ÝB-niň öňki daşary syýsat başlygy Federika Mogerini Belgiýada saklandy

Federika Mogerini

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edarasynyň öňki başlygy Federika Mogerini Belgiýada, ÝB-niň serişdeleriniň nädogry ulanylmagy baradaky derňewiň çäginde saklandy diýip, “Le Soir” we “Euractiv” neşirleri habar berýär.

Belgiýa polisiýasy 2-nji dekabr güni irden ÝB-niň Brýusseldäki Diplomatik gullugynda, Brýuggedäki Ýewropa Kolležinde we birnäçe hususy jaýda gözleg, barlag işlerini geçirdi. Habarda aýdylmagyna görä, satyn alyş işlerindäki galplykda, korrupsiýada we bähbitleriň çaknyşygy bilen bagly düzgün bozmalarda güman edilip, üç adam sorag etmek üçin tussag edildi.

Mogerini 2020-nji ýyldan bäri ÝB-niň diplomatlar we döwlet gullukçylary üçin aspirantura mekdebiniň, Ýewropa kolležiniň rektory wezipesinde işleýär.

“Euractiv” derňew bilen tanyş dört çeşmä salgylanyp, bu kolležiň tender arkaly Brýuggede üç million ýewro durýan binany satyn alandygyny, meseläniň şol söwda bilen baglydygyny habar berýär.