Geçen ýylda köp zat «XXI asyrda ilkinji gezek boldy» — ilki bilen, elbetde, Ýewropada barýan doly möçberdäki uruş barada gürrüň gidýär. Bu uruş döwründe biz garşylykly taraplaryň kosmosda hemralaryň ösen ulgamynyň bolmagynyň nähili wajypdygyna göz ýetirdik. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, rus çozuşlarynyň başky aýlardaky hüjüminde, Ukrainanyň artykmaçlyk gazanmagyna hut şol satellit suratlary ýardam edipdir. Rus goşunlary geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň kartalary bilen Ukrainanyň şäherlerine “gözsüz” hüjüm edýän wagtynda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleri (UÝG) ýokary takyklykdaky döwrebap satellit suratlaryna eýe boldular. Russiýada şeýle suratlary alyp bilýän hemralar ýok diýerlikdir.
Tölegli satellit suratlary hatda žurnalistlere-de birnäçe barlag geçirmäge mümkinçilik berdi. Mysal üçin, Azatlyk Radiosy oktýabr aýynyň ortasynda, Ukrainanyň Herson sebitinden, rus goşunlarynyň çaltlyk bilen yza çekiljeklerini şol suratlaryň kömegi bilen öňünden aýdyp bildi.
Satellit suratlary tebigy betbagtçylyklara, sport ýaryşlaryna we ylmyň gazananlaryna we beýleki ähmiýetli dünýä wakalaryna täze burçlardan (sözüň göni manysynda) seretmäge mümkinçilik berýär. Azatlyk Radiosy geçen 2022-nji ýylda hemralar tarapyndan düşürilen iň geň suratlary çap edýär.
Ýanwar
2022-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda, XXI asyryň iň güýçli wulkan partlamasy bolup geçdi. Hunga-Tonga-Hunga-Haapaý wulkany ýokarlygyna kül sütünini zyňdy, bary-ýogy 30 minutda, ol 58 kilometre ýetdi. Şeýle hem wulkan howa giňişligine ägirt uly mukdarda suw bugarmasyny goýberdi. Bu partlama Täze Zelandiýada, ABŞ-da, Çilide we Peruda sunami tolkunynyň döremegine sebäp boldy. Noýabr aýynda wulkanolog-alymlar şeýle häsiýetde bolup geçýän wulkanlaryň taryhynda, ony iň güýçlüsi hasapladylar. Suratda – Hunga-Tonga-Hunga-Haapaý wulkanyndan kül we tüssäniň ilkinji ýokary göterilişi, entek gaýnak partlamasyndan 8 gün öň satellit tarapyndan alnyp, Planet.com. gullugy tarapyndan 7-nji ýanwarda çap edildi.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Gresiýada seýrek duş gelýän gar tupany, ol Afiny şäherini ak örtük bilen büredi. Beýle howa sebitde seýrek duş gelse-de, bu Gresiýanyň paýtagtynda yzly-yzyna dowam edýän ikinji garly gyşdyr. 26-njy ýanwarda Planet.com tarapyndan hödürlenen bu suratda, Afinynyň gar bilen örtülen esasy synlanýan ýeri Akropol – gadymy köşk düşürilipdir.
Fewral
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Alpine skiing training in Yanquing, China, Winter Olympics 2022, captured by satellite and published by Planet.com
2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy. Hemralar diňe bir surata düşürmek däl, eýsem wideo çekip bilýärler; bu ýerdäki şekil, elbetde, diňe gara we ak reňkde.
24-nji fewralda Orsýet Ukraina garşy doly möçberdäki hüjümlerine başlady, uruş ýylyň ahyryna çenli bu ýurduň 15 müňden gowrak parahat ilatynyň janyna kast etdi hem on müňlerçe rus soldaty öldi (ýaraly bolanlar bilen bilelikde, rus ýitgileri 100 müňden gowrak adama barabar). Russiýa urşa ägirt köp mukdarda raketa hüjümleri bilen başlady. Emma bu hüjümler Russiýanyň harbylarynyň garaşanyndan, has az netijeli boldy. Ukrainanyň Ýaragly güýçleri bu çozuşa taýýarlyk görýärdiler we öz güýçlerini Russiýanyň nazarda tutýan ýerlerinden üýtgedip, täzeden ýerleşdirdiler. Ýokardaky suratda Harkowyň golaýyndaky Çuhuýew harby howa menzili, 24-nji fewralda rus hüjüminden soň.
Mart
Awstraliýada şu ýylyň fewral, mart hem aprel aýlarynda dowamly ýagan ýagyşlar sebäpli, görülmedik suw joşguny boldy. Betbagtçylyk döwründe 22 adam heläk boldy. Satellit tarapyndan 1-nji martda Kulangatta şäheriniň üstünden alnan bu suratda, suw joşgunynyň ekin meýdanlaryny basyp, şäherden geçip, deňze ýetendigi aýdyň görünýär.
15-nji martda alnan Planet.com gullugynyň bu satellit suratlarynda, rus goşuny tarapyndan basyp alan Herson oblastynda, biderek zaýaçylygyň nyşanyna öwrülen Çernobaýewka, onuň etegindäki harby howa menzilinde ýerleşdirilen rus uçarlary görünýär. Çernobaýewkadaky aerodroma UÝG tarapyndan gaýta-gaýta hüjüm edildi, ahyrsoňy ony ruslar terk etdiler, şeýle hem Herson oblastynda derýanyň tutuş sag kenaryndan çykdylar. Ol ýer Ukraina tarapyndan noýabr aýynyň başynda azat edildi.
Britan "Enduranc" barkentininiň gözleg ekspedisiýasy 2022-nji ýylyň martynda üstünlikli tamamlandy, ol 1915-nji ýylda Antarktidanyň kenarýakasynda gark bolupdy. Günorta Afrikanyň Keýptaun şäherinden, Antarktidanyň buzlugyna giden ekspedisiýa bir nämälim meýletinçi tarapyndan maliýeleşdirildi. Ol munuň üçin 10 million dollardan gowrak pul çykardy. Enduranc barkentinasy anglo-irland barlagçysy Ernest Şekltonyň ýolbaşçylygynda bolup, Britan imperatorlyk Trans-Antarktika ekspedisiýasynyň bir bölegidi. Olaryň maksady Antarktikanyň iň gysga ýerinden kesip geçmekdi. Deňizçiler bu maksada ýetip bilmedi, gämi buz gysyşyna duçar bolup bölündi we gark boldy. Gäminiň ekipažy gaçyp gutuldy we diri galdy.
Ol gämini 3008 metr çuňlukdan tapdylar. Gäminiň galyndylary özi hereket edýän suwasty apparatyň kömegi bilen surata düşürildi, ýöne olary ýokary çykaryp bolmaýar, galyndylar taryhy ýadygärlik hasaplanylýar we müdimilik deňziň düýbünde galmalydyr.
Aprel
2022-nji ýylyň martynda "Ever Forward" konteýner gämisi ABŞ-nyň Çesapegiň ýalpaklygynda batdy we ol ýerde bir aýlap saklandy. 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde SkySat tarapyndan düşürilen suratda, gämini ýalpaklykdan çekmek üçin, konteýnerleriň düşürilendigi görünýär.
Maý
Gurluşygy doly tamamlanandan soň, “Çakdan aşa uly teleskop” (The Extremely Large Telescope, ELT) Ýer ýüzünde öňe-soňda gurlan iň uly optiki teleskop bolar. Ol Çiliniň Atakama çölündäki dagyň üstünde gurulýar, ol ýerde eýýäm beýleki teleskoplar, şol sanda “Örän uly teleskop” (VLT) hem bar. “Çakdan aşa uly teleskopyň” aýnasy şu günki günde dünýäde bar bolan teleskoplara garanda, 15 esse köp ýagtylyk ýygnap biler we orbita teleskopy "Hubble" garanyňda, suratlary has ýokary derejede jikme-jik almaga mümkinçilik berer.
Iýun
2022-nji ýylyň 10 - 13-nji iýuny aralygynda, ABŞ-nyň "Ýellowston" milli goraghanasynda, atmosferanyň akabalary urlup, taryhda görülmedik sil joşgunyna getirdi. Netijede, 34 ýylyň içinde ilkinji gezek goraghanany ýapmaly boldy, köp million dollarlyk zyýan ýetirilip, golaýdaky obalarda hem weýrançylyk döretdi. 2022-nji ýylyň 22-nji iýunynda SkySat tarapyndan alnan suratda, betbagtçylyga uçran ýerleriň diňe belli bölegi görünýär.
17-nji iýunda Hytaý döwlet gämi gurluşyk korporasiýasy üçünji milli uçar göteriji gämini ýüzüşe goýberdi, oňa ýurduň gündogar welaýatynyň hormatyna "Fujian" ady dakyldy. "Fujian" – Aziýa döwletleriniň arasynda, öňde-soňda gurlan iň uly we güýçli harby gämi” diýlip atlandyrylýar. Planet.com suratynda, onuň ýüzüşe goýberilmezden iki gün öň, ýagny 15-nji iýundaky durky.
Iýul
Bu aý Ýewropada we Demirgazyk Afrikada ýene-de bir heläkçilik bilen häsiýetlendi. Görlüp-eşidilmedik yssy we onuň netijesinde döreýän tokaý ýangynlary Fransiýada, Ispaniýada, Portugaliýada, Gresiýada kynçylyk döretdi. Suratda Marokkonyň Ouezzan şäheriniň golaýyndaky tokaý ýangynyndan göterilýän tüsse, ol 14-nji iýulda satellit tarapyndan düşürildi.
Yssy howa Germaniýa bolsa gurakçylygy getirdi. Onlarça ýylyň içinde ilkinji gezek Reýn derýasynyň düýbüniň käbir bölekleri göründi hem gämi gatnawlaryna çynlakaý päsgel berdi.
Awgust
Siziň köpüňiziň (onuň adyny aýtmak kyn bolsa-da) "Eyjafjallajökudl" wulkany ýadyňyza düşýändir, Islandiýadaky wulkan şeýle atlandyrylypdy. Onuň oýanyşy 2010-njy ýylda bolup, atmosfera ägirt köp mukdarda külüň ýaýramagyna getirdi, demirgazyk Ýewropanyň üstünde uçar gatnawlaryny ysmaz etdi. 2022-nji ýylyň awgustynda, Islandiýanyň başga bir wulkany Fagradalsfjadl özüni tanatdy. Otly gaýnak öňküsi ýaly ägirt güýçli bolmasa-da, birnäçe ýer titremelerine sebäp boldy hem hemradan käbir reňkli suratlary almaga mümkinçilik berdi.
Tomsuň ahyrlarynda hem güýzüň başynda, Pakistanda musson ýagyşlary zerarly dörän tebigy betbagtçylyklar dowam etdi. Ýurtda howa gatnawlary, ýer üsti hem demir ýol hereketleri kesildi, on müňlerçe jaýlar weýran boly ýa-da zaýalandy, ýarym milliondan gowrak mal öldi. Tassyklanan maglumata görä, diňe Sind welaýatynda silden ejir çekenleriň sany 320 adama ýetdi. Bu suratda Nawuşera şäherinde suw basan ýaşaýyş jaýlary görkezilýär. Surat 29-njy awgustda düşürildi.
Şol bir wagtda Hytaý öz taryhynda iň agyr gurakçylyklaryň birini başdan geçirýärdi. Meşhur Ýangzy derýasy ýalpaklaşdy, oňa birigýän köller gurady. Bu suratlar Planet.com tarapyndan, 2022-nji ýylyň 8-nji we 22-nji awgustynda satellitden alyndy, onda Hytaýyň iň uly kölleriniň biri bolan Poýangy görünýär.
Sentýabr
Güýz paslynda harasatlaryň we suw joşgunynyň möwsümi başlanyp, Ýaponiýada, Puerto-Rikoda, Meksikada, ABŞ-da we başga-da birnäçe ýurtlarda kynçylyklary emele getirdi. Bu suratda Floridanyň golaýyndaky Meksika aýlagynyň kenarynda bolan harasadyň netijeleri görkezilýär. “Ien” harasady Kubanyň günbataryna we ABŞ-nyň günorta-gündogaryna uly zyýan ýetirdi. 150-den gowrak adam onuň pidasy boldy, ýetirilen maddy zyýan 50 milliard dollardan gowrak.
26-njy sentýabrda Şwesiýanyň we Daniýanyň seýsmologlary Baltika deňzinde azyndan iki ýer titremesini hasaba aldylar. Şol gün hem Russiýadan Germaniýa suwasty gaz geçiriji – ilki “Demirgazyk akym – 2”, soňra “Demirgazyk akym – 1” turbalaryna uly möçberde zyýan ýetirilendigi mälim boldy. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, olar partladylypdyr. Munuň jogapkärdiginiň kime degişlidigi entek mälim däl.
Oktýabr
8-nji oktýabrda Krym basylyp alnandan soň, Russiýa tarapyndan gurlan Kerç bogazynyň aralygyndaky köprüde güýçli partlama boldy. Ukrainanyň häkimiýetleri bolan wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne almasalar-da, munuň üçin Russiýa Ukrainany günäkärledi. Köpriniň üstündäki demir ýol ulgamynyň we awtoulag ýolunyň zaýalanmagy, häzire çenli-de agyr ýük gatnawyna gadagançylygy emele getirýär. Russiýa partlama jogap hökmünde, Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna ägirt uly hüjümler geçirdi. Köpri sebäpli gatnawyň çäkli bolmagy Ukrainadaky rus goşunlary üçin, agyr kynçylyk döredýär.
Noýabr
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Timelapse of construction of the Lusail stadium in Dokha, Qatar. Imagery by Planet.com
20-nji noýabrda Katarda futbol boýunça dünýä ýaryşy başlandy, ýurduň howa şertlerine görä, oýunlar güýz-gyş paslynda geçirildi. Çempionat Katar häkimiýetleriniň adam hukuklaryny bozmagynyň tankytlanýan we FIFA para almak arkaly Katara hukuk berlendigi baradaky aýyplamalaryň fonunda geçdi. Ýaryş tamamlanandan soňra, Gresiýada Ýewropa Parlamentiniň wise-prezidenti Ewa Kaýli tussag edildi: ol para almak bilen ÝB-de Kataryň oňyn keşbini döretmäge kömek edenlikde şübhelenýär, hususan-da, şol ýurtda zähmet migrantlarynyň agyr ýagdaýy barada maglumatlary ýoýmakda aýyplanýar.
Katar nebitden gelýän girdejiden, 2009-2022-nji ýyllarda öň görlüp-eşidilmedik gurluşyk işlerini alyp bardy hem dünýä çempionatyny geçirmek üçin, infrastruktura gurmagy başardy. Planet.com tarapyndan düzülen bu wideoda, 2022 - Dünýä çempionatynyň final ýaryşy geçirilen Luzail milli stadionynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy görkezilýär.
Dekabr
Bu sergi ýene-de bir reňkli şekil döreden – Gawaýadaky Mauna-Loa wulkany bilen tamamlanýar. Ol noýabr aýynyň aýagynda oýandy we takmynan 40 ýylyň içinde ilkinji gezek bolup geçýär. 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda SkySat hemrasyndan düşürilen suratda, wulkandan çykýan otly erginiň ýoly görünýär. ABŞ-nyň geologiýa barlaglarynyň netijesine görä, otly ergin akymlary dag etegindäki obalara howp salmaýar.
Maglumat Mark Krutow tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.