ÝB Russiýa garşy täze sanksiýalary girizdi

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Josep Borrell

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi Russiýa garşy sanskiýalaryň 12-nji bukjasyny kabul etdi. Täze gadagançylyklar almazlaryň söwdasyna, ýaraglaryň önümçiliginde ulanyp boljak serişdelere çäklendirmeleri girizýär, şeýle-de rus nebitine girizilen “baha çägine” boýun bolmak şertleri berkleşdirýär.

“Biz Russiýanyň uruş maşynyny mundan beýläk-de gowşatjak berk täze sanawlary we ykdysady çäreleri ornaşdyrýarys. Meniň Kiýewde geçirilen Daşary gatnaşyklar geňeşiniň näresmi sammitinde hem belleýşim ýaly, biziň berjek bolýan habarymyz aýdyň: Biz Ukraina babatyndaky üstümize alan borçlarymyza ygrarly bolup durýarys, şeýle-de mundan beýläk-de onuň azatlyk we özygtyýarlylyk ugrundaky göreşinde goldawymyzy dowam etdireris” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Josep Borrell aýtdy.