Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Polşadaky raketa partlamasyna Ukrainanyň howa goragy güýçleriniň jogapkärdigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden G7 we NATO hyzmatdaşlaryna Polşanyň gündogaryndaky raketa partlamasyna Ukrainanyň howa goragy raketasynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Iki adamyň ölümine sebäp bolan partlama Ukrainadaky konfliktiň goňşy ýurtlara hem ýaýrap biljekdigi baradaky global aladanyň döremegine sebäp boldy.

Baýden mundsan öň gelip düşen snarýadyň traektoriýasy baradaky maglumatlara salgylanyp, NATO-nyň agzasy bolan Polşa düşen raketanyň Russiýadan atylana “meňzemeýändigini” aýtdy.

Baýden G20 sammitiniň çäginde, Indoneziýanyň Bali şäherinde günbatar ýaranlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren gyssagly gepleşiklerinden soň çykyş edip, Polşanyň “Russiýada öndürilen” diýen raketasy babatynda geçirjek derňewine goldaw berjekdigini aýtdy.

Polýak metbugaty ýurduň gündogarynda, Ukraina bilen serhetden alty kilometr uzaklykda ýerleşýän Przewodow obasynda bolan partlamada iki adamyň ölendigini habar berdi.

Russiýa öz raketalarynyň Polşanyň çägine baryp urandygyny inkär etdi we bu habarlaryň "bilkastdan ýaýradylan “prowokasiýa” bolandygyny, olaryň ýagdaýy has ýitileşdirmek maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy.

NATO-nyň wekilleri bu wakany ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýaran ýurt Polşanyň haýyşy boýunça, 16-njy noýabrda gyssagly ýygnak geçirer.

Duşuşyk ýaranlygyň 4-nji maddasy esasynda geçiriler. Bu madda laýyklykda, NATO-nyň islendik agzasy özüni "territorial bitewiligi, syýasy garaşsyzlygy ýa-da howpsuzlygy" babatynda töwekgellik astynda duýsa, öz aladasy bilen bagly islendik meseläni gozgap biler.

Baýden bu hadysa bilen baglanyşykly derňewleriň heniz dowam edýändigini nygtady, ýöne dünýä liderleriniň Polşanyň bu bolan wakanyň töweregindäki ýagdaýy kesgitlemek ugrundaky tagallalaryny goldamakda “doly bir pikirde” durýandygyny hem sözüne goşdy.

Baýden žurnalistlere "Bu ýerdäki deslapky maglumatlarda raketanyň Russiýa tarapyndan atylandygy aýdylýar” diýdi.

“Bu traektoriýanyň liniýalarynyň çäginde ol Russiýadan atylana çalym etmeýär, ýöne biz göreris” diýip, amerikan prezidenti özleriniň hakykatda bu ýerde näme bolandygyny anyklap biljekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bu hadysanyň "rus ýaraglary bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" aýtdy.

"Ukraina-Polşa döwlet serhediniň golaýyndaky nyşanalara rus ýaraglary bilen zarba urulmady. Polşanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Przewodow şäherçesinde, wakanyň bolan ýerinden tapylan diýlip görkezilen galyndylaryň rus ýaraglary bilen hiç hili baglanyşygy ýok" diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow biraz soň özünde Polşadaky partlama barada hiç bir maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.

ABŞ-nyň üç resmisiniň beren deslapky bahalaryna laýyklykda, 15-nji noýabrda Ukrainanyň elektrik infrastrukturasyna garşy urlan tapgyrlaýyn zarbalaryň arasynda, bu raketanyň ukrain güýçleri tarapyndan rus raketasyna tarap atylandygy öňe sürüldi. Resmiler anonimlik şertinde gürleşdiler, sebäbi olaryň bu mesele barada açyk pikir alyşmak ygtyýarnamasy ýok.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus raketalarynyň Polşa baryp düşmegini "konfliktiň düýpli möwjemegi" hökmünde häsiýetlendirdi. Emma ol bu hadysa Russiýanyň mümkin bolan gatnaşygy barada hiç bir subutnama görkezmedi.

Polşanyň prezidenti Andrzej Duda biraz öň žurnalistlere munuň "Russiýada öndürilen raketa bolmagynyň ähtimaldygyny” aýtdy, ýöne ol raketany kimiň atandygy barada takyk subutnama ýok we bu häzirlikçe ýeke gezek bolan hadysa bolup durýar.

Baýden Duda bilen telefonda gürleşdi we "ABŞ-nyň Polşanyň geçirýän derňewine doly goldaw we kömek" berjekdigini aýtdy diýip, Ak tam habar berdi.

Angliýanyň premýer-ministri Rişi Sunak, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, NATO agza ýurtlaryň ähli liderleri Polşa raýdaşlyk bildirdiler.

Polşa NATO-nyň esaslandyryjy şertnamasynyň 5-nji maddasynda göz öňünde tutulan köpçülikleýin goranyş borjy esasynda goralýar, ýöne ýaranlygyň reaksiýasyna bu hadysanyň tötänleýin ýa-da bilkastdan bolan bolmagynyň düýpli täsir ýetirmegi mümkin.

Russiýanyň Polşadaky ilçisi "gyssagly jikme-jik düşündiriş" üçin çagyryldy we, milli howpsuzlyk geňeşiniň geçiren gyssagly ýygnagyndan soň, harby güýçler ýokary taýýarlyk ýagdaýyna getirildi diýip, polýak häkimiýetleri aýtdy.

Bu waka Russiýanyň urşuň başyndan bäri Ukrainanyň dürli künjeklerine yzygiderli zarba urup, ýurduň energiýa infrastrukturasyny weýran etmäge gönükdirilen iň agyr raketa hüjümleriniň birini amala aşyran wagtynda ýüze çykdy.

Ukrain resmileri bu hüjümlerde 90-dan gowrak raketanyň atylandygyny aýtdylar.

Baýden 16-njy noýabrda bu hüjümleri "wagşy" diýip atlandyrdy we Zelenski olary G20 sammitiniň "ýüzüne urlan şarpyk" hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu sammitde Ukrainadaky uruş meselesi agdyklyk etdi, agza ýurtlar Russiýanyň öz goňşusyna garşy başlan sebäpsiz urşy babatynda umumy bir pikire gelmäge çalyşdylar.

Ýolbaşçylar 16-njy noýabrda çap edilen bilelikdäki beýannamada urşuň netijelerini ýazgarmak meselesinde bir pikire geldiler, ýöne onuň günäkärini kesgitlemek meselesinde iki bölek bolup galdylar.

Forum

XS
SM
MD
LG