Ukrainanyň aglaba sebitinde howa hüjümi duýduryşlary ýaňlandy

"Ukrainanyň güýçleri ýurduň gündogar we günorta sebitlerinde rus goşuny bilen agyr çaknyşyklary alyp barýar"

4-nji oktýabrda Ukrainanyň günorta, gündogar we merkezi sebitlerinde howa hüjümi baradaky duýduryş signallary ýaňlandy. Şeýle-de, günortadaky Dnipropetrowsk sebitinden partlamalar barada maglumatlar gowuşdy. Bu aralykda, Moskwa Russiýanyň üç sebitiniň üstünde Ukrainanyň dronlarynyň “ýok edilendigini” öňe sürdi.

Krywiý Rihde bolan partlama bilen ilteşikli deslapky maglumatlarda köp jikme-jik ýok. Mundan öň, howa hüjümi baradaky duýduryş signallary Odesa, Mykolaýiw we Herson regionlarynda hem ýaňlandy diýip, degişli sebitleriň resmileri habar berdiler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşamyň dowamynda ýurduň howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň Ukrainanyň 31 dronuny urup düşürendigini we Ukrainanyň ýörite güýçleriniň Kryma aşmagynyň öňüniň alnandygyny aýtdy.

“Howa hüjüminden goranyş ulgamlary Belgorod, Brýansk we Kursk regionlarynyň üstünde Ukrainanyň pilotsyz howa abzallarynyň 31-ni anyklady we ýok etdi” diýip, ministrlik 4-nji oktýabrda Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

“Russiýanyň uçary Ukrainanyň desant toparynyň Krymyň territoriýasyna girmek synanşygynyň öňüni aldy. Olar ýokary tizlikli harby gämide we üç gidrosikl bilen Tarkhankut burny ugry boýunça hereket edýärdiler” diýip, ministrlik belledi. Bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak başartmady.

Soňky aýlardan bäri Russiýanyň serhetlerine golaý sebitlere, hat-da Moskwa garşy hem dronlar bilen edilýän hüjümler ýygjamlaşdy. Ýogsa, Russiýa geçen ýylyň fewralynda Ukraina garşy esassyz urşy başladandan bäri, Ukrainanyň şäherlerine we energiýa infrastrukturasyna garşy hetdi-hasaby bolmadyk heläkçilikli dron we raketa zarbalaryny urýar.

Söweş meýdany barada aýdylanda, Ukrainanyň güýçleri ýurduň gündogar we günorta sebitlerinde rus goşuny bilen agyr çaknyşyklary alyp barýar diýip, harbylar mälim etdi.

4-nji oktýabrda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň beren maglumatyna görä, Zaporižýa sebitiniň Melitopol we Donetsk regionynyň Bahmut ugurlary boýunça hüjüm hereketleri dowam etdirilýär. Beýanatda ukrain güýçleriniň ruslaryň Bahmutyň golaýyndaky garşylyklaýyn hüjümlerini hem yza tesdirendikleri nygtalýar.

“Soňky 24 sagadyň dowamynda front çyzygy boýunça 43 çaknyşyk boldy” diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden möhüm ýaranlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirip, geçen hepdäniň aýagynda Kongresiň kabul eden çykdajy çärelerinden Kiýewiň uruş tagallalary üçin maliýe hemaýaty aýrylandan soň, Birleşen Ştatlaryň Ukraina babatynda ykjam durandygyny ynandyrdy.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg munuň bilen bagly X, ozal Twitter atlandyrylan sosial ulgamda, munuň ‘gowy jaň bolandygyny’ aýtdy, şeýle-de “biz Ukrainany näçe zerur bolsa, şonça-da goldamaga ygrarly” diýip ýazgy galdyrdy.

Ak Tamyň maglumatyna görä, Baýden we döwlet sekretary Antoni Blinken bilen geçirilen söhbetdeşlige başga-da Polşanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Britaniýanyň, Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Geňeşiniň dagy liderleri gatnaşypdyrlar.

Baýden liderlere Kongresiň Ukraina üçin täze hemaýaty bölüp bermäge razy boljakdygyna “ynamlydygyny” aýtsa-da, Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşiň metbugat wekili Jon Kirbi Birleşen Ştatlaryň hemaýatynyň “belki-de birnäçe aýa ýa-da şoňa golaý” wagta galandygyny duýdurdy. Ol gyş düşmänkä Ukrainanyň haýal depginler bilen alyp barýan garşylyklaýyn hüjüm tagallalaryna hemaýatyň möhümdigini hem sözüne goşdy.

“Wagt biziň dostumyz däl” diýip, Kirbi žurnalistlere aýtdy. “Bizde Ukrainanyň söweş meýdanyndaky mätäçlikleri üçin ýene biraz goldaw bermek üçin serişdelerimiz bar. Emma Kongresiň hereket etmegi gerek” diýip, ol sözüni ýetirdi.