Ukraina Russiýanyň dron hüjümini tesdirdi

Ukrainanyň goragçylary

6-njy dekabrda irden Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamy Russiýanyň atan Eýranda öndürilen dronlaryň 48-inden 41-ni ýok etdi. Bu barada Harby howa güýçleri mälim etdi.

“Jemi hasapda Şahed 136/131 kysymly 48 sany hüjüm drony atyldy. Howa hüjüminden goranyş ulgamlary duşmanyň 41 dronuny ýok etdi” diýip, beýanatda aýdylýar.

Maglumatda dronlaryň Moskwa tarapyndan okupirlenen Krymdan we Russiýanyň Kursk regionyndan atylandygy bellenilýär.

Hüjümiň netijesinde dörän mümkin adam ýitgileri we weýrançylyk barada maglumat berilmedi.