Prezident Wolodymyr Zelenski Herson şäherine baryp, şäherdäki ukrain esgerlerine ýüzlenip eden çykyşynda: "Biz öňe süýşýäris" diýdi. Ol Russiýa garşy söweşde goldaw berýän NATO bileleşigine hem-de beýleki ýaranlara minnetdarlyk bildirdi we "Biz parahatçylyga taýyn, tutuş ýurt üçin parahatçylyga taýýar” diýdi.
Rus goşunlary çykyp gideninden soň Hersonda uruş jenaýatlarynyň täze subutnamalarynyň üsti açyldy diýip, Zelenski 13-nji noýabrda aýtdy.
Prezident bu sapary ýurduň gündogaryndaky we günortasyndaky gazaply söweşleriň dowam edýän wagtynda, rus goşunlary Ukrainanyň günorta şäherinden çekilenden birnäçe gün soň etdi.
Seresaplylygy elden bermeýän resmiler, minalaryň we gümürtik duzaklaryň asuda adamlary öldürmek we maýyp etmek ähtimallygy sebäpli, azat edilen sebitde komendant sagadynyň saklanyp galýandygyny aýtdylar.
Zelenski ukrain derňewçileriniň rus basybalyjylygyndan azat edilen ýerlerde uruş jenaýatynyň ýüzlerçe subutnamasynyň üstüni açandygyny aýtdy.
"Derňewçiler eýýäm 400-den gowrak rus uruş jenaýatyny dokumentleşdirdiler" diýip, Zelenski 13-nji noýabrda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy. “Asuda adamlaryň we harby gullukçylaryň jesetleri tapyldy.”
"Rus goşuny öz yzynda edil ýurduň beýleki sebitlerine giren wagtynda eden wagşylyklary ýaly zalymlyklaryň yzyny galdyrdy” diýip, ol aýtdy.
Bu aýyplamalary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady. Russiýa öz goşunlarynyň parahat ilaty bilkastdan nyşana alýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.
Zelenski sebitdäki 226 şäherçede "durnuklaşdyrmagyň we kanunçylygyň dikeldilmeginiň" ýola goýlandygyny aýtsa, Goranmak ministrligi soňky bir hepdäniň dowamynda Dnieper derýasynyň boýunda 179 şäherçäni we 4500 inedördül kilometr ýeri azat edendigini we yzyna alandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby gündogar frontda, Donetsk we Luhansk sebitlerindäki gazaply söweşleriň dowam edýändigini habar berdi.
Zelenski gündogar Ukrainanyň Donetsk sebitindäki aldym-berdimli söweşleriň dowam edendigini we olaryň, "edil mundan öňki günlerde bolşy ýaly çekeleşikli" bolandygyny aýtdy.
Soňky 24 sagadyň dowamynda Sumy, Harkow, Zaporižýa, Luhansk we Donetsk nyşanalaryna raketa we artilleriýa zarbalary uruldy diýip, Zelenski aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň günorta serkerdeligi 14-nji noýabrda rus güýçleriniň Dniepriň sag kenarynda, hatda Herson şäheri azat edileninden soň hem, basybalyjylardan azat edilen ilatly ýerlerdäki ukrain goşunlaryna ot açmagy dowam etdirýändiklerini aýtdy.
Zelenski Hersonyň azat edilen gününi “taryhy gün” diýip atlandyrdy.
Herson sebitiniň häkimi Ýaroslaw Ýanuşewiç häkimiýetleriň ir sagat 5-den agşam sagat 8-e çenli komendant sagadyny saklamak kararyna gelendigini, howpsuzlyk çäresi hökmünde, adamlaryň şäherden çykmagynyň ýa-da oňa girmeginiň gadagandygyny aýtdy.
"Duşman möhüm infrastruktura desgalarynyň ählisini minalady" diýip, Ýanuşewiç ukrain telewideniýesine aýtdy. "Biz birnäçe günüň içinde duşuşmaga we (soň) şäheri açmaga synanyşýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýanuşewiç onlaýn habarynda adamlary Hersonyň Azatlyk meýdançasyna gelen ynsanperwer kömeginden habarly etdi we, minalary zyýansyzlandyrmak çäreleriniň dowam edýändigi üçin, adamlary şäher merkezinden daşrakda durmaga çagyrdy.
Şeýle-de Zelenski Hersonyň ýaşaýjylaryna rus minalaryndan äge bolmalydygyny duýdurdy: "Men sizden Herson sebitindäki ýagdaýyň juda howply bolmagynda galýandygyny ýatdan çykarmazlygy haýyş edýärin" diýip, prezident aýtdy.
Rus resmileriniň öz güýçleriniň Herson sebitini we Ukrainany ikä bölýän Dnieperiň üsti bilen yza çekilýändigi baradaky habary ukrain güýçleriniň soňky birnäçe aýyň içinde ýurduň günortasynda alyp baran garşylykly hüjümleriniň örän üstünlikli bolandygyny aňladýar.
Ak tam 12-nji noýabrda Russiýanyň Hersondan çekilmegini Ukraina üçin "adatdan daşary ýeňiş" hökmünde häsiýetlendirip, oňa ýokary baha berdi.
Forum