Ukraina Lwowyň raýat sebitine urlan 'iň agyr zarbada' dört adamyň öldürilendigini aýdýar

Zarba urlan jaý

Ukrain resmileri Russiýanyň Lwowa uran raketa zarbasynda azyndan dört adamyň ölendigini aýtdylar we muny Russiýa Ukraina çozaly bäri bu şäheriň raýat sebitlerine edilen "iň agyr hüjüm" diýip häsiýetlendirdiler.

Içeri işler ministrligi 6-njy iýulda öten agşam bir ýaşaýyş jaýynyň üçegini we ýokarky iki gatyny weýran eden hüjümde 34 adamyň, şol sanda bir çaganyň hem ýaraly bolandygyny aýtdy.

Şäher häkimliginiň maglumatyna görä, urlan ganatly raketa zarbalarynda 60 töweregi kwartira we 50 awtoulaga zyýan ýetdi. Gyssagly kömek işgärleri ýedi adamy harabalykdan halas etdi, 64 adam ewakuasiýa edildi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski internetde üçegi we ýokarky gatlary ýumrulan jaýy, döwlen penjireleri we harabalykda galan adamlary gözleýän halas edijileri görkezýän wideony paýlaşdy.

Ol wepat bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi we munuň jogabynyň boljakdygyny aýtdy: "Duşmana hökman jogap berler. Bu görnükli jogap bolar" diýip, ol aýtdy.

Ukrainanyň howa güýçleri rus güýçleriniň Gara deňizden Lwow sebitine we onuň paýtagtyna 6-njy iýulda, gije sagat 1 töwereginde atan 10 “Kalibr” raketasynyň ýedisini saklandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Polşa bilen aradaky günbatar serhediniň golaýynda ýerleşýän Lwow gündogar we günorta Ukrainadaky söweşiň öň hatarlaryndan 500 km uzaklykda ýerleşýär.

Kiýew ýurduň gündogaryndaky we günortasyndaky söweşlerinde rus güýçlerini basyp alan ýerlerinden kowup çykarmak üçin başlan garşylykly hüjümini dowam etdirýär.

Zelenski 5-nji iýulda efire berlen söhbetdeşliginde garşylyklaýyn hüjümiň isleýşinden has giç başlanandygyny, sebäbi Günbataryň zerur bolan ýaraglar bilen wagtynda üpjün etmegi başarmandygyny, munuň rus goşunlaryna goranyşa geçmek we berk berkitme gurmak üçin has köp mümkinçilik berendigini aýtdy.

Zelenski CNN telekanalyna beren interwýusynda ýarag gijikmesiniň ahyrynda geçen aý başlanan garşylykly hüjümiň söweş meýdanyndaky kynçylyklaryny köpeldendigini aýtdy.

Onuň bu sözleri konfliktdäki möhüm bir pursada, hakyna tutulan söweşijileriň “Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožiniň ýolbaşçylygynda 23-nji iýunda başlanan gysga wagtlyk ýaragly pitnäniň yz ýanyna gabat geldi.

"Men, biziň goldawymyzyň liderleri hökmünde, ABŞ-dan minnetdar" diýip, ukrain lideri Ukrainanyň port şäheri Odesada beren interwýusynda aýtdy.

“Men özümiziň garşylykly hüjümimiziň has ir bolmagyny isledim, sebäbi garşylyklaýyn hüjüm gijikdirilse, biziň territoriýamyzyň has uly böleginiň minalanjakdygyna hemmeler düşünýärdi. Biz duşmanymyza has köp ýeri minalamak we goranyş liniýalaryny taýýarlamak üçin wagt we mümkinçilik berdik" diýip, ol aýtdy.

Ukraina iýun aýynyň başynda başlanan garşylykly hüjümiň çäginde ýurduň günorta-gündogardaky obalaryň bir toparyny yzyna alandygyny aýdýar. Ýöne Kiýew Ukrainanyň günbatarda tälim berlen güýçleriniň we agyr ýaraglarynyň köpüsini heniz hüjüme girizmändigini ýaňzydýar.

Zelenski ýene bir gezek has kämil ýaraglar, şol sanda F-16 söweş uçarlary baradaky haýyşyny gaýtalady. Ol bu ýaraglaryň we uçarlaryň garşylykly hüjümi giňeltmek we rus güýçlerini yzyna kowmak üçin zerurdygyny aýdýar.

Kiýew Moskwanyň howa giňişliginde 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşyndan bäri döreden agalygyna garşy durmak üçin günbatar uçarlarynyň zerurdygyny gaýta-gaýta dile getirdi.

"Bu bize käbir ugurlarda garşylykly hüjüme başlamak mümkinçiligini döreder... Käbir ugurlarda biz, degişli ýaraglaryň ýoklugy sebäpli, ony başlamak hakda pikirem edip bilmeýäris. Adamlarymyzy Russiýanyň uzak aralyga atýan ýaraglary bilen öldürmäge zyňmak adamkärçilikden däl” diýip, Zelenski aýtdy.

"Bu hatda Ukrainanyň asmanda ruslardan artykmaçlyk gazanmagy barada-da däl... Bu diňe deň bolmak barada. F-16 uçarlary diňe söweş meýdanyndakylara öňe süýşmek kömegini bermeýär. Howadan goragyň bolmasa, bu gaty kyn" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň iň ýakasy gaýyşly hususy hakyna tutma kompaniýasyny guran we rus goşunynyň Ukrainadaky urşuny gazaply tankytlan Prigožiniň, Putiniň öňki aşpezi diýilýän oligarhyň Moskwa garşy guran ýörişiniň tozany indi-indi ýatyşýar we onuň galdyran täsirleri, hususan-da bu pitnä ýönekeý raýatlaryň-da, harbylaryň-da garşylyk görkezmezligi metbugatda dürli pikirleriň aýdylmagyna sebäp bolýar.

Zelenski Orsýetdäki pitne synanyşygy barada söz açyp, Wladimir Putiniň Russiýanyň hökmürowan ýolbaşçysy hökmündäki 23 ýyllyk dolandyryşynda gören iň agyr synagyndan soň “öz häkimiýetini berkitmek”, “has jebisleşdirmek” üçin çalasyn hereket etmegine garaşýandygyny aýtdy.

"Biz Putiniň reaksiýasyny görýäris. Bu gowşak" diýip, Zelenski aýtdy.

“Ozaly biz onuň ähli zada gözegçilik etmeýändigini görýäris. “Wagneriň” Russiýanyň içine şeýle çuň aralaşmagy we käbir sebitleri eýelemegi muny etmegiň nähili aňsatdygyny görkezýär. Putin sebitlerdäki ýagdaýa gözegçilik edip bilmeýär... Onda ozal bolan wertikal häkimiýetiň ählisi çagşaýar” diýip, ukrain lideri aýtdy.