Ukraina Metlitopol, Bahmut töwereklerindäki 'hüjümini' dowam etdirýändigini, dronlaryň urlandygyny aýdýar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Kiýewiň basybalyjy rus güýçlerine garşy alyp barýan üç aýlyk garşylykly hüjüminde "durnukly" öňegidişlik edýändigini aýtdy.

Ukrainanyň günorta we gündogar sebitlerinde barýan söweşleriň dowam etmegi bilen, Kiýew öten agşam, 18-19-njy sentýabr aralygynda Russiýanyň onlarça pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny öňe sürdi, emma howa hüjümleriniň günbatar Lwow şäherinde asuda adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.

Ukrain goşunynyň baş ştaby 19-njy sentýabrda beren gündelik hasabatynda öz güýçleriniň Melitopoluň töwerekerlerinde, günorta-gündogarda we Bahmutda, gündogarda, territoriýany yzyna almak we "täze pozisiýalary berkitmek" maksady bilen, hüjüm operasiýalaryny geçirýändigini aýtdy.

Hasabatda ukrain güýçleriniň ýurduň merkezi, günorta we günbatar sebitlerinde Russiýanyň uçuran 30 sany kamikadze dronynyň 27-sini ýok edendigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, hüjümlerde Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlar ulanyldy we rus goşunlary Harkowy, Lwowy, Krywiý Rihi, Odesany we Hmelnytskini nyşana aldy.

19-njy sentýabr güni irden günbatar şäher Lwowda, front liniýalaryndan has uzakda bolan partlama üç sany senagat ammaryna urlan zarba sebäp boldy, bir adam öldi diýip, ýerli resmiler aýtdy.

Lwowyň sebit häkimi Maksim Kozitskiý telegramda başga bir erkegiň we aýal adamyň harabalygyň aşagyndan çykarylandygyny, erkek adamyň “ýagdaýynyň agyrdygyny” aýtdy.

Kozitski ruslaryň uçuran 18 pilotsyz uçarynyň 15-siniň urlup ýykylandygyny, olaryň ýedi sanysynyň Lwowyň ýokarsynda urlandygyny aýtdy.

Lwow şäheriniň häkimi Andriý Sadowiý ammar işgärleriniň biriniň jesediniň harabalygyň aşagyndan tapylandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy uruşdaky taraplaryň söweş meýdanynda bolýan zatlar barada berýän habarlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.

“New York Times” gazetiniň 18-nji sentýabrda ýerli subutnamalara salgylanyp çap eden maglumatlary 18 aýlyk çaknyşykda raýat sebitinde bolan iň pajygaly partlamalaryň birine göz öňünde tutulan nyşanasyna ýetip bilmedik ukrain raketasynyň sebäp bolandygyny öňe sürdi. Gündogar Kostýantyniwka şäherindäki köp adamly bazara urlan zarba azyndan 15 adamyň ölüp, 30 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolupdy.

Gürrüňi edilýän habarda “New York Times” tarapyndan toplanan we seljerilen subutnamalar, raketa bölekleri, emeli hemra suratlary, şaýatlaryň aýdan zatlary we sosial media ýazgylary heläkçilikli zarbanyň Ukrainanyň howa goragy raketasy, Buk uçuryş ulgamy tarapyndan atylan raketa bolandygyny berk yşarat edýär.

Şu aralykda, ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin 19-njy sentýabrda, günbatar Germaniýada Ukrainanyň we ýaran ýurtlaryň goranmak ministrleriniň duşuşygynyň öňüsyrasynda Kiýewiň basybalyjy rus güýçlerine garşy alyp barýan üç aýlyk garşylykly hüjüminde "durnukly" öňegidişlik edýändigini aýtsa, Kiýew soňky döwürde gazanylan üstünlikler barada berlen habarlary ýarag, ok-däri we goldaw baradaky halkara borçnamalaryny täzelemek üçin ulanmaga çalyşdy.

Germaniýanyň Ramşteýn şäherinde geçirilýän duşuşyk Ramşteýn formaty diýilýäniň çäginde guralan 15-nji ýygnak bolup durýar. Ýöne bu Ukrainanyň täze goranmak ministri Rustem Umerowyň gatnaşýan ilkinji duşuşygy bolup, prezident Wolodymyr Zelenski goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryny täzelände 18 aý bäri dowam edýän giň gerimli uruşda "täze ugurlary" gözleýändigini aýtdy.

"Roýters" habar gullugynyň ABŞ-nyň goranmak boýunça ýokary derejeli resmisiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Ramşteýn "ministr Umerowyň öz pikir-garaýyşlaryny, ileri tutýan zatlarynyň nämedigini özünden eşitmek üçin bir pursat" boldy.

"Ukraina ýaly demokratiýalarda ýolbaşçy täzelenmeleri hemişe bolup durýar. Biz Kiýewden dowamlylyga garaşýarys" diýip, ady aýdylmadyk amerikan resmisi aýdypdyr.

Lloýd "garşylykly hüjümiň dowamly ilerleme edýändigini" belläp, Ramşteýnde Ukrainanyň Goranmak aragatnaşyk toparynyň ýygnagynyň açylyşynda "Batyr ukrain goşunlary Russiýanyň agressiýa goşunynyň guran agyr berkitmelerini böwüsýär" diýdi.

Şeýle-de, ol Ukrainanyň, ABŞ-nyň şu ýylyň başynda wada beren 43 milliard dollarlyk howpsuzlyk kömeginiň çäginde, M1 Abrams tanklaryny “ýakyn wagtda” aljakdygyny aýtdy.