Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri Hersona aralaşýar, Russiýa yza çekilýär


Ukraina esgeleri Hersonda rus güýçlerine garşy artilleriýa toplaryny atýarlar. 9-njy noýabr, 2022 ý.
Ukraina esgeleri Hersonda rus güýçlerine garşy artilleriýa toplaryny atýarlar. 9-njy noýabr, 2022 ý.

Ukrainanyň güýçleri Herson şäheriniň ugry boýunça ilerlemegini dowam etdirýärler diýip, 11-nji noýabrda Ýaragly güýçleriň Baş harby ştaby mälim etdi. Bu aralykda ruslar, Moskwanyň Dnepr derýasynyň günbatar kenaryndan yza çekilmek baradaky buýrugyndan soň, Ukrainanyň günorta regionuny terk etmegini dowam etdirýärler.

Günortadaky Mykolaýiw şäherine öten agşam atylan rus raketalarynyň netijesinde parahat ilatyň arasyndan azyndan iki adam öldi diýip, ýerli resmiler 11-nji noýabrda irden habar berdiler.

Russiýa 10-njy noýabrda bu strategiki taýdan möhüm şäherden goşunyny yza çekýändigini yglan etdi. Baş ştab rus güýçleriniň Dnepr derýasynyň günbatar kenarynda öz pozisiýalaryny berkidip bilmegi üçin, munuň haýal depginde amal edilýändigini aýtdy.

Herson Russiýanyň basyp alan Krym ýarymadasyna barýan ýeke-täk gury ýer ýoluna, şeýle-de Ukrainany ikä bölýän Dnepr derýasynyň boýuna gözegçilik edýär.

Baş ştabyň maglumatyna görä, rus güýçleri gözegçiliginde saklaýan sebitleriň ýaşaýjylaryny zor bilen ewakuasiýa edýärler, şeýle-de öýleri talaýarlar we möhüm infrastruktura desgalaryny weýran edýärler.

“Rus basybalyjylary yza çekilýän sebitlerindäki binalary talamagyny dowam etdirýärler. Duşman Herson regionyndaky elektrik liniýalaryna, transport we beýleki möhüm infrastruktura desgalaryna elinden gelen zyýany ýetirmäge synanyşýar” diýip, ukrain harbylary bellediler, şeýle-de Russiýanyň ýerleşdiren minalarynyň entegem parahat ýaşaýjylary şikesleýändigini aýtdylar.

“Zelenwika obasynda duşman ýaşaýjylaryň daş-töwerege hereket etmegine gadagançylyk girizýär, şeýle-de sebitiň gorag liniýalaryny berkidýär. Týahinkada we Kozatskiýde basybalyjylar ýollara we infrastruktura desgalaryna minalary ýerleşdirdiler. Olaryň ýarylyp, parahat ilaty şikesleýän ýagdaýlary hem bolýar” diýip, harbylar maglumat berdiler.

Prezident Wolodymyr Zelenski ukrain güýçleriniň ýurduň günortasynda 41 sany ilatly nokady azat edendiklerini aýtdy. Şol bir wagtda, ol “gazaply göreşi” we “azatlyk ugrunda gurban bolan janlary” nygtap geçdi.

Ukrain harbylary ýurduň gündogaryndaky Donetsk regionunyň Bahmut we Soledar sebitlerinde, şeýle-de golaýdaky Luhanskda gazaply söweşleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar. Olar Russiýanyň Harkiw, Luhansk, Donetsk, Dnipropetrowsk, Zaporižýa we Mykaloýiw sebitlerindäki 20 sany ilatly nokada raketalary atýandygyny hem mälim etdiler.

Zelenski 10-njy noýabrda giçlik eden ýüzlenmesinde: “Şu gün bize günortadan gowy bir habar gowuşdy. Alnyp barylýan gorag operasiýasynyň çäginde eýýäm onlarça ýerde ukrain baýdagy özüniň aslyýetinde durmaly ýerine gaýtaryldy” diýip, belledi we 41 sany ilatly nokadyň azat edilendigini sözüne goşdy.

Ol munuň ukrainalylar üçin begençli habar bolsa-da, “ukrainalylaryň azatlygy ugrundaky her bir ädimde... harby güýçleriň janlarynyň gurban bolýandygyny” unutmazlyga çagyrdy.

“Häzirki zatlaryň ählisi ençeme aýlap alnyp barylan gazaply söweşleriň netijesidir. Bu gaýduwsyzlygyň, agyrynyň we ýitgileriň netijesinde gazanyldy” diýip, Zelenski sözüne goşdy.

Ol ilatly nokatlaryň azat edilmegi ugrunda anyk näçe ukrain esgeriniň heläk bolandygyny takyklaşdyrmady. Gürrüňi gidýän sebitlerde ýagdaýlary durnuklaşdyrmak boýunça eýýäm degişli işlere başlanyldy.

Zelenski rus güýçleriniň çekilen sebitlerinde müňlerçe minalary we beýleki ok-därileri yzynda galdyrandygyny aýtdy.

Prezidentiň maslahatçysy Myhaýlo Podolýak minalaryň Hersony “ölümiň şäherine” öwürendiklerini belledi.

Mykolaýiw sebitiniň regional harby administrasiýasynyň başlygy Witaliý Kim ukrain esgerleriniň eýýäm Hersonyň etegine aralaşandyklaryny aýtdy. Ol harbylaryň planlaryny äşgär etmezlik üçin, başga goşmaça maglumatlary bermekden saklandy.

Ol rus güýçleriniň Mykolaýiw şäherine atan raketalarynyň bir ýaşaýyş jaýyna gelip düşendigini, netijede iki adamyň ölendigini we ýene ikisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

“Bu haýwanlar biziň harbylarymyzyň ilerlemesine bäş gatly ýaşaýyş jaýyna zarba urmak bilen jogap berdiler. Iki adam öldi, ikisi ýaralandy” diýip, Kim belledi.

Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikow Russiýanyň Herson şäherinden çekilmegi azyndan bir hepde wagt alyp biljekdigini duýdurdy. Ol Reuters gullugyna beren interwýusynda Hersonda 40 müň çemesi rus esgeriniň bolandygyny, häzirki wagt olaryň belli bir böleginiň henizem şäherde, onuň eteklerinde we Dnepr derýasynyň çep kenarynda saklanyp galýandygyny aýtdy.

“Bu esgerleri Hersondan bir ýa iki günde çykarmak mümkin däl. Muňa azyndan bir hepde gerek bolar” diýip, ol nygtady.

Mundan öň, Ukrain armiýasynyň başlygy Waleriý Zalužniý Kiýewiň Russiýanyň dogurdan hem Hersondan çekilýändigini häzirlikçe tassyklap bilmändigini aýtdy, emma ukrain güýçleriniň ilerlemesiniň dowam etdirilýändigini belledi.

Hersonyň yza alynmagy Ukraina üçin günortada basylyp alnan beýleki sebitleri, şol sanda Moskwanyň 2014-nji ýylda anneksirlän Krym ýarymadasyny yzyna gaýtaryp almak tagallalary üçin möhüm başlangyç bolup biler.

Forum

XS
SM
MD
LG