Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistan adam gaçakçylygyny ýok etmek üçin ýeterlik tagalla etmeýär


Stambul aeroportyndaky ýolagçylar
Stambul aeroportyndaky ýolagçylar

Türkmenistanyň hökümeti adam gaçakçylygynyň ýok edilmegi üçin zerur bolan minimum, iň bärki ölçegleri hem doly berjaý etmedi we, hatda Covid-19 pandemiýasynyň gaçakçylyga garşy görüp biljek çärelerine ýetirjek täsirlerini nazara alanyňda hem, munuň üçin düýpli tagalla etmeýär diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2022-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar.

Şu sebäpden hem Türkmenistan adam gaçakçylygyna garşy göreş meselesinde yzdaky orunlaryň birinde Tier 3-de galdyrylypdyr.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň hökümetiniň bu meselede käbir ädimleri ädendigi, adam gaçakçylygy boýunça habardarlyk kampaniýalaryna gatnaşmagy we, pagta ýygymynda el güýjüniň ulanylmagyna garaşlylygy azaltmak üçin, pagta ýygýan mehaniki enjamlary satyn almagy dowam etdirendigi bellenýär.

Emma muňa garamazdan, hasabatda hökümetiň mejbury zähmeti ulanmak, ululary we çagalary her ýyl mejbury pagta ýygymyna çekmek, jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlanda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi hem aýdylýar.

Hökümet garaşsyz gözegçilik missiýalarynyň pagta hasylynyň ýygnalyşyna ynamdar gözegçilik etmegine rugsat bermeýär, mejbury zähmet bilen bagly derňewler, jogapkärçilige çekilen resmiler ýa-da ýazgarylanlar, ýüze çykarylan pidalar, pidalara kömek bermek üçin döredilen ol ýa-da beýleki maksatnama barada hiç bir maglumat bermeýär.

Bu hasabat müňlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlarda kyn ýagdaýda galyp, çäkli uçar mümkinçiliklerini ulanmaga umyt baglaýan, korrupsiýanyň pidasy bolýan wagtynda çap edildi.

Türkmenistan adatça halkara hasabatlarynda edilýän bellikler, berilýän geňeş-maslahatlar barada düşündiriş bermekden saklanýar.

XS
SM
MD
LG