Şwesiýa NATO goşuldy. Skandinaw ýurdunyň goşunynda 24 müň esger bar

Towe Leýk Şwesiýanyň Stokgolm şäheriniň golaýynda ýerleşýän tikinçilik ussahanasynda, NATO-nyň baýdagynyň üstünde işleýär.

Şwesiýa harby bileleşige goşulmak üçin, arza bereninden iki ýyl geçensoň, 7-nji martda resmi taýdan NATO-nyň agzasy boldy. Ýurt 2022-nji ýylyň fewralynda, Russiýanyň Ukraina basyp girmeginden soň, NATO goşulmak isleýändigini beýan etdi.
 

Belgiýanyň Brýussel şäherinde NATO-nyň baş edarasynyň alnyndaky boş baýdak sütüni. 2024-nji ýylyň 27-nji fewraly.

Şwesiýanyň baýdagy 11-nji martda geçirilen resmi dabarada, NATO-nyň 31 ýurdunyň baýdaklarynyň hataryna goşuldy.

Finlýandiýanyň Hætta şäherinde NATO-nyň Nordic Response harby okuwy wagtynda, Finlýandiýanyň goşuny şwed kärdeşleri bilen türgenleşýär, 5-nji mart.
2023-nji ýylyň aprel aýynda, NATO goşulan Finlýandiýa-da, Şwesiýa-da, rus goşunlarynyň Ukraina doly möçberdäki hüjüminden soň, harby birleşik barada, uzak wagtlap alyp barýan syýasatyndan ýüz öwürdiler.


 

ABŞ-nyň Lancer (ortada çepde) we Stratofortress (ortada sagda) atly iki uçaryny şwed Gripen söweş uçarlary bilelikde, Stokgolmyň üstünden ugradyp barýar. 2024-nji ýylyň 6-njy marty.

Şwesiýanyň paýtagtynyň üstünden uçuş ABŞ-nyň we Şwesiýanyň Ýaragly Güýçleriniň bilelikdäki türgenleşiginiň bir bölegi boldy.

 

Harbylar 4-nji martda Şwesiýanyň demirgazygynda ýerleşýän howa bazasyna uçmaga Gripen uçaryny taýýarlaýar.

Şwedleriň aglaba köplügi Russiýanyň Ukraina çozmazyndan öň, NATO goşulmaga garşydy.

Harby hüjümler başlanandan birnäçe gün soň geçirilen jemgyýetçilik soraglaryna görä, şwedleriň 41%-i bileleşige goşulmagyň tarapdary boldy. 35%-i garşydygyny aýtdy, soraglara gatnaşanlaryň galan böleginiň aýdyň pozisiýasy bolmady.

Şwesiýanyň deňizçi esgeri bilelikdäki türgenleşikde, ABŞ-nyň harby gämisine seredýär, 1-nji mart, 2024.

Şwesiýanyň desant kateri 29-njy fewralda geçirilen türgenleşikde, ABŞ-nyň harby gämisine golaýlaşýar.

2023-nji ýylyň ahyrynda, Stokgolm bilen Waşington ABŞ-nyň harbylarynyň Şwed bazalaryna girmegine we Skandinawiýanyň bu ýurdundaky bazalarda, ýaraglaryň hem söweş enjamlarynyň saklanmagyna rugsat berýän ylalaşyga gol çekdiler.

Stokgolmdaky Şa köşgüniň öňünde, garawul çalşygy dabarasynda şwed goşuny, 7-nji mart.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg 7-nji martda, Şwesiýanyň agzalygynyň "NATO-ny has güýçli edýändigini, Şwesiýanyň howpsuz we bileleşigi tutuşlaýyn has goragly bolýandygyny" aýtdy.

Şwesiýanyň deňizçisi 1-nji martda bilelikdäki türgenleşikde, Norwegiýanyň kenar ýakasynda desant gämisinde dur.

Russiýa NATO-ny Arktikanyň territoriýasy babatda, dawa turuzmaga synanyşmakda aýyplady. Orsýetiň parlamentiniň ýokary palatasy bolan Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçew Şwesiýanyň NATO girmeginiň "birwagtlar oýlanyşykly şwed elitasynyň häzirki ädimdiginiň howpludygyny, onuň betbagtçylyk bolup biljegini” mälim etdi.

Şwesiýanyň harbylary 27-nji fewralda, Stokgolmyň golaýynda okuw türgenleşiginde.

Şwed goşunynda 24 müňe golaý harby gullukçy bar. Ýurtda takmynan 33 müňe golaý rezerwde duranlar bar diýlip hasaplanýar.

Skandinaw döwleti bolan Şwesiýa resmi taýdan NATO-nyň harby bileleşigine goşuldy.