Zelenski Türkiýede Erdogan bilen NATO agzalygyny, möhleti dolýan däne şertnamasyny maslahat eder

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (sagda) we çeh prezidenti Petr Pawel 6-njy iýulda Praga köşgünde hormat garawulyny synlaýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 7-nji iýulda türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen gepleşik geçirer, Kiýew NATO ýaranlygyna agzalyk, hem-de özüniň rus güýçlerine garşy alyp barýan garşylyklaýyn hüjümlerinde has köp ýarag iberilmegi ugrunda tagalla edýär.

Zelenski Pragadan Stambula sapar eder. Ol Pragada wagty Wilniusda geçiriljek öňümizdäki NATO sammiti Ukrainanyň harby ýaranlyga geljekki agzalygy boýunça “aýdyň yşarat” bermeli diýdi.

“Biz çakylyk babatynda anyk yşarat, käbir anyk zatlar barada gürrüň edýäris” diýip, Zelenski 6-njy iýulda Pragada çeh prezidenti Petr Pawel bilen geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy. “Biz bu motiwasiýa gerek. Gatnaşyklarymyzda dogruçyllyk gerek” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Zelenski Pragada wagtynda Ukrainanyň garşylyk hüjümlerini teswirledi we çalt hereket edilmeýän-de bolsa, “biz öňe barýarys, ruslar ýaly yza çekilmeýäris” diýdi.

Zelenski biraz öň ýaraglaryň haýal eltilip berilmeginiň garşylyk hüjümleri yza süýşürendigini, basylyp alnan sebitlerde Russiýanyň öz goragyny güýçlendirmegine mümkinçilik döredendigini aýtdy.

Degişli maglumat Ukraina Lwowyň raýat sebitine urlan 'iň agyr zarbada' dört adamyň öldürilendigini aýdýar

Pawel Ukrainanyň NATO ýaranlygyna we Ýewropa Bileleşigine goşulmak tagallalaryna goldaw beýan etdi we Ukraina özüni Russiýanyň agressiýasyna garşy goraýan mahaly Çehiýa respublikasynyň goldawyna mundan beýläk-de bil baglap biler diýdi.

Biraz öň, 6-njy iýulda Zelenski Bolgariýa sapar edip, premýer-ministr Nikolaý Denkowyň goldawyny aldy we Ukrainanyň Günbatar guramalaryna, ýagny NATO ýaranlygyna we Ýewropa Bileleşigine integrasiýasy boýunça jarnama gol çekdi.

Stambuldaky gepleşikleriň öňümizdäki hepde geçiriljek NATO sammitine, şeýle-de ukrain gallasynyň Gara deňiz arkaly iberilmegi boýunça 17-nji iýulda möhleti tamamlanjak ylalaşyga gönükdirilmegine garaşylýar.

Russiýa Ukrainanyň, urşa garamazdan, dünýä bazarlaryna däne eksport etmegine rugsat berýän ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagy babatynda heniz ylalaşmady. Moskwa öz dänesiniň we dökünleriniň eksportynda bar bolan päsgelçilikler sebäpli, şertnamanyň möhletini 17-nji iýuldan aňry uzatmaga esas görmeýändigini aýdýar.

Ylalaşyga araçylyk eden Türkiýe onuň möhletiniň uzaldylmagyna çagyryş etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş agentliginiň başlygy Rebeka Grynspan 5-nji iýulda BMG-niň däne eksporty ylalaşygynyň aman galmagy babatynda aladalanýandygyny, munuň ösüp barýan ýurtlarda azyk howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Ukraina Gündogarda agyr söweşleriň barýandygyny aýdýar, Russiýa Kiýewi serhet sebitine hüjüm etmekde aýyplaýar

Zelenskiniň sapary dowam edýän mahaly, ýurduň harbylary soňky 24 sagadyň dowamynda gündogarda 30 söweşjeň çaknyşyklar barada habar berdi.

Mundan başga-da, ukrain häkimiýetleri günbatar Lwow şäherine edilen we köpgatly ýaşaýyş jaýyny weýran eden rus hüjüminde heläk bolan adamlaryň sanynyň, bir aýal harabaçylygyň aşagynda öli tapylandan soň, 10-a çykandygyny aýtdy. Russiýanyň geçen ýyl girişen giň gerimli çozuşyndan bäri, şäheriň raýat sebitine edilen “iň agyr hüjüm” hökmünde häsiýetlendirilen zarbada azyndan 42 adam ýaralandy.

Bu aralykda, çeh premýer ministri Petr Fiala prezident Wolodymyr Zelenski bilen duşuşygyndan soň çykyşynda Ukrainanyň geljeginiň Ýewropa Bileleşiginde we NATO ýaranlygyna agzalykdadygyny aýtdy. Şeýle-de, ol ukrain lideri bilen duşuşykdan soň, 7-nji iýulda geçiren metbugat ýygnagynda Çehiýa respublikasynyň Kiýewe berýän beýleki hemaýatlarynyň üstüne harby dikuçarlary bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Zelenski ýewropaly resmilerden şu ýyl bileleşige kabul edilmek gepleşiklerine başlamak üçin “mümkin bolan ähli zady” etmegi özelenip haýyş edýär.

“Ukraina biziň üçin hem, tutuş Ýewropanyň howpsuzlygy üçin söweşýär” diýip, Fiala aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.