Söweşdäki ukrain esgerleri ilkinji gezek 25-nji dekabrda, Roždestwo gününi bellediler

Ukrainanyň esgerleri 24-nji dekabrda Roždestwo baýramynyň öňüsyrasynda, Harkow sebitiniň Kupýansk şäheriniň golaýynda, ruhy ýalkaw alýarlar.

Ukrainalylar ilkinji gezek Roždestwony 25-nji dekabrda belleýärler. Rus prawoslaw ybadathanasy ony 7-nji ýanwarda baýram edýär.

Iwan Waýhowskiniň adyny göterýän 4-nji aýratyn tank brigadasynyň wekilleri ýerli adamlar bilen dini hyzmata gatnaşdylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý iýul aýynda, Roždestwonyň resmi baýramyny 25-nji dekabra geçirmek hakyndaky kanuna gol çekipdi.

Ukrainanyň harby gullukçylary däp bolan Roždestwo agşamlyk naharyny taýýarlaýarlar.

Ukrainanyň prawoslaw kalendaryndaky bu hili üýtgeşme şu ýylyň başynda, şuňa meňzeş özgerişleri makullaýan ýurduň katolikleriniň kalendary bilen gabat gelýär.

Esgerler söweş pozisiýalaryna gitmezden öň, Roždestwo agşamlyk naharyndan we söweşdäki gysga arakesmeden lezzet alýarlar.

Tank bölümine baýram etmäge köp wagt ýok, sebäbi golaýda söweşler dowam edýär.

Ukrainanyň esgerleri atyşyk pozisiýasyna girmezden öňinçä, özi hereket edýän 2S1 “Gwozdika” girýärler.

Esger öz bölümi söweşe taýýarlyk görýärkä, “Gwozdika” gaubisanyň depesinden seredýär.

Ukrainanyň harby gullukçylary Roždestwo baýramynyň öňüsyrasynda, Kupýansk şäheriniň golaýynda ýerleşýän rus pozisiýalaryna özi ýöreýän 2S1 gaubisadan ot açýarlar.

Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, Ukrain güýçleri bilen ýurda çozup giren rus goşunynyň arasynda, geçen günüň dowamynda, 66 harby çaknyşyk boldy.

Rus pozisiýalaryna tarap top atylandan soň, däriniň tüssesi ýokary göterilýär.

24-nji dekabrda Harkow sebitindäki frontda söweşdäki ukrain goşuny Günbatar kalendary boýunça Roždestwony bellemek üçin, gysga arakesme etdi. Ukraina Russiýada bolşy ýaly, 7-nji ýanwarda däl-de, eýsem ilkinji gezek 25-nji dekabrda Roždestwony resmi taýdan belledi.