Soňky aýlarda daşary döwletlerden ata-baba watanyna gaýdyp gelen etnik gazaklar ýurt resmileriniň özlerine rus serhediniň golaýyndaky demirgazyk sebitlere göçmegi tabşyrandygyny aýdýarlar.
Hökümet ýerleşdirmek programmasynyň az ilatly welaýatlarda işçileriň ýetmezçiligini çözmäge gönükdirilendigini nygtaýar. Emma köpler Astananyň bu ädim bilen, ýurduň rus dilinde gürleýän ilaty köp bolan sebitleriniň etnik düzümini deňleşdirmäge synanyşýandygyna ynanýarlar.
Hökümet ýurduň demirgazyk-gündogaryndan demirgazyk-günbataryna çenli uzap gidýän ýedi welaýatda gaýdyp gelenleri ýa-da “kandaslary” göçürmek üçin kwotalary mälim etdi. Bu welaýatlar Gündogar Gazagystany, Pawlodary, Akmolany, Demirgazyk Gazagystany, Kostanaýy, Günbatar Gazagystany we Atyrauny öz içine alýar.
Demirgazyk tarapa göçýän kandaslar goşmaça maliýe ýeňilliklerini alýarlar. Bu, ýurduň beýleki sebitlerinde ýaşamagy saýlap alanlar üçin elýeterli däldir. Bu ýeňillikler, maşgala agzalarynyň her birine bir gezeklik takmynan $450 tölemegi hem-de jaý kireýine almak we kommunal tölegler üçin subsidiýany öz içine alýar.
Hökümetiň ýurduň demirgazygyna has köp adamy göçürmek meýilnamasy täze däl. Kandaslaryň göçürilmeginden başga-da hökümet içerki migrasiýany ýurduň demirgazygyna tarap höweslendirýär.
Ýöne bu soňky aýlarda has giňden ýaýrady, ata-baba watanyna dolanan käbir gazaklar öz isleglerine garşylyk görkezilip, özlerine hökümet tarapyndan saýlanan welaýatlara göçmegiň buýrulandygyny aýdýarlar.
Mysal üçin, şu tomus Türkmenistandan göçüp gelen 800-e golaý etniki gazakdan diňe 44 adama öz isleýän welaýatynda, Mangystauda ýerleşmäge rugsat berildi.
Gazak häkimiýetleri galan adamlara hökümet tarapyndan kesgitlenen ýerlere göçmek tabşyryldy ýa-da olaryň deportasiýa edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi aýdyldy diýip, Gazagystana dolananlaryň birnäçesi aýtdy.
Kuralaý Esenmuratowa birnäçe ýyl ozal Mangystauda göçüp gelen garry ejesiniň we oglunyň ýanynda ýaşamak umydy bilen, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndan ata-baba watanyna göçdi.
Ýöne ol we watanyna dolanan başga-da birnäçe adam serhetden geçip, Gazagystana gelenlerinde, häkimiýetler olara täze öý sebitleriniň eýýäm kesgitlenendigini aýtdylar.
57 ýaşly Esenmuratowanyň pasportyna onuň - maşgalasy ýa-da dostlary bolmadyk - demirgazyk Pawlodar sebitine göçmelidigini görkezýän wiza goýuldy.
"Mangystau şäherine baranymyzda, häkimiýetler derrew wizalarymyzda görkezilen welaýatlara gitmelidigimizi aýtdylar" diýip, Esenmuratowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
"Olar: ' Pawlodara gitmeseňiz deportasiýa edilersiňiz' diýip haýbat atdylar" diýip, ol sözüne goşdy.
Türkmenistandan gelen başga bir kandas, 29 ýaşly Saghyndyk Nazaraliýew watanyna täze gaýdyp gelenlere ýurduň demirgazyk sebitlerine göçmegi üçin basyş edilýändigini tassyklady.
15-nji awgustda Mangystau şäherine gelen Nazaraliýew üç adamdan ybarat maşgalasyna haýal etmän Pawlodar sebitine göçmelidigi barada tabşyryk berlendigini aýtdy. Ol häzir Pawlodaryň Ekibastuz şäherinde ýaşaýar.
Daşary ýurtlardaky gazaklary ata-babalarynyň ýurduna dolanmaga höweslendirýän ýörite hökümet programmasyna laýyklykda, 1991-nji ýyldan bäri takmynan 1,1 million etniki gazak Gazagystana gaýdyp geldi. Olaryň 70%-i Özbegistandan, 10%-i Hytaýdan we 7%-i Türkmenistandan gelen etnik gazaklardyr.
Olaryň aglabasy ýurduň esasan gazak dilinde gürleýän ilaty köp bolan sebitlerde, ýagny Türkistanda, Jambylda we Almatyda ýerleşdiler. Bular Gazagystanyň gür ilatly günorta we günorta-gündogar sebitleridir.
Düýbi Astanada ýerleşýän “PaperLab” gözleg merkeziniň müdiri Serik Beisembaew hökümetiň adamlara göçmegi buýurmagyň deregine, "migrantlary demirgazyga çekmek üçin bu sebitiň ykdysady ösüşine maýa goýmalydygyny" aýdýar.
Şahsyýet meselelerine gyzyklanma barmy?
Astananyň demirgazykdaky - käbirleri tarapyndan 'gazaklaşdyrmak' atlandyrylýan - etniki deňagramlylyga bolan täze gyzyklanmasy, käbir adamlar tarapyndan Russiýanyň Ukraina rehimsiz çozmagynyň yz ýany, ýurduň Russiýa bilen 7,600 kilometr araçäginde Moskwanyň ilata täsirini azaltmak synanyşygy hökmünde häsiýetlendirilýär.
Gazagystanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda käbir etnik ruslar tarapyndan aýdylýan Moskwa tarapdar pikirlere garşy seresaplylyk bilen hereket edýärler.
Bu pikirler 2014-nji ýyldan soň, ýagny Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny bikanun anneksiýa etmeginiň we Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gündogar Ukrainadaky Luhansk we Donetsk sebitlerinde bikanun garaşsyzlyk yglan etmeginiň yz ýany, has-da seslenip başladylar.
Şol ýyl Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin olaryň "hiç haçan döwletliligi ýokdy" diýende kazaklary gaharlandyrypdy. Şondan bäri Gazagystanyň döwletliligini we territorial bitewiligini sorag astyna alýan şuňa meňzeş teswirler Putin we beýleki aşa milletçi rus liderleri tarapyndan birnäçe gezek edildi.
Açlyga getiren sowet kollektiwleşdiriş kampaniýasy döwründe, 1930-njy ýyllarda Gazagystandaky etnik gazaklaryň sany düýpgöter azalmaga başlady. Şol açlyk döwründe azyndan 1,3 million gazak öldi we başga-da millionlarça adam daşary ýurtlara gaçmaga mejbur boldy.
1991-nji ýylda Gazagystan garaşsyzlygyny alanda, etniki gazaklar ilatyň 40 göteriminden hem az bölegini düzýärdi. Bu san häzir takmynan 70 göterime çenli ýokarlandy.
Öňki awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýew ýurduň demografiki deňagramlylygyny üýtgedip, gazak dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny ösdürmek arkaly Gazagystanyň milli şahsyýetini dikeltmäge synanyşmakda tanaldy.
Etnik ruslar Gazagystanyň 19,4 million ilatynyň 15%-ni emele getirýärler. Bu görkeziji Sowet Soýuzy dargamazdan öň 37%-e deňdi. Muňa garamazdan, Gazagystanyň şäherleriniň köpüsinde rus dili henizem giňden ulanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum