 adam ýaralandy.

“Rus goşunynyň Herson sebitinden gaçmaga mejbur edilmeginiň edil yz ýany, şeýle terror başlady. Bu utulanlaryň ar alşydyr” diýip, Zelenski aýtdy.

“Olar nähili uruşmalydygyny bilmeýärler. Olaryň indi bar edip bilýän zady – terror etmek. Ýa energetika terrory, ýa artilleriýa, ýa-da raketa terrory – ynha şu häzirki liderleriniň astynda Russiýanyň düşen derejesi” diýip, ol aýtdy.

Zelenski “ukrain goşunlary ähli ugurlar boýunça möhüm sepgitleri öz elinde saklaýar...we biziň öňe gitmäge taýýarlyk görýän ugurlarymyz bar” diýdi.

Ol rus tarapynyň belli-belli sebitlere goşmaça goşun iberýän ýaly bolup görünýändigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy agyr söweşleriň barýan ýerlerinde iki tarapyň hem söweş meýdany boýunça aýdýanlaryny we ýitgi habarlaryny tassyklap bilmeýär.

Ukrain goşunynyň Baş ştaby Herson regionynyň basylyp alnan Skadowski sebitinde ruslaryň “garşylyklaýyn sabotaž we gözegçilik çärelerini güýçlendirendiklerini” aýtdy.

Şeýle-de, ol rus goşunlarynyň Herson, Krywiý Rih we Kryworizka sebitlerindäki ösen bölümçeleriniň berkitme enjamlaryny we logistiki goldawyny güýçlendirýändiklerini aýtdy.

Baş ştab esasy tagallalaryň we hüjümleriň Bahmut we Awdiýewka sebitlerine gönükdirilýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Halkara atom energiýasy agentligi rus hüjümlerinden soň, ukrain ýadro desgalaryny barlamaga taýýardygyny aýdýar.

Ukrainanyň energetika infrastrukturasyny nyşana alýan rus hüjümleriniň arasynda heläkçilikler babatda aladalar ýokarlanýan mahaly, “Ukrainanyň atom elektrik desgalary halkara barlagçylar tarapyndan barlanar” diýip, Halkara atom energiýasy agentligi aýtdy.

Agentligiň direktory Rafael Grossi gullugyň işgärleriniň Hmelnytskiýdäki we Riwnedäki desgalara, şeýle-de terk edilen Çernobyl desgasyna baryp görjekdiklerini aýtdy.

Bu aralykda, NATO-nyň baş sekretary dron goragy üçin ýaranlygyň Ukrainany päsgel berijiler bilen üpjün edendigini aýtdy.

“NATO Ukrainany rus dron hüjümlerinden goranmak üçin päsgel berijiler bilen üpjün etdi” diýip, ýaranlygyň baş sekretary Ýens Stoltenberg 25-nji noýabrda Brýusselde aýtdy.

“Ýaranlar görlüp-eşidilmedik harby ýardamlar bilen üpjün edýärler” diýip, Stoltenberg aýtdy we ýangyç, lukmançylyk enjamlary, ýel enjamlary we dron päsgel berijileriniň iberilmegini belläp geçdi.

Päsgel berijiler Ukrainanyň özüni ýurdy nyşana alýan dronlardan goramagyna ýardam bermäge niýetlenendir.

Dron goragy NATO-nyň rus agressiýasyndan goranmak üçin üpjün eden has giň howa goranyş ulgamlarynyň biri bölegidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG