Ukrainanyň şäherlerine, obalaryna rekord derejede hüjüm edildi

Russiýa Ukrainanyň Kremençuk şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawody nyşana aldy.

Ukraina 31-nji oktýabrda Russiýanyň ýurduň 118 şäherine we obasyna zarba urandygyny aýdýar. Bu şu ýylyň dowamynda ilatly punktlara birden edilen iň iri hüjüm boldy.

Zarbalar Ukrainanyň 10 regionynda hasaba alyndy diýip, Içeri işler ministrligi 1-nji noýabrda habar berdi.

Ministrlik rus harbylarynyň merkezi Poltawa regionynyň Kremençuk şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawoduny nyşana alandygyny, dörän ody söndürmek üçin 100-e golaý ýangyn söndürijiniň gatnaşandygyny mälim etdi. Hadysada adam pidalary barada maglumat berilmedi.

Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw regionyna urlan zarbalar sebäpli bir adam öldi, ýene biri ýaralandy diýip, ministrlik nygtady.

Gündogardaky Donetsk regionynda rus güýçleriniň zarbasy netijesinde-de bir adam heläk boldy.

Günortadaky Herson regionynyň hem agyr zarbalara sezewar edilendigi, hüjümde bir adamyň ölendigi, başga-da ikisiniň şikes alandygy bellenilýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 31-nji oktýabrda eden çykyşynda, Russiýanyň okupirlän sebitlerini yzyna almak boýunça geçirilýän garşylyklaýyn hüjüm tagallalarynyň ýuwaş depginini gorady.

Zelenski gijeki ýüzlenmesinde dünýäniň çalt üstünlige garaşýandygyny we 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň Ukraina hüjüme başlanynda, Ukrainanyň aýakda galjakdygyny az adamyň çaklandygyny belledi.

“Biziň adamlarymyz, esgerlerimiz tarapyndan amal edilen uly işler häzir bolmaly bir zat hökmünde kabul edilýär... Näme bolsa-da, biz öz üstümize düşýänini etmeli, öz döwletimizi, Ukrainanyň garaşsyzlygyny goramaly” diýip, Zelenski aýtdy.

Ukrainanyň iýunda başladan garşylyklaýyn hüjüm hereketlerine garamazdan, soňky aýlarda müň kilometre golaý front çyzygynyň ugry boýunça az üýtgeşikler boldy.

31-nji oktýabrda ýokary derjeli harby ýolbaşçylar bilen geçirilen maslahatda, ýurduň gündogar we demirgazyk-gündogar sebitlerinde, şol sanda Awdiýiwkada dowam edýän agyr çaknyşyklar barada gürrüň edildi. Soňky hepdeler Russiýanyň güýçleri Awdiýiwkany ele geçirmek ugrunda tagalla edýärler.

Şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Witaliý Barabaş Awdiýiwkanyň hüjümleriň täze tolkunyna taýýarlyk görýändigini mälim etdi.

“Duşman güýçlerini we serişdelerini çekýär. Ýigitlerimiz täze tolkuna taýýarlanýar” diýip, Barabaş milli telewideniýede çykyş etdi.

Ukrainanyň gury ýer goşunlarynyň metbugat wekili Wolodymyr Fitýonyň sözlerine görä, Russiýanyň güýçleri, şol sanda Kupýansk ugry boýunça hem ünsüni jemleýär. Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän bu şäheri hüjümiň ilkinji günlerinde basyp alsalar-da, ol geçen ýyl Ukraina tarapyndan azat edilipdi.

“Biziň gorag güýçlerimiz duşmanyň Kupýanska edýän hüjümlerini yza tesdirmegini dowam etdirýär” diýip, Fitýo brifingiň dowamynda aýtdy.

Bu aralykda, 31-nji oktýabrda Moskwa Bahmut şäheriniň golaýynda üstünlikli hüjüm hereketlerini geçirendigini öňe sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.