Zelenski ABŞ-da düýpli gepleşikler geçirýär, polýak premýeri Ukraina ýarag üpjünçiligini kesjekdigini aýdýar

Ukrain prezidentiniň Russiýanyň goşunyna garşy durmak üçin halkara jemgyýetçiliginden gyssagly we has kän goldaw soraýar.

Ukrain prezidentiniň Russiýanyň goşunyna garşy durmak üçin halkara jemgyýetçiliginden gyssagly we has kän goldaw soraýan wagtynda, ýaran ýurt bolan Polşa Ukraina indiden beýläk hiç bir ýarag bermeýändigini aýtdy.

Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieskiniň Warşawanyň "Ukrainany mundan beýläk ýarag bilen üpjün etmejekdigini" ýaňzydan wagtynyň yz ýanynda, 21-nji sentýabrda Ukrainanyň alty sebitinde rus bombalamalary netijesinde çekilen ýitgiler Russiýanyň 18 aýlyk çozuşynyň agyr netijeleriniň dowam edýändigini görkezdi.

Morawieski 20-nji sentýabr güni giçlik “Polsat” habar gullugy bilen söhbetdeşlikde ukrain galla eksporty meselesinde dörän diplomatik dawa baradaky sowala jogap berip, NATO ýarany we Kiýewiň urus wagtyndaky iň wepaly ýaranlarynyň biri bolan Polşanyň indiden beýläk Ukraina derek özüni, Polşany has döwrebap ýaraglar bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski BMG-däki çykyşynda ýaranlaryň käbiriniň öz ýurduny ýaraglandyran we goldan bolýandyklaryny aýdyp, ABŞ-a edýän saparyny has köp halkara goldawyny almakda ulanmaga çalyşýan wagtynda, Polşanyň hökümeti eýýäm ýurtdaky ukrain ilçisini çagyryp, öz “berk protestini” bildirdi.

Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Ýablonski, habar berilmegine görä, Zelenskiniň "käbir ÝB ýurtlarynyň raýdaş bolan bolup, gytaklaýyn Russiýany goldaýandygyny” öňe sürüp aýdan sözleriniň dawalary çözmekde "ýerliksiz" usul bolandygyny aýtdy.

Polşa Wengriýa we Slowakiýa bilen bilelikde geçen hepde däne importyna girizilen çäklendirmeleri yglan etdi. Bu çäre, Russiýanyň Ukrainanyň portlaryny gabaw astyna almagynyň we ukrain azyk eksportynyň artmagynyň arasynda, Ýewropa Komissiýasy şeýle harytlara girizilen gadaganlygy uzaltmakdan ýüz öwreninden soň görüldi.

Morawieskiniň galla dawasy sebäpli Ukraina berilýän ýarag üpjünçiliginiň kesilmegi bilen haýbat atmagynyň resmi syýasatdygy ýa-da däldigi anyk däl we halkara guramalary polýak hökümetinden bu ýagdaýyň aýdyňlaşdyrylmagy üçin düşündiriş soraýarlar.

Polşanyň PAP gullugy hökümetiň metbugat sekretarynyň aýdan sözlerine salgylanyp, Polşanyň diňe öň ylalaşylan ok-däriler we ýaraglar, şol sanda Ukraina üçin iberilen ýaraglar bilen üpjün edýändigini aýtdy.

Bu zatlaryň bolýan wagty Zelenski we ukrainalylar üçin oňaýsyz boldy.

Zelenski 19-njy sentýabrda, uruş başlanaly bäri BMG-niň Baş Assambleýasyna baryp eden ilkinji çykyşyndan bir gün soň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň öňünde çykyş edip, Russiýanyň bu geňeşdäki weto hukugyna eýe bolmagyna "jenaýatçylyk" diýip atlandyrdy.

Onuň aýdan bu sözleri prezidentiň ABŞ-da giňeldilen saparynyň bir bölegi bolup, Kiýewiň has uly post-sowet goňşusyndan goranmak üçin halkara goldawyny toplamak ugrunda edýän tagallalarynda aýgytly ähmiýete eýe bolup biler.

Zelenski 21-nji sentýabrda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Kongres liderleri, beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşar.

Ukrainada, ýerli resmileriň aýtmaklaryna görä, Russiýanyň bir topar şäheri raketa we dron nyşanalaryna almagy bilen, 21-nji sentýabr güni irden, ir sagat 4-lerde howa hüjümi duýduryşlary ýaňlandy.

Bu hüjümlerden birnäçe sagat soň, Ukrainanyň elektrik ulgamy operatorynyň beren habaryna görä, Russiýanyň hüjümleri infrastruktura zyýan ýetirip, ýurduň bäş sebitinde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.

Ilatly ýerlerde, şol sanda paýtagt Kiýewde, Çerkasyda we Hersonda pidalaryň bolandygy habar berildi.

Kiýewiň ýerli harby administrasiýasy howada 20-den gowrak nyşanany urandygyny we ýok edilen raketalaryň birnäçesiniň galyndylarynyň şäheriň üstüne gaçandygyny aýtdy.