Ukraina we Russiýa, iki ýurt hem 15-nji fewralda parahat ilatyň arasynda ölüme we ýaralanmalara, maddy zyýana sebäp bolan raketa we dron hüjümleriniň amala aşyrylandygyny habar berdiler.
Russiýanyň MiG 31 söweş uçarlarynyň ýurt içindäki harby howa meýdançalaryndan asmana göterilendigi mälim bolanyndan soň, Ukraina 15-nji fewralda ikinji gezek bütin ýurdy öz içine alýan howa hüjümi duýduryşyny yglan etdi.
Ukrainanyň gündogar Harkow sebitiniň häkimi Oleh Synyehubow rus serhediniň golaýynda ýerleşýän Welikiý Burluk obasyna öten agşam urlan rus raketa zarbasynda ölenleriň sanynyň bäş adama ýetendigini aýtdy. Ol ilki iki adamyň ölendigini habar beripdi.
Ýerli häkimiýetler Russiýanyň ugrukdyrylýan S-300 raketalarynyň iki gatly ýaşaýyş jaýyna we onuň gapdalyndaky jaýa gelip urandygyny aýtdylar.
"Häzire çenli parahat ilatdan bäş adamyň öldürilendigi mälim - 74, 54 we 27 ýaşlaryndaky üç aýal, 41 we 53 ýaşly iki erkek heläk boldy" diýip, Synyehubow Telegramda ýazdy.
Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko şäheri nyşana alan raketalaryň ählisiniň urlup gaçyrylandygyny we irden, iki sagatdan gowrak dowam eden ilkinji howa hüjümi duýduryşyndan soň ölenleriň bolmandygyny aýtdy.
Lwowyň şäher häkimi Andriý Sadowoý partlamalaryň birnäçe binanyň penjirelerini kül-uşak edendigini, ýöne ölenleriň ýokdugyny aýtdy. Zaporižýa sebitiniň häkimi Iwan Fedorow şäherde infrastruktura maksatly binalaryň urlandygyny, bir adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Ukrain goşunynyň howa goragy Russiýanyň 15-nji fewralda amala aşyran soňky hüjümlerinde Russiýa tarapyndan atylan 26 raketanyň 13-siniň urlup gaçyrylandygyny habar berdi.
Şu aralykda, Russiýanyň döwlet habar beriş serişdeleri ukrain raketalarynyň günbatar serhetden 30 km uzaklykda ýerleşýän Belgorod şäherinde bir söwda merkezine gelip urandygyny habar berdiler.
Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow azyndan bäş adamyň ölendigini, bu hüjümden düýpli maddy ýitgi çekilendigini aýtdy.
"Deslapky maglumatlara görä, Belgorodda bäş adam, şol sanda bir çaga öldi, 18 adam ýaralandy, olaryň bäşisi çagalar. Tiz kömek işgärleri pidalary lukmançylyk edaralaryna äkidýär. Zerur kömekleriň ählisi berilýär" diýip, Gladkow Telegramdaýazdy.
Zyýan ýeten söwda merkezini görkezýän wideolar sosial mediýada ýaýradylýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goragy güýçleriniň Belgorod sebitinde 14 sany ukrain raketasyny urup ýykandygyny aýtdy. Ministrlik pidalar ýa-da ýitgi barada hiç zat aýtmady.
Ukraina bada-bat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän rus beýanatlary barada hiç bir düşündiriş bermedi.