ÝB sammiti Ukraina babatdaky taryhy karar bilen işini dowam etdirýär

Sammitiň dowamynda Ukrainanyň we Moldowanyň Bileleşige agza bolmagy boýunça gepleşikleri başlatmak barada möhüm öňegidişlik gazanyldy

15-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Brýusselde geçýän sammitiň ikinji güni üçin jemlenýärler. Sammitiň dowamynda Ukrainanyň we Moldowanyň Bileleşige agza bolmagy boýunça gepleşikleri başlatmak barada möhüm öňegidişlik gazanyldy. Emma Ukraina üçin zerur 50 milliard ýewrolyk hemaýat bukjasy bileleşigiň agzasy Wengriýa tarapyndan petiklendi.

Sammitiň öň ýany Ýewropa Bileleşiginiň resmileri, şeýle-de bloguň beýleki 26 agza-döwleti Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbana basyş edip, Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina bilen baglaryny artdyrmak baradaky taryhy tagallalaryna garşylygyny aradan aýyrjak boldular. Ukraina eýýäm 22 aý bäri Russiýanyň gazaply basybalyjylykly hüjümlerine garşy durýar.

Gepleşikler soragy we býujet meseleleri babatynda bileleşigiň ähli agzalarynyň biragyzdan goldawy möhüm.

Orban 15-nji dekabrda irden Wengriýanyň döwlet radiosynda eden çykyşynda “bu prosessi entegem saklap biljekdigini” duýdurdy. Mundan başga-da, ol Ukraina niýetlenen kömek bukjasy babatynda aýak diremegini dowam etdirmäge meýillidigini ýaňzytdy.

“Bu ýalňyş karar. Wengriýa munuň üçin jogapkärçilik çekmeýär. Biz bu prosessi soňra saklap bileris. Eger zerurlyk bolsa, onda biz böwet bolarys we soňky karary Wengriýanyň parlamenti çykarar” diýip, Orban aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Wengriýa üçin niýetlenen milliardlarça dollarlyk maliýe serişdeleri, ýurtda kanunyň hökmürowanlygynyň, demokratiýanyň yza tesdirilmegi, şeýle-de Orbanyň alyp barýan syýasaty babatyndaky beýleki aladalar sebäpli petikli saklanýar.

Mundan bir gün öň, Bileleşigiň agzalary Ukrainanyň agzalyga goşulmak prosessine ýol açdylar.

Mundan başga-da, 27 agzalyk blok Russiýanyň hüjümi sebäpli, sanksiýalaryň 12-nji tapgyryny hem ylalaşdy. Bu barada Ýewropa geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel mälim etdi.

Mişel Ukraina bilen gepleşiklere başlamak kararynyň “[Ukrainanyň] adamlaryna we biziň kontitentimize umydyň yşaraty bolandygyny” aýtdy.

Agza bolmak gepleşikleri dessine başlanman, olar ýyllara çekip bilse-de, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski muny gowy garşylap, X sosial ulgamynda munuň “Ukraina üçin ýeňiş bolandygyny. Tutuş Ýewropa üçin ýeňişdigini” aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi harby ýaranlyk bolmasa-da, oňa agzalyga kabul edilmegiň Russiýanyň agressiýasyna we täsirine garşy durmaga mümkinçilik berjekdigi çaklanylýar.

Zelenski Moldowany we onuň prezidenti Maia Sanduny Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmak ugrundaky barýan “ymykly ýoly” bilen gutlady.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Gürjüstana hem kandidat statusyny berdiler.

Kreml Ýewropa Bileleşiginiň kararlaryna nägilelik bildirdi. “Bu dolulygyna syýasylaşdyrylan karar” diýip, prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow aýtdy.