Türkmen metbugaty “Wagneriň” Russiýadaky ýaragly pitnesi barada dymýar

Rostow-na-Donu şäherinde ýerli ýaşaýjy Ýewgeniý Prigožiniň şäherden çykyp barýan mahaly, onuň bilen selfi surata düşýär. 24-nji iýun

Türkmenistanyň habar serişdeleri, Aşgabadyň özüniň strategiki hyzmatdaşy atlandyrýan, Russiýada geçen hepdäniň aýagynda “Wagner” şahsy harby topary tarapyndan gurnalan ýaragly pitne barada hiç hili habar bermeýär. Ýogsa bu möhüm hadysa birnäçe günläp tutuş dünýäniň möhüm habar serişdeleriniň üns merkezindäki esasy waka boldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, “Wagner” toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožiniň ýaragly pitesinden soň ilkinji gezek, 26-njy iýunda ministr Sergeý Şoýgunyň wideosyny çap etdi. Onda Şoýgu kärdeşi bilen uçarda uçup, Russiýanyň “Zapad” harby topary tarapyndan dolandyrylýan serkerdeligiň beren hasabatyny diňleýär. Wideoda gürleşýänleriň sesi berilmedi we saparyň nirede ýa-da haçan bolandygy entek belli däl.

Mundan öň, anna güni giçlik Prigožin Russiýanyň Goranmak ministrliginiň “Wagner” toparynyň tyldaky pozisiýalaryna zarba urandygyny öňe sürüp, Şoýgunyň we ýurduň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçy düzüminiň wezipelerinden çekilmegini talap edip, Moskwa tarap “adalat ýörişini” yglan etdi.

24-nji iýunda irden 62 ýaşly Prigožin özüniň hakyna tutma söweşijileriniň Russiýanyň serhedini geçip, Rostow-na-Donu girendiklerini öňe sürdi. Bu şäher Russiýanyň günorta-günbatar sebitindäki iň iri şäher bolup, ol Günorta federal okrugyň we Rostow oblastynyň administratiw merkezidir.

“Wagner” topary Ukrainanyň territoriýasyndan Russiýa geçipdi. Ol Ukrainada Moskwanyň alyp barýan basybalyjylykly hüjüminiň çäginde ukrain goragçylaryna garşy söweşýärdi.

Degişli maglumat Russiýanyň garamagyndaky harby blok bitarap Türkmenistany Owganystan boýunça ‘hyzmatdaşlyga’ çagyrýar

Bir günüň dowamynda hakyna tutma söweşijiler iş ýüzünde Russiýanyň Rostow-na-Donu we käbir maglumata görä Woronež şäherlerini doly gözegçiligine geçirdiler.

Munuň bilen baglylykda, Russiýanyň Terorrçylyga garşy milli komiteti, Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB), Baş prokuratura pitnä çagyryş boýunça jenaýat işini gozgandyklaryny mälim etdiler.

24-nji iýunda giçlik Prigožiniň we Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkanyň arasynda gepleşikleriň geçirilendigi belli boldy. Munuň netijesinde, “Wagneriň” Moskwa tarap barýan harby kerweni öz hereketini bes etdi. Prigožin özüniň hakyna tutma söweşijileriniň “plana laýyklykda, meýdan lagerlerine tarap yzyna dolanýandyklaryny” yglan etdi.

Şol gün Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Prigožine garşy gozgalan jenaýat işiniň hem ýapylandygyny mälim etdi. Ýöne munuň şertlerini aýan etmedi. Peskow Prigožiniň “Belarusa gijtekdigini” öňe sürdi.

Prigožiniň häzir anyk nirededigi barada şenbe güni giçlikden bäri anyk maglumat ýok.

Russiýanyň içerki we daşarky syýasatyna uly täsir ýetirip biljekdigi aýdylan bu özgerişlikler dünýäniň esasy habar serişdeleriniň üns merkezinde boldy. Emma metbugat azatlygyny we erkin sözi berk çäklendirmekde tankyt edilýän Türkmenistanyň resmi we ýarym-resmi habar serişdelerinde bu barada kelam agyz söz aýdylmady.

Türkmen häkimiýetleri hem, bu barada beýanat bilen çykyş etmediler. Ýogsa, Russiýanyň geçen ýylyň fewralynda Ukraina esassyz çozmagyndan bäri, Aşgabat has köp Russiýa bilen hyzmatdaşlyga ýykgyn edip başlapdy.

Bellemeli ýene bir ýagdaý, “Wagneriň” kerweni Moskwa ýörişini dowam etdirýän pursady, prezident Wladimir Putiniň Merkezi Aziýa sebitinden Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew bilen habarlaşandygy mälim edildi. Emma Putiniň özüniň täjik, gyrgyz, şol sanda türkmen kärdeşlerine jaň edendigi barada habar çykmady.

25-nji iýunda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjüm tagallalaryny, şeýle-de Prigožiniň hereketleriniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna ýetirip biljek täsirleri barada gürrüň edendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.