Ukrainanyň harbylary Russiýa tarapyndan okupirlenen Hersondaky bir türgenleşik merkezine zarba urandygyny mälim etdiler. Bu ýerde rus goşuny Dnepr derýasynyň çep kenaryndaky Krynka sebitine hüjüm etmäge taýýarlyk görýärdiler. Bu şu hepdäniň dowamynda, Russiýanyň şahsy düzüminiň hataryndan onlarça adamyň heläk bolmagyna getiren ikinji hüjüm boldy.
Şol bir wagtda, Kiýew Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň, hamala, Krynkadaky ukrain berkitmesiniň ele geçirilendigi baradaky öňe sürmesini ret etdi.
“Russiýanyň güýçleriniň Nowaýa Harkowkanyň golaýyndaky jemlenen türgenleşik merkezlerine azyndan üç gezek zarba uruldy” diýip, Günorta Ukrainadaky Goranyş güýçleriniň metbugat wekili Nataliýa Humenýuk 22-nji fewralda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Russiýanyň harbylary Krynka hüjüm etmäge taýýarlyk görýärdiler. Olar bu ýeri eýýäm aldyk diýip habar ýaýradypdylar… Deslapky maglumatlara görä, [Russiýanyň güýçleriniň] Dnepr toparynyň serkerdeleri hem şol ýerde bolupdyr. Bu maglumat entegem barlanýar” diýip, Humenýuk belledi.
Başga bir beýanatda Humenýuk, hüjümde azyndan 60 rus esgeriniň öldürilendigini aýtdy.
Russiýa bu hüjümi teswirlemedi. Bu barada ilki hem Ukrainanyň DeepState Telegram kanaly, hem-de Russiýanyň urşuň tarapynda çykyş edýän bloggerleri habar beripdiler, we hüjümde köp adam ýitgileriniň bolandygyny nygtapdylar.
Emma bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar.
20-nji fewralda Şoýgu prezident Wladimir Putin bilen duşuşygynda, Krynkanyň “arassalanandygyny” habar berdi. Emma Ukrainanyň harbylary bu beýanaty “faktlaryň galplaşdyrylmagy” diýip atlandyrdy.
2022-nji ýylyň noýabrynda Ukrainanyň güýçleri Herson şäherini we Dnepr derýasynyň çep kenaryndaky beýleki sebitleri azat edip, rus goşunlaryny derýanyň beýleki tarapyna çekilmäge mejbur edipdiler. Geçen ýyl, Kiýewiň güýçleri Dnepriň çep kenarynda kiçi berkitmäni hem ornaşdyrmagy başarypdy. Bu ýer hem Russiýanyň dowamly zarbalarynyň nyşanasyna öwrüldi.
Ukrainanyň Russiýanyň güýçleriniň Hersondaky toparyna urandygy aýdylýan zarbasy, soňky birnäçe günüň dowamynda köp sanly adam ýitgilerine getirendigi barada maglumat berlen ikinji hüjüm boldy.
21-nji fewralda BBC gullugy Ukrainanyň Moskwa tarapyndan okupirlenen Donetskdäki türgenleşik merkezine uran zarbasynda azyndan 60 rus esgeriniň öldürilendigini habar beripdi.
Bu baradaky habar bilen ilteşikli ne Russiýa, ne-de Ukraina teswir berdi.