Kiýew güýçleri Russiýanyň Donbasdaky hüjümleriniň ençeme tolkunyny yzyna serpikdirdi diýip, ukrain harbylary 8-nji noýabrda aýtdy, prezident Wolodymyr Zelenski bolsa ruslaryň gündelik edýän hüjümlerinde çekýän agyr ýitgileriniň Moskwanyň hüjüm strategiýasyndaky "däliligi" görkezýändigi barada öň aýdan sözlerini gaýtalady. Şeýle-de, Kiýeweiň Moskwa bilen gepleşiklere taýýardygyny görkezmegi barada aýdylýanlara jogap edip, Zelenski 7-nji noýabrda gepleşiklere açykdygyny, ýöne diňe Ukrainanyň serhetlerini dikeltjek, rus hüjümleriniň öwezini doljak we uruş jenaýatlary üçin jogapkärleri jezalandyrjak "hakyky" gepleşiklere açykdygyny aýtdy.
Ukraina Russiýany ýurduň günortasyndaky Herson şäherinde, Moskwanyň sebäpsiz başlan urşunyň başynda synan şäheri ukrainalylaryň yzyna almak üçin edýän garşylykly hüjümine garaşyp, eýesiz galan jaýlary talamakda we olary raýat eşigini geýen esgerlerden doldurmakda aýyplady.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby gündelik habarynda gündogardaky rus goşunlarynyň soňky hepdelerde Moskwanyň Donetskdäki hüjüminiň merkezine öwrülen Bahmuta, Awdiýewka we Nowopawliwka edýän hüjümlerini dowam etdirendigini aýtdy.
Şol bir wagtda, harbylar rus goşunlarynyň Ukrainanyň dürli sebitlerinde möhüm infrastruktura desgalaryny, parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerini topa tutmagy dowam etdirýändigini aýtdy.
Zelenski 7-nji noýabrdaky wideo ýüzlenmesinde Donetsk sebitindäki aldym-berdimli söweşleri "basyp alyjylaryň iň uly däliliginiň örküji" diýip atlandyrdy.
Zelenski bu söweşlerde olaryň "her gün ýüzlerçesiniň ölýädnigini” aýtdy.
"Ukrain pozisiýalarynyň öňündäki ýerler sözüň göni manysynda basybalyjylaryň jesetlerinden dolýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, Zelenski Pawliwka sebitindäki rus esgerleriniň Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky sebit häkimine, Primorski Kraýyň ýolbaşçynsa şikaýat edendigini aýtdy.
CNN 7-nji noýabrda, hamala, öň hatarlardan oblast ýobaşçysy Oleg Kožemýako iberilen hat hakynda habar berdi.
Ol hatyň Russiýanyň Ýuwaş okean flotunyň deňiz güýçleriniň 155-nji brigadasynyň erkekleri tarapyndan iberilendigi, öz ýazmaklaryna görä, olaryň Donetskde "düşnüksiz bir söweşiň” içine sürlendigi we ölen ýa ýaraly ýagdaýda, 300 çemesi erkek ýitirendikleri habar berildi. Dört günde 300 adam öldi we ýaralandy, enjamlaryň 50 göterimi ýitirildi diýip, olar aýdypdyr.
Zelenski Kožemýakonyň bu hata jogap edip, ýitgileriň “beýle uly däldigini” we olaryň “ulaldylandygyny” aýdandygyny hem sözüne goşdy.
Dnieper derýasynyň günbatar kenarynda elinde saklaýan ýeke-täk künjegini, Hersony yzyna bermezlige dyrjaşýan rus güýçleriniň ukrainleriň bu ýere etjek garşylykly hüjümlerine garaşmagy bilen, Moskwa asuda ilatyň basymrak şäherden çykmagyny buýurdy.
Iki tarapyň hem aýtmagyna görä, uruşdan öň takmynan 300,000 ilaty bolan Hersonda häzir ne tok, ne-de suw üpjünçiligi bar.
Russiýanyň bellän resmileri Ukrainany "sabotajda", ýagny zyýankeşlik etmekde günäkärledi, ukrain resmileri bolsa ruslaryň 1,5 kilometr elektrik liniýasyny sökendigini aýtdy.
Ukrain goşuny raýat eşiklerini geýnen rus güýçleriniň parahat ilatyň boşadan jaýlaryny eýeleýändigini we, köçe söweşlerini ýaýbaňlandyrmak niýeti bilen, içerki pozisiýalary güýçlendirýändigini aýtdy.
Rus güýçleri "ýaşaýjylary we infrastruktura desgalaryny talamak, ogurlyk etmek bilen meşgullandy, olar enjamlary, azyk önümlerini we ulaglary Russiýa Federasiýasyna alyp gidýärler" diýip, ukrain harbylary 7-nji noýabr güni giçlik beren habarlarynda aýtdylar.
Ukrain goşunynyň 8-nji noýabrda çap eden beýanatynda Russiýanyň zenit-raketa toplumyna, ok-däri ammaryna zarba urlandygy, Herson sebitiniň Berislaw etrabynda Russiýanyň sowutly harby tehnikasynyň hatardan çykarylandygy aýdylýar. Şeýle-de, ruslaryň 32 sany harby gullukçysynyň öldürilendigi öňe sürülýär.
Bu maglumat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Şu aralykda, BBC-niň 8-nji noýabrda beren habaryna görä, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan, Ukrainadaky urşa garamazdan, ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky aragatnaşyk kanallarynyň açyk galýandygyny tassyk etdi.
Salliwan 7-nji noýabrda Nýu-Ýorkda çykyş edip, Kreml bilen aragatnaşyk saklamagyň Waşingtonyň “bähbidine bolup durýandygyny” aýtdy.
Salliwan bu sözleri “The Wall Street Journal” neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň soňky aýlarda Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew we rus prezidentiniň kömekçisi Ýuri Uşakow bilen birnäçe gezek gizlin gatnaşyga girendigi barada beren habarynyň yz ýanyndan aýtdy.
Gazetiň maglumatyna görä, Salliwan Ukrainanyň ýolbaşçylaryny hem konflikti aradan aýyrmaga taýýardyklaryny aç-açan aýan etmäge çagyrdy.
Salliwanyň Patruşew we Uşakow bilen geçiren gepleşikleriniň maksadynyň "eskalasiýanyň ýokarlanmak töwekgelliginden goramak" we aragatnaşyk kanallaryny açyk saklamak islegi bilen bagly bolandygy aýdylýar.
Mundan başga, “Waşington Post” hem, Ak tamdaky çeşmelere salgylanyp, ABŞ administrasiýasynyň ukrain liderlerinden Russiýa bilen gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny görkezmeklerini soraýandygyny habar berdi.
Aýdylmagyna görä, bu teklip Kiýewi gepleşik stolunyň başyna geçmäge mejbur etmek maksadyndan ugur almaýar.
Gazetiň ýazmagyna görä, bu ýerde maksat raýatlary urşuň uzak ýyllara çekmek ähtimallygyndan howatyr edýän ýurtlaryň berýän goldawlaryny üpjün etmek bilen bagly.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 7-nji noýabrda eden gijeki çykyşynda Russiýa bilen gepleşiklere açykdygyny, ýöne diňe Ukrainanyň serhetlerini dikeltjek, rus hüjümleriniň öwezini doljak we uruş jenaýatlary üçin jogapkärleri jezalandyrjak "hakyky" gepleşiklere açykdygyny aýtdy.
Forum