Skifleriň altyny we Krym hazynasy Ukraina berildi. Dawada Russiýa utuldy

Ukrainanyň Milli taryhy muzeýiniň bilermeni Kiýewde Krymyň gadymy baýlyklary gelen gapyrjagy açýar, 2023-nji ýylyň 28-nji noýabry.

Skif altyny diýlip atlandyrylýan ýüzlerçe gadymy baýlyk muzeýleriň arasyndaky emläk hukuklary ugrunda, uzak wagtlap dowam eden hukuk göreşinden soň amala aşdy we ol Ukraina gaýtarylyp berildi. Ol baýlygyň tapylan ýerleri häzir Moskwanyň gol astyndaky territoriýada ýerleşýär.

Muzeýiň işgäri altyndan ýasalan gadymy şaý-sepleri görkezýär.

"Krym: Altyn hem Gara deňziň syrlary" atly sergi 2014-nji ýylda, Amsterdamdaky Allard Pirson muzeýinde görkezilipdi. Indi ol Niderlandiýanyň Ýokary kazyýetiniň iýun aýynda çykarylan karary esasynda, Kiýewe gaýtarylyp berildi.

Ýasmak Gorgandan tapylan altyn pektoralyň – döşe dakylýan altyn halkanyň bir bölegi. Alymlaryň pikirine görä, ol biziň eramyzdan öňki 4-nji asyrda ýaşan skif patyşasyna degişli diýlip hasaplanýar.

Niderlandiýanyň kazyýeti gadymy tapyndylaryň Ukrainanyň milli mirasynyň bir bölegi bolup durýandygy we ony Orsýetiň basyp alan ýeri Kryma ugradyp bilinmejekdigi barada karar çykardy.

Seýrek tapyndylaryň arasyna bu gylyç bilen gyn hem girýär. Ýarymada grekleriň kolonizasiýasy döwründe, göçüp-gonup ýören skiflerden galandyr diýilýär. Skifler ökde senetçi bolup, ussaçylykda dürli tärleri ulanypdyrlar. Olar altyn çaýmagy, amaly-haşam işlerini hem eredip guýmagy başarypdyrlar.

 

Ýasmak Gorgandan tapylan döşe dakylýan altyn halka – pektoral.

Gadymy hazynalar 2014-nji ýylyň martynda, Russiýa Kryma goşun girizip, referendum geçirip, Ukrainadan bölüp almazdan öň kireýine alyndy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Russiýanyň çärelerini bikanun diýip yglan etdi.

Altyn tuwalga, b. e. öňki IV asyr.

Moskwa Gollandiýanyň kazyýetlerinde, 10 ýyla golaý wagt bäri Ukrainanyň eýeçiligindäki baýlyga dawa edip geldi. Olar Krymyň dört muzeýinden alnan zatlar yzyna gaýtarylmasa, baglaşylan şertnama düzgünleriniň bozulýandygyny öňe sürdüler.

2014-nji ýylyň awgust aýynda, Amsterdamda geçirilen sergidäki eksponatlar.

Skifleriň altyny, ýygy-ýygydan aýdylyşy ýaly, "Kryma degişli, ol şol ýerde hem durmaly" diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 27-nji noýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda, metbugat işgärlerine aýtdy diýip, Orsýetiň Interfaks agentligi habar berdi.

Bu gadymy baýlyk baradaky dawa öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky territorial jedelleriň bir görnüşi boldy. 2022-nji ýylda Russiýa Ukraina garşy doly möçberde hüjüme geçenden soň, ol has beter ýitileşdi.

2014-nji ýylda sergi ýapylandan soň, Gollandiýanyň muzeýi artefakty nirä ibermelidigini bilmedi. Ahyrynda iş kazyýete baryp, ençeme ýyl derňew geçirmeli boldy.

2014-nji ýyldaky serginiň eksponatlarynyň biri. Allard Pirson muzeýiniň düşüren suraty

Bu gadymy baýlygy "görnetin sebäbe görä, Kryma gaýtaryp bolmaz, [olary] ýurt basarlara, basybalyjylara berip bolmaz” diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski X sosial ulgamynda (öňki Twitter) aýtdy. Ol golland kazyýetiniň kararyna ýokary baha berdi.

Altyndan ýasalan aýlawly bezeg b. e. öňki II asyra degişlidir.

"Elbetde, bu Krymda bolar – Krymda Ukrainanyň baýdagy diklenende" diýip, Zelenskiý sözüniň üstüni ýetirdi.

Muzeýiň wekilleri eksponatlaryň "Krym yzyna alýança saklanjakdygyny" tassykladylar.

Krym muzeýlerindäki gadymy skiflere degişli altynlar 2014-nji ýylda, Ukrainanyň Krym ýarymadasyny entek Orsýet anneksiýa etmänkä, Gollandiýanyň muzeýine ulanmaga berlipdi. Indi ol Ukraina gaýtaryldy. Bu ýagdaý gymmatbaha muzeý serişdeleri barada, Russiýa bilen dawadan soň çözüldi.