Täjigistanyň Daşary işler ministrligi Hytaýyň bäş raýatyna garşy amala aşyrylan ganly hüjümden soň, Owganystan bilen serhedini goramak boýunça Russiýanyň kömegini çekmek barada gepleşikleri geçirýändigi bilen bagly peýda bolan maglumatlary ret etdi.
Russiýanyň harbylarynyň ýerleşdiriljekdigi baradaky öňe sürme 2-nji dekabrda Reuters habar gullugunda çap bolan makala sebäpli döredi. Maglumatda atlandyrylmadyk täjik howpsuzlyk çeşmelerine salgylanyp, Moskwanyň howandarlygyndaky sebit howpsuzlyk bloky, ýagny Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy (KHŞG) arkaly, iki ýurduň arasyndaky 1 müň 344 kilometrlik serhet boýunça bilelikde nobatçylyk çekmek üçin, rus goşunlaryny ýerleşdirmek barada gepleşikleriň alnyp barylýandygy aýdylypdy.
Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Şohin Samadi 3-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna beren beýanatynda, bu öňe sürmeleri “toslama” diýip atlandyrdy.
“Bu habary çap etmek bilen, Reuters öz okyjylaryna barlanmadyk maglumaty ýetirýär” diýip, Samadi aýtdy.
Munuň yzy bilen, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi aýratyn beýanat ýaýradyp, onda “döwlet serhedindäki ýagdaýyň durnuklydygyny we onuň Täjigistan Respublikasynyň degişli edaralarynyň doly gözegçiliginde saklanýandygyny” nygtady.
Täjik hökümetiniň resmi jogabynyň yz ýany, 3-nji dekabrda, Reuters agentliginiň sözçüsiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bellenilşi ýaly, bu habar “çap bolandan soň geçirilen içki barlagyň netijesinde delilleriň ýeterlik däldigi aýdyň bolansoň, yzyna alyndy.”
Durnuksyz täjik-owgan serhedinde çaknyşyklar häli-şindi ýüze çykýar, ýöne çetdäki bu sebit 27-nji noýabrda Owganystan tarapyndan amala aşyrylan hüjümde Hytaýyň bäş raýatynyň heläk bolmagyndan we başga-da bäşisiniň ýaralanmagyndan soň, metbugatyň üns merkezine düşdi. Işgärler bilelikdäki hytaý-täjik kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan altyn käninde zähmet çekýärdiler.
Täjik häkimiýetleriniň maglumatyna görä, bu hüjümde ýaraglar, şeýle-de magdançylaryň bolýan jaýyny nyşana almak üçin partlaýjy enjamly dron ulanylypdyr. Bu hadysa sebäpli, 11 million ilatly Täjigistanda, hytaý raýatlarynyň howpsuzlygyna abanýan howp boýunça prezident Emomali Rahmon basyş astynda galdy.
Pekin 1-nji dekabrda ýurduň dürli künjeklerinde magdançlykda we beýleki işlerde zähmet çekýän raýatlaryny serhetýakadaky sebitleri derhal terk etmegi maslahat berdi.
2010-njy ýyldan bäri Hytaý Täjigistanyň iň iri söwda hyzmatdaşyna, daşary sermaýaçy we karz berijisine öwrüldi, Pekin Duşenbäniň daşary bergisiniň ýarysyndan gowragyna eýeçilik edýär. Hytaý ýurduň ykdysadyýetinde öňdäki orny eýeledi; täze ýollary gurýar, aragatnaşyk, oba hojalygy we magdan senagaty ýaly ugurlara maýa ýatyrýar.
Garşylyklaýyn aýyplamalar
Duşenbe we Kabul, 2021-nji ýylda “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden bäri, biri-birini ýaragly toparlara pena bermekde aýyplaýarlar. Täjigistan goňşy ýurtlaryň içinde “Talybanyň” häkimiýete dolanmagyna aç-açan garşylyk bildiren ýeke-täk döwlet bolup, Duşenbe bu söweşiji topary sebitiň howpsuzlygyna wehim hökmünde häsiýetlendirdi.
Geçen hepde “Talyban” hökümeti bu waka bilen baglylykda, durnuksyzlyk döretmegi maksat edinýän ady agzlamadyk topary aýyplady, bu iş boýunça täjik häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.
Hytaýly işçilere edilen hüjümden soň, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň resmileri telefon arkaly gürleşdiler.
Rahmon hem 1-nji dekabrda ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň ýolbaşçylaryny ýygnap, Täjigistanyň Owganystan bilen serhetdäki daglyk sebitleriniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdy.
Reuters gullugynyň eýýäm yzyna alnan habarynda KHŞG-iň çäginde täjik serhetçileri bilen bilelikde nobatçylyk çekjek rus goşunlaryny ýerleşdirmek baradaky pikirleriň öňe atylandygy, emma entek ahyrky netijäniň kabul edilmändigi bellenipdi.
Moskwa eýýäm paýtagt Duşenbäniň eteklerinde öz harby gatnaşygyny saklaýar.
Mundan öň, rus goşunlary Täjigistanyň Owganystan bilen serhedini goraýardy, ýöne 2005-nji ýyldan bäri Täjigistan bu zolagyň serhet howpsuzlygyny özbaşdak üpjün edýär.
Şeýle-de, Täjigistan Hytaý bilen arasyndaky 477 kilometrlik serhediniň golaýynda ýerleşýän käbir serhet nokatlaryny Pekin bilen bilelikde dolandyrmaga rugsat berdi.
KHŞG Azatlyk Radiosynyň kommentariýa bermek baradaky ýüzlenmerini jogapsyz goýdy.