Ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlaryň käbirleri okuwa girjek bolanda daşary ýurduň ýokary okuw jaýlary tarapyndan talap edilýän resminamany almakda dürli kynçylyklaryň bardygyny aýdýarlar.
Lebapda Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlere, hamana “meýletin” diýlip, öz aýlyk haklaryndan döwlet gaznasyna pul geçirmek tabşyrygy berildi diýilýär.
Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşi türkmenistanly ýaşlara “Opprtunity program”, ýagny “Mümkinçilik programmasy” arkaly grant hödürleýär.
Norwegiýanyň hökümeti ösüp barýan ýurtlara hem-de Merkezi Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna “Kwota shema” (Quota Scheme) atly programma arkaly stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýär.
Tomus kanikuly döwründe böwşeňlik aralaşsa-da, awgustyň aýaklamagy bilen türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlardaky işjeňligi ýene-de kem-kemden öz adaty derejesine golaýlap başlady.
Soňky günlerde wideoýazga düşürilen türkmen aýdymlarynyň sany köpelýär. Olaryň arasynda Myrat Öwezowyň “Aýnama”, Maral Çommyýewanyň “Zanowo naçat”, ýagny “Täzeden başlamak”, Şamyrat Orazowyň “Bu şäher” ýaly aýdymlary bar.
Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşi ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga mümkinçilik berýän Flex programmasyna kabul edişligiň başlaýandygyny yglan etdi.
Tomus aýlary dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryň dynç alýan möwsümidir.
19-njy iýulda Twitter özüniň iPhone we Android telefonlaryndaky ulgamyny täzeleýändigini yglan etdi.
Soňky ýyllarda, has takygy prezident G.Berdimuhamedow döwlet başyna geçeli bäri, Türkmenistanda neşe hem temmäki önümlerine garşy berk göreş alnyp barylýar.
Braziliýada geçirilen futbol boýunça Dünýä çempionatyna dünýäniň ençeme ýurtlarynyň millionlarça ýaşaýjylarynyň tomaşa etmegi, bu ýaryşa gatnaşýan käbir futbolçylaryň dünýä derejesinde meşhur bolmagyna sebäp boldy.
“International Water Center”, ýagny Halkara suw merkezi (HSM) Awstraliýada masterlik bilimini almak üçin halkara studentlerine stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýär.
Soňky aýlarda türkmen ýaşlary sosial ulgamlarda dürli maglumatlary, suratlary, wideoýazgylary ýygy-ýygydan paýlaşýarlar. Paýlaşylýan bu maglumatlar degişli sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda dürli teswirleriň ýazylmagyna sebäp bolýar.
“Ertir.com” sosial ulgamynda Ezraýyl atly agza tarapyndan gozgalan “Doktorlara janyňy ynanyp bolarmyka?” atly tema 27-nji iýuna çenli jemi 1275 sapar okalyp, 36 gezek hem halanypdyr.
Ýakynda “Forbes” žurnaly häzirki wagtda Braziliýada dowam edýän futbol boýunça Dünýä çempionatynyň iň gymmat futbol komandalarynyň sanawyny çap etdi.
Mälim bolşy ýaly 12-nji iýunda Braziliýada futbol boýunça nobatdaky Dünýä çempionaty başlandy. 12-nji iýunda "Adobe Systems" websahypasy gürrüňi gidýän ýaryş barada öňünden öz çaklamalaryny ýaýratdy.
Twitter sosial ulgamy şu ýyl Braziliýada geçirilýän Dünýä boýunça futbol ýaryşyna gatnaşýan ýurtlaryň janköýerleri üçin “hashflags”, ýagny baýdak görnüşindäki haştäg alamatyny döretdi.
Türkmen ýaşlary internetde öz deň-duşlarydyr ildeşleri tarapyndan paýlaşylýan aýdymlar, suratlar we temalar bilen içgin gyzyklanýarlar.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda sosial ulgamlar bütin dünýäde, şol sanda türkmen ýaşlarynyň arasynda-da giňden ulanylýar.
Türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlaryndaky işjeňligi baradaky maglumatymyzy “VKontakte” sosial ulgamy bilen dowam etdirip, ulgamda “Çärjewde diňlenen” atly toparyň paýlaşan pikir soralyşygy agzalaryň ünsüni özüne çekipdir.
Ýene-de ýükle