Ukraina Gündogarda agyr söweşleriň barýandygyny aýdýar, Russiýa Kiýewi serhet sebitine hüjüm etmekde aýyplaýar

Donetskdäki Bahmut, Liman, Awdiýewka we Marýinka sebitlerinde barýan agyr söweşler dowam edýär diýip, ukrain goşunynyň baş ştaby 5-nji iýulda aýtdy we geçen 24 sagatda bu ugurda 40 sany söweş çaknyşygynyň bolandygyny habar berdi.

"Biziň esgerlerimiz Bahmut şäheriniň günortasynda we demirgazygynda gazanan sepgitlerinde berk ornaşyp, hüjüm hereketlerini dowam etdirýärler" diýip, harbylar soňky beren hasabatlarynda aýtdylar.

15-den gowrak ilatly ýer, şol sanda Wasýukiwka, Markow, Bohdaniwka we Hromow şäherçeleri rus artilleriýasy tarapyndan topa tutuldy diýip, hasabatda bellenýär.

Şeýle-de, ukrain harbylary rus goşunynyň Siwerskiý şäheriniň golaýyndaky serhet boýlarynda aňtaw we ýykgynçylyk çärelerini güýçlendirendigini aýtdy.

Şu aralykda Russiýanyň Kursk we Belgorod oblastlarynyň häkimleri öz sebitleriniň 5-nji iýul güni irden araçägiň aňry ýüzündäki ukrain güýçleri tarapyndan oka tutulandygyny, ýöne pida bolanlar barada habar berilmändigini aýtdylar.

"Ukrainanyň ýaragly güýçleri Waluyki şäherine ot açdy" diýip, Belgorodyň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow 5-nji iýulda telegramda paýlaşan habarynda aýtdy.

"Howa goranyş ulgamy işledi, ýöne ol ýerde weýrançylyk boldy" diýip, Gladkow sözüniň üstüni ýetirdi.

Belgorodyň demirgazygyndaky Kursk oblastynyň häkimi Roman Starowoýt hem beýanat çap edip, Ukraina bilen serhetleşýän sebitiň Týotkino obasyna atylan toplaryň bir mekdebe we hususy jaýa zyýan ýetirendigini aýtdy.

Ukrain goşuny 4-nji iýul güni giçlik Donetsk sebitindäki Makiiwkada rus güýçleriniň düzümini ýok edendigini aýtsa, rus tarapyndan bellenen wekiller Kiýewi hassahanany nyşana almakda günäkärledi.

Şeýle-de, rus tarapy bu hüjümler netijesinde bir raýatyň ölendigini, 36 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

"Goranmak güýçleriniň bölümleriniň netijeli ot açmalary netijesinde wagtlaýyn basylyp alnan Makiýwkada ornaşan rus terrorçylarynyň ýene bir düzüminiň soňuna çykyldy” diýip, ukrain goşuny 4-nji iýulda, giçlik çap eden beýanatynda aýtdy.

Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Russiýa tarapyndan bellenen lideri Denis Puşilin ukrain güýçleriniň Makiýwkadaky ýaşaýyş ýerlerine we hassahanalar toplumyna "gazaply hüjüm" edendigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy iki tarapyň agyr söweşleriň barýan ýerlerinden berýän habarlaryny özbaşdak ýagdaýda tassyklap bilmeýär.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow 4-nji iýulda öz ýurdunyň rus güýçlerine garşy alyp barýan garşylykly hüjümleriniň soňky birnäçe günüň içinde "has netijeli" bolandygyny belledi.

"Ukrainanyň Goranmak güýçleri işjeň söweşleriň bu sahnasyndaky birinji wezipäni – rus goşunynyň adam güýjüni, enjamlaryny, ýangyç ammarlaryny, harby ulaglaryny, serkerdelik postlaryny, artilleriýa we howa goranyş güýçlerini iň aňrybaş derejede ýok etmek wezipesini ýerine ýetirýär" diýip, Danilow twitterde aýtdy.