Russiýa Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky infrastruktura we raýat nyşanalaryna has köp kamikadze dronlaryny ýollady diýip, resmiler 4-nji noýabrda ýurduň elektrik toruna ýetirilen uly zyýan netijesinde millionlarça ukrainalynyň elektriksiz galdyrandygyny aýtdylar, bu ýagdaý prezident Wolodymyr Zelenskiniň Moskwany "energiýa terrorçylygynda" aýyplamagyna sebäp boldy.
Dnipropetrowsk sebitiniň gubernatory Walentin Rezniçenko ukrain goşunynyň sebitiň günortasyndaky Nikopol etrabynda sekiz sany Şahid-136 pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.
“Bu gije biziň howa hüjüminden goranyş ulgamlarymyz uly işi amal etdiler. Duşmanyň sekiz şahidi urlup düşürildi” diýip, Rezniçeko Telegram hasabynda ýazgy galdyrdy. Rus dronlary Nikopoly tapgyr ikinji gün nyşana alýarlar.
Rezniçenko rus goşunlarynyň şol sebitdäki dört şäherçä “Grad” raketalary we artilleriýa bilen zarba urandygyny, gaz geçirijisine we elektrik liniýasyna zyýan ýetendigini, ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp-ýumrandygyny hem sözüne goşdy.
Rus goşunlary Dnipropetrowsk regionyna dowamly zarbalary urýarlar. Bu sebit Ukrainanyň polat önümçiligi boýunça esasy merkezleriniň biridir.
Moskwa Ukrainada parahat ilata hüjüm edýändigi baradaky maglumatlary ret edýär.
Prezident Wolodymyr Zelenski 3-nji noýabrda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde Ukrainanyň uruşdan öňki ilatynyň 10 göteriminden gowragynyň ýa-da 4,5 million adamyň, Russiýanyň hüjümleri sebäpli, wagtlaýyn elektriksiz galandygyny aýtdy.
"Russiýanyň energiýa terrorçylygyna ýüz urmagy biziň duşmanymyzyň ejizligini görkezýär. Ukrainany söweş meýdanynda ýeňip bilmeýärler, şu sebäpden olar biziň halkymyzyň erkini şu usul bilen syndyrmaga synanyşýarlar" diýip, Zelenski aýtdy.
Russiýa eýýäm ençeme hepdeläp Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna raketalar, dronlar we artilleriýa toplary bilen zarba urýar. Bu ukrain esgerleriniň garşylyklaýyn hüjümleri netijesinde rus goşunlarynyň Ukrainanyň demirgazyk-gündogar, gündogar we günorta-gündogar ugurlary boýunça yza çekilmeginiň arasynda amal edilýär.
Emma soňky iki günden bäri Ukrainanyň gündogar we günorta sebitleriniň söweş meýdanlarynda, dowam edýän agyr çaknyşyklara hem garamazdan, möhüm üýtgeşikler ýok. Şol bir wagtda, günortadaky Herson şäheri ugrundaky söweşlere taýýarlyklar görülýär.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Moskwany ukrain raýatlaryny Hersondan zor bilen Russiýa deportasiýa etmekde aýyplady.
Ministrlik Russiýanyň şular ýaly çäreleri Zaporižýa, Luhansk, Donetsk regionlarynda, şeýle-de Krymda alyp barýandygyny hem belledi.
Russiýa sentýabrda özüniň bölekleýin gözegçiligine geçiren Herson, Zaporižýa, Luhansk we Donetsk sebitlerini öz çägine goşýandygyny öňe sürdi. Moskwa muny, hem Kiýew, hem-de Günbatar tarapyndan ýazgarylan, referendum diýilýäne salgylanyp amal etdi.
Russiýanyň Hersondaky dikme ýolbaşçysy Wladimir Saldo 31-nji oktýabrda çykyş edip, Russiýanyň ukrain raýatlarynyň ewakuasiýasy atlandyrýan çäresiniň geriminiň giňeldilýändigini yglan etdi. Saldo, ‘köpçülikleýin raketa hüjümleriniň” howpy sebäpli, sebitiň ýaşaýjylarynyň has günorta ýa-da Russiýanyň territoriýasyna ugradylýandygyny mälim etdi.
Mundan üç gün ozal, Russiýanyň sebitdäki dikme resmileri Herson regiony boýunça ewakuasiýanyň doly tamamlanandygyny yglan edipdiler.
3-nji noýabrda Kiýew Moskwanyň bu hereketlerine “deportasiýa” hökmünde baha berýändigini ýene bir gezek tekrarlady.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi rus esgerlerini senagat, medeniýet, bilim we saglyk edaralaryny, şol sanda hususy jaýlary hem talamakda aýyplaýar.
Bu aralykda, Hersonyň regional dolandyryş edarasynyň binasyndan rus baýdagynyň aýrylandygy barada maglumatlar gowuşýar. Russiýa Hersony urşuň başky günlerinde, ýagny martda basyp alypdy. Hersonyň yzyna gaýtarylmagy rus goşunlarynyň yza çekilýändigine möhüm yşarat bolar.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin Hersondaky ukrain güýçlerinde regiony yzyna almak üçin “mümkinçiliginiň” bardygyny aýtdy.
Şu aralykda ukrain lideri, eger-de Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin gatnaşsa, özüniň G20 sammitine gatnaşmajakdygyny aýtdy.
Forum