Zelenski Ukrainanyň 'Ilkinji garşylykly hüjüminiň' Maýdandan başlanandygyny aýdýar

Wolodymyr Zelenski 

Kiýewiň Russiýanyň täsirine garşy ilkinji garşylykly hüjümi on ýyl mundan ozal edildi diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 21-nji noýabrda, Ukrainanyň Mertebe we Azatlyk gününiň 10 ýyllygyny belleýän pursadynda aýtdy.

Ol Moskwa tarapyndan goldanýan prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipesinden kowulmagy bilen tamamlanan protest hereketiniň, Ýewromaýdan protestleriniň başlanan gününiň garşylykly hüjümiň başlanan güni bolandygyny aýtdy.

Zelenskiý wideo ýüzlenmesinde "On ýyl mundan öň biz öz göreşimizde täze sahypa açdyk. On ýyl mundan ozal ukrainalylar öz ilkinji garşylykly hüjümlerini - bikanunçylyga, Ýewropa geljeginden mahrum edilmek synanyşyklaryna garşy başlan hüjümlerini amala aşyrdylar" diýip, Zelenski watandaşlaryna eden wideo ýüzlenmesinde, Ukrainada Mertebe rewolýusiýasy diýip bilinýän hereketiň başlanan gününiň ýyl dönümine bagyşlanan çykyşynda aýtdy.

Belent mertebeli myhmanlar, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel, Moldowanyň prezidenti Maýa Sandu we Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius ýaly daşary ýurtly resmiler bu dabarada Zelenski we beýleki ukrain resmileri bilen duşuşmak, şeýle-de Kiýewe Russiýanyň alyp barýan giň gerimli çozuşyna garşy durmakda berilýän ýaranlyk goldawyny dowam etdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Kiýewe sapara geldiler.

"Dostlaryň arasyna, Kiýewe dolanmak nähili gowy" diýip, Mişel sosial media platformasynda Kiýewiň demirýol menzilinde Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky ilçisi Katarina Mathernowa bilen görüşýän suratyny paýlaşanda ýazdy.

Zelenski we birinji hanym Olena Zelenska bilen bilelikde "Azatlyk ugrunda çykyş edenlere we başyny goýanlaryň ählisine sylag-hormatymy bildirdim” diýip, Sandu X-de ýazdy

2013-nji ýylyň 21-nji noýabrynda müňlerçe protestçi Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanyna ýygnandy.

Olar Russiýa tarapyndan goldanýan Ýanukowiçiň Ukrainanyň ÝB bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmek planyny ýatyrmak we Moskwa bilen has ýakyn gatnaşyk gurmak baradaky kararlaryna nägileliklerini bildirmek üçin geldiler.

Ýewromaýdan diýlip bilnen protest, howpsuzlyk güýçleriniň protetsçileri dargatmak ugrunda eden synanyşygyna garamazdan, barha ulaldy we Ýanukowiçiň 2014-nji ýylyň fewral aýynda Russiýa gaçmagy bilen tamamlandy.

Howpsuzlyk güýçleri bu protesti basyp ýatyrmak üçin bir ýüz ýedi adamy öldürdi, olaryň köpüsi 2014-nji ýylyň fewral aýynda wepat boldy, 2500 adam bolsa ýaralandy. Öldürilen protestçiler Ukrainada “Jenneti ýüzlük” diýip bilinýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ýanukowiçiň wezipesinden gyrakladylmagyna jogap edip, Krymy basyp almagy buýurdy, gündogar we günorta Ukrainada Kiýewe garşylyk duýgularyny döretdi we 2014-nji ýylyň aprelinde Donbasyň köp böleginde hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan söweşijileriň arasynda ýaýbaňlanan söweş başlandy.

"Men bu ýere ýene, ozaly bilen, berilýän goldawy mundan beýläk hem dowam etdirmek wadasyny bermek, ýöne şonuň bilen birlikde bu ýerde alnyp barylýan batyrgaý, gaýduwsyz we gymmat düşýän söweşe bolan raýdaşlygymyzy we çuňňur baglanyşygymyzy, şeýle-de oňa haýran galýandygymyzy bildirmek üçin geldim” diýip, Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius Ýewromaýdan protestleriniň başlanmagynyň 10 ýyllygynda, Kiýewiň merkezindäki Maýdan skwerinde gül goýanda aýtdy.

Pistorius Ukraina otly bilen geldi. Ol Kiýewde ukrain kärdeşi Rustem Umerow we prezident Wolodymyr Zelenski bilen duşuşar.

Pistoriusyň bu ýurda edýän sapary şu ýylyň başynda goranmak ministri bolaly bäri amala aşyrýan ikinji sapary bolup, ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostiniň Ukraina sapara gelmeginiň bir gün yz ýanyna gabat geldi. Ostin hem öz saparynyň başynda Amerikanyň Ukraina rus goşunlaryna garşy söweşde kömek etmek üçin berýän goldawyny "uzagyndan" dowam etdirjekdigi barada ozal aýdylan sözleri gaýtalady.

Waşington 20-nji noýabrda Kiýewe ýene-de 100 million dollarlyk ýarag we enjam bukjasyny berýändigini yglan etdi.

Gündogar Ukrainada başlanan üzlem-saplam söweşler sekiz ýyllap dowam etdi, haraplary doly öz içine almadyk ýaraşyklara, Günbataryň netijesiz araçylyk synanyşyklaryna garamazdan, geçen ýylyň fewral aýyna çenli, Kreml Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaýança dowam etdi.

Ukraina şu ýylyň başynda, Russiýanyň basyp alan ýerlerini azat etmek üçin, garşylyklaýyn hüjüme başlady, emma şu wagta çenli uly bir ilerleme gazanyp bilmedi.

Kreml 21-nji noýabrda Ýanukowiçiň 2014-nji ýylda häkimiýetden agdarylmagyna sebäp bolan Ukrain rewolýusiýasyny Günbatar howandarlygynda amala aşyrylan döwlet agdarylyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.