Russiýada prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmekçi bolýan, urşa garşy çykyş edýän ýeke-täk kandidat Boris Nadeždiniň 8-nji fewralda beren maglumatyna görä, ýurduň Merkezi Saýlaw Komissiýasy (TsIK) ony hasaba almakdan ýüz öwüripdir. Bu ýagdaý häkimiýet başyndaky prezident Wladimir Putine nobatdaky alty ýyl möhlete saýlanmagyna goşmaça artykmaçlyk berer.
TsIK-iň 8-nji fewralda çykaran höküminde bellenilişi ýaly, Nadeždiniň hasaba durmak üçin toplan zerur 100 müň golunyň diňe 95 müň 587-si geçerli çykypdyr. Şol bir wagtda, syýasy partiýanyň adyndan hödürlenýän dalaşgäre 105 müňden artyk gol tabşyrmaga rugsat berilmeýär.
TsIK häzire çenli dalaş edip biläýjek oppozision dalaşgärleri, olaryň ýeterlik gollary toplamandygyny bahanalap, hasaba alman gelýär. Saýlaw komissiýasy mundan öň, Nadeždiniň tabşyran gollarynyň 15%-inde “kemçilikleriň” tapylandygyny aýdypdy. Bu rugsat berilýän 5% çäkden has uly.
Özbegistanda doglan 60 ýaşly akademik we ozakly kanunçykaryjy saýlawlara Raýat Platforamasy partiýasynyň adyndan hödürlenipdi. Ol Saýlaw komissiýasynyň kararyny Ýokarky sudda hem şikaýat etjekdigini aýtdy.
“Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň netijesi bilen ylalaşmaýaryn. Tutuş Russiýa boýunça 200 müňden hem aşa gol topladym. Biz bu prosessi açyk we adalatly gurnadyk. Biziň baş edaramyzyň we gol toplanýan merkezleriň öňündäki adamlaryň nobatlaryny tutuş dünýä synlady” diýip, Nadeždin Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.
“2024-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak durmuşymdaky iň wajyp syýasy karar boldy. Öz maksatlarymdan el çekmekçi däl. Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň çykaran netijesini Russiýa Federasiýasynyň Ýokary sudunda şikaýat ederin” diýip, ol sözüne goşdy.
Russiýadaky saýlawlar Kreml tarapyndan berk gözegçilik edilýär we ne adalatly, ne-de açyk hasaplanýar. Muňa garamazdan, hökümet bu prosessi özi babatyndaky kanunylyk aňyny döretmek üçin ulanýar. Oppozision dalaşgärleriň çetleşdirilmegi, ses galplyklary we manipulýasiýanyň beýleki görnüşleri dagy saýlawlara kölege salýar.
Bu aralykda, Kremliň ýurduň syýasy we media meýdanyny, kanun goraýjylary, şeýle-de beýleki pudaklary öz gysymynda berk saklamagy Putine ynamly ýeňiş getirjekdigine meňzeýär. Ol Russiýany, prezident we premýer-ministr wezipelerinde, 1999-njy ýyldan bäri dolandyryp gelýär.
Ýöne az bilinýän Nadežnine görkezilen garaşylmadyk uly goldaw, Kremliň Putiniň kanunylygyny ilerletmek ugrundaky has agressiw çemeleşişine düzedişleri girizdi. Nadeždin Ukraina çozuşyň “fatal ýalňyşlyk” bolandygy aýdýar, şeýle-de Putiniň ýurdy öňe däl-de, yza çekýändigini nygtaýar.
Nadeždini tussaglykdaky oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň egindeşleri, şeýle-de öz-özünden bosgunlyga çykan Maksim Kats we Mihaýil Hodorkowski dagy goldadylar.
Putine hakyky garşylyk görkezip biljekdigi öýdülen dalaşgärleriň käbiri tussaglyga ýerleşdirildi, beýlekileri öz howpsuzlygyndan howatyr edip, ýurdy terk etdi.