Kiýew häkimi ukrain paýtagtynyň ýaşaýjylaryna, elektrik we suw üpjünçiliginiň ýitirilmek ähtimallygy arasynda, şäherden wagtlaýyn gitmegi nazara almagy tabşyrdy, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrainalylara ruslaryň ýurduň düýpli zyýan ýetirilen energiýa infrastrukturasyna ýene we ýene zarba urmaklarynyň ähtimaldygyny aýtdy. Kreml tarapyndan döredilen administrasiýa Hersonyň ýaşaýjylarynyň mümkin boldugyça çalt göçmeklerine çagyrýar. Rus habar gulluklary ukrain güýçleriniň atan toplarynyň Russiýanyň eýeçiliginde galýan Nowa Kahowka bendine zyýan ýetirendigini öňe sürýär.
Zelenski 6-njy noýabr gijesinde eden çykyşynda Russiýanyň ýurduň "infrastrukturasyna, ozaly bilen energiýa pudagyna edýän köpçülikleýin hüjümlerini gaýtalamak üçin serişde jemleýändigini”aýtdy.
Ol sarp edijileriň eýýäm 4,5 milliondan gowragynyň toksuz galandygyny, urşuň energiýa we azyga ýetirýän ýaramaz täsiriniň gyşa çenli dowam etmeiginiň mümkindigini aýtdy.
Kiýewiň häkimi Witali Kliçkonyň biraz öň aýdan sözlerine görä, Russiýanyň energiýa infrastrukturasyna uran weýrançylykly zarbalary sebäpli, Ukrainanyň paýtagtynyň suwsuz we elektriksiz galmagy hem mümkin.
“Munuň öňüni almak üçin biz ähli zady edýäris. Emma, geliň gönüsini aýdalyň, duşmanlarymyz şäheriň ýyladyşynyň, togunyň, suw üpjünçiliginiň bolmazlygy, umuman alnanda, biziň ählimiziň ölmegimiz üçin ähli zady edýärler. Ýurduň geljegi we biziň her birimiziň geljegimiz her dürli ýagdaýlara näderejede taýýardygymyza bagly bolar” diýip, Kliçko döwlet metbugatyna aýtdy.
Rus goşunlary soňky bir aýyň dowamynda Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny yzygiderli nyşana alyp, bu ýurtda elektrik togunyň dowamly ýetmezçiligini we gaýta-gaýta kesilmegini gazandy. 6-njy noýabrda Kiýewde şäheriň töweregindäki sebitlerde tok sagatlap, gaýta-gaýta kesilip berilmeli boldy.
Kiýew 1000 töweregi ýyladyş nokadyny gurnamagy meýilleşdirýär, ýöne munuň 3 million ilatly şäher üçin ýeterlik boljakdygy belli däl.
Ukrainanyň döwlet energiýa operatory “Ukrenergo” Çernihow, Çerkasi, Žitomir, Sumy, Harkow we Poltawa sebitlerinde-de toguň wagtal-wagtal arasy kesilip berilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy.
Prezidentiň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak biraz öň twittered, Russiýanyň energiýa infrastrukturasyna edýän hüjümlerine garamazdan, howa goranyşyny giňeltmek, infrastrukturany goramak we energiýanyň sarp edilişini tygşytlamak bilen, Ukrainanyň "saklanjakdygyny" aýtdy.
Russiýanyň raýat infrastrukturasyna edýän hüjümlerini güýçlendirmegi bilen bir hatarda, ukrain güýçleriniň hem günortada öňe ilerleýändigi habar berilýär.
Russiýanyň basylyp alnan Herson şäheriniň ýaşaýjylarynyň telefonlaryna bu ýerden mümkin boldugyça çalt göçmäge çagyrylýan duýduryş habarlary gelýär diýip, ukrain goşuny 6-njy noýabrda aýtdy.
Rus goşunlary ukrain güýçleriniň garşylykly hüjüm edip, urşuň ilkinji günlerinde ele geçirilen Herson şäherini yzyna almak tagallalaryna garşy durmaga taýýarlanýarlar. Russiýa Hersony sentýabrda, beýleki üç sebit bilen birlikde, bikanun anneksiýa etdi we şondan soň kän wagt geçirmän bu dört sebitde harby kanun yglan etdi.
Kreml tarapyndan döredilen administrasiýa eýýäm Hersondan on müňlerçe parahat ýaşaýjyny ewakuasiýa etdi.
Russiýa Hersony şol bir wagtyň özünde "hem basyp alýar, hem ewakuasiýa edýär", ukrainleri bolsa özleriniň bu ýerden gidýändiklerine ynandyrmaga synanyşýar, emma hakykatda olar Hersonda aldygyna garym gazýarlar diýip, Ukrainanyň Günorta güýçleriniň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk döwlet telewideniýesine aýtdy.
"Ol ýerde gaty berk gazylan goranyş bölümleri bar, belli bir mukdardaky enjam goýlup gidildi, atyş nokatlary döredildi" diýip, ol aýtdy.
Russiýanyň habar gulluklary 6-njy noýabrda ukrain güýçleriniň atan toplarynyň Russiýanyň eýeçiliginde galýan Nowa Kahowka bendine zyýan ýetirendigini habar berdiler. Bu ägirt bent Dnieper derýasynyň ýokary akymynda, Hersonyň golaýynda ýerleşýär.
Emma bu aýdylýanlaryň hiç birini garaşsyz ýagdaýda tassyklamak başartmaýar.
Forum