Aşgabadyň Andalyp köçesinden Hitrwoka sebitine geçýän tuneliň ýokarsyndaky jaýlar ýykylýar.
Aşgabat: Jaýlar ýykylýar
1
Häzirki wagtda bu ýerdäki dört gatly jaýyň ikisi ýykylýar. Onuň her birinde 16 hojalyk üçin niýetlenen jaýlaryň bolandygy habar berilýär.
2
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gurlandygy aýdylýan bu jaýlaryň näme sebäpden ýykylýandygy barada resmi düşündiriş alyp bolmasa-da, şol ýerdäki işgärler bu ýerden ýol gurluşygynyň amala aşyryljakdygyny aýdýarlar.
3
Şeýle-de, bu sebitdäki 20-ä golaý ýaşaýyş-howly jaýy eýýäm ýykylypdyr.
5
Bu ýerdäki işgärler jaýlary ýykylan ýaşaýjylara Köşi obasyndan jaý berlendigini aýdýarlar. Emma bu maglumaty jaýlary ýykylan ýaşaýjylara tassyklatmak ýa-da inkär etdirtmek başartmady.