Rus goşunlarynyň öten agşam Ukrainadaky nyşanalara pilotsyz uçarlar we raketa zarbalary bilen ýene bir tapgyr hüjüm edip, asuda adamlaryň ölümine we beýleki zaýaçylyklara sebäp bolmagy bilen, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 27-nji iýulda ençeme gezek howa hüjümine sezewar bolan Dnipro şäherine bardy.
"Iş gününi Dniproda başladyk" diýip, Zelenski telegram habarlaşma programmasynda ýazdy. "Goşunlary ok-däriler bilen üpjün etmeklige, bar bolan howa goranyş ulgamlaryny ulanmagyň we howa galkanyny berkitmegiň netijeliligine ýakyndan üns berýäris" diýip, Zelenski harbylar we sebit resmileri bilen ara alnyp maslahatlaşylýan temalary nazarda tutup aýtdy.
Şu aralykda, gubernator Oleh Kiperiň 27-nji iýulda, irden beren habaryna görä, Russiýanyň Gara deňizdäki suwasty gämisinden atylan “Kalibr” raketalary Odesa sebitinde bir howpsuzlyk işgärini öldürdi we ýük terminalyna zyýan ýetirdi.
Ukrainanyň Gara deňziň boýundaky esasy porty bolan Odesa soňky hepdelerde rus goşunlary tarapyndan ençeme gezek nyşana alyndy.
Mundan başga, Ýaragly güýçleriň baş ştabynyň irden beren hasabatynda Russiýanyň ýene bir gezek Eýranda öndürilen “Şahid” pilotsyz uçarlaryny ulanandygy, häzirki pursatda edilen hüjümleriň netijeleriniň kesgitlenilýändigi habar berildi.
"Gynansak-da, parahat ilatyň arasynda pida bolanlar bar, ýaşaýyş jaýlary ýykyldy" diýip, harbylar aýtdy.
Ruslaryň soňky 24 sagatda gündogardaky Donetsk we Harkow sebitlerinde atan top oklary netijesinde asuda adamlaryň arasynda iki kişi öldürildi diýip, resbit häkimiýetleri 27-nji iýulda aýtdy.
Kiýew resmileri Moswkanyň şu aýyň başynda BMG-niň araçylygynda baglaşylan däne ylalaşygyndan çykaly bäri onlarça däne eksporty desgasyny ýok edendigini aýtdylar.
Ukrainanyň infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow Russiýanyň ukrain azyk önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilmegine mümkinçilik berjek şertnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwreli bäri 26 sany port desgasyna we galla ammaryna ýa zyýan ýetirendigini, ýa-da olary weýran edendigini aýtdy.
Kubrakow 26-njy iýulda, giçlik eden çykyşynda rus hüjümleriniň maksadynyň "dünýäni ukrain azyklaryndan mahrum etmekden we şunuň bilen global azyk krizisini döretmekden" ybaratdygyny aýtdy.
"Rus hüjümleri netijesinde diňe soňky dokuz günde port infrastrukturasy desgalarynyň 26 sanysyna, bäş sany raýat gämisine zyýan ýetdi we olar bölekleýin weýran boldy" diýip, ol aýtdy.
NATO ýaranlary we Ukraina 26-njy iýulda Russiýanyň Gara deňiz däne ylalaşygyndan ýüz öwürmek baradaky kararyny ýazgardylar. Olaryň aýtmaklaryna görä, bu Russiýanyň Ukrainanyň oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlara ibermegini togtatmak üçin eden matlaply synanyşygy bolup durýar.
NATO-Ukraina geňeşiniň Brýusselde geçirilen ýygnagyndan soň çap eden beýanatynda NATO ýaranlaryň Russiýanyň Odesa, Mikolaýewe we beýleki port şäherlerine eden raketa hüjümlerini, şol sanda Moskwanyň Dunaý boýundaky port şäheri Renide, Ukrainanyň NATO agzasy Rumyniýa bilen serhediniň alkymynda ýerleşýän däne ammary desgasyna eden "siniki" dron hüjümini ýazgarýandygyny aýtdy.
"Russiýa halkara kanunçylygyny we ukrain dänesine garaşly adamlary düýpden äsgermeýändigini görkezmegini dowam etdirýär" diýip, NATO-nyň baş sekretarynyň orunbasary Mircea Geoana aýtdy. “Biz özümiziň Gara deňiz ýaranlarymyz bilen birek-birege raýdaşlykda durýarys we, näçe wagt gerek bolsa, şonça wagt hem Ukraina goldaw bermegi dowam etdireris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Mundan başga, NATO ýaranlary Gara deňiz sebitine edilýän gözegçiligi, şol sanda deňiz patrul uçarlary we pilotsyz uçarlar arkaly edilýän gözegçiligi güýçlendirjekdiklerini aýtdylar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski geňeşiň Russiýanyň galla şertnamasyndan çekilmegini "aç-açan we ikuçsuz ýazgarmagyny" gutlady.
NATO-Ukraina geňeşi krizis ýagdaýlaryndaky pikir alyşmalary üçin platforma bolup hyzmat edýär we Ukraina NATO agzalygy üçin zerur bolan şertleri ýerine ýetirýänçä has ýakyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.