Ukrain goşunlary frontuň birnäçe sebitinde agyr söweşler alyp barýarlar, Kiýewiň garşylyk hüjümleri birnäçe aý dowam eden haýal öňegidişlikden soň, günorta Zaporižýa sebitinde janlanýan ýaly bolup görünýär diýip, harby resmiler aýdýar.
Ukrain esgerleri soňky 24 sagadyň dowamynda söweş meýdanynda 30-dan gowrak ýakyn çaknyşyga gatnaşdy, Moskwanyň soňky birnäçe hepdeden bäri goşmaça goşun toplaýan ýeri bolan gündogar Donetsk regionynyň Liman sebitinde rus güýçleriniň öňe gitmek synanyşyklaryny petiklemegi başardy diýip, Ukrain ýaragly güýçleriniň baş ştaby 28-nji iýulda irden hasabat berdi.
Ukrain güýçleri Donetskiň Bahmut we Awdiýewka sebitlerinde has köp rus hüjümlerini yza serpikdirdi, şol bir wagtda, Zaporižýanyň Melitopol we Berdýansk sebitlerinde hüjüm operasiýalaryny dowam etdirdi diýip, harbylar aýtdy.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 27-nji iýulda ukrain esgerleriniň Donetsk sebitinde bir obany yzyna alandyklaryny yglan etdi.
“35-nji brigada we ‘Ariý’ çäk goranyş bölümçesi tabşyrygy ýerine ýetirdiler we Staromaýorske obasyny azat etdiler. Ukraina şöhrat!” diýip, bir esger Zelenskiniň sosial mediada paýlaşan wideosynda aýtdy. Bu wideony bada-bat tassyklap bolmady.
Bu oba Ukrainanyň iýunyň başlarynda girişen garşylyk hüjümleriniň dowamynda yzyna alan ilatly nokatlarynyň günorta ýakasynda ýerleşýär.
Zelenski garşylyk hüjümlerinde öňe gidişligiň höwes edilenden haýal barýandygyny boýun aldy, ýöne ol 26-njy iýulda ertesi gün özüniň gowy habar berip biljekdigini aýtdy.
Baş ştabyň metbugat sekretary Andriý Kowalew ukrain goşunlarynyň günorta frontdaky Donetsk regionynyň Staromaýorske sebitinde üstünlik gazanandyklaryny tassyklady, şeýle-de, Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar hem Staromaýorskeniň azat edilendigini hasabat berdi.
“Biziň goragçylarymyz häzirki wagtda rus goşunlaryndan arassalamak operasiýalaryny alyp barýarlar” diýip, ol Telegramda aýtdy.
Ukrain goşuny günorta-gündogarda Russiýa tarapyndan basylyp alnan sebitlerde garşylyk hüjümleriň ýagdaýy barada çäkli maglumat berýär, ýöne iki ABŞ resmisi 27-nji iýulda CNN-e beren interwýusynda Kiýewiň ol ýerlerde Russiýanyň goranyşdaky potensial ejiz nokadyny anyklandygynyň alamaty hökmünde sebite has köp goşun we ýarag iberýändigini aýtdy.
Rus prezidenti Wladimir Putin 27-nji iýulda günorta-gündogar Ukrainanyň Zaporižýa sebitinde söweşleriň “ep-esli güýçlenendigini” boýun aldy, ýöne Ukrainanyň hüjümleriniň üstünliksiz bolandygyny öňe sürdi.
Onuň öňe sürmelerini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.
Degişli maglumat Zelenski Dnipro sapar etdi, Russiýa Ukraina has kän zarba urmagyny dowam etdirýärZelenski 27-nji iýulda giçlik Odesadaky taryhy ybadathana baryp gördi diýip, onuň edarasy aýtdy. Bu Halas ediş-saplanyş katedraly 23-nji iýulda rus zarbalaryndan zyýan çekdi.
“Wolodymyr Zelenski raýat infrastrukturasyna we Odesanyň taryhy şäher merkezine edilen soňky agyr zarbalaryň Halas ediş-saplanyş katedralynda ýol açan weýrançylygyny barlady” diýip, Zelenskiniň edarasynyň beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de, Zelenski Odesa, Dnipro we Mykolaýiw sebitlerindäki hassahanalara baryp gördi, bu desgalarda bejergi alýan ukrain harby gullukçylary bilen elleşip salamlaşdy.
Diplomatik front barada aýdylanda, Ýaponiýa 28-nji iýulda özüniň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny giňeldip, beýleki haryt kategoriýalary bilen bir hatarda elektrik ulaglarynyň eksport edilmegini hem gadagan etdi.
Täze jeza çäresi 28-nji iýulda premýer-ministr Fumio Kişida tarapyndan tassyklanyldy we 9-njy awgustda güýje girýär.
Ýaponiýa başga-da bir topar haryt görnüşleriniň Russiýa eksport edilmegini bireýýäm gadagan edipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.