2022-nji ýylda bütindünýä howpsuzlygy on ýyl mundan ozalky bilen deňeşdirilende düýpli ýaramazlaşdy. Dünýäde uruş ýygjamlaşdy, harby çykdajylar artdy, munuň netijesinde azyk howpsuzlygy meselesi has-da erbetleşdi. Stokgolmdaky Halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň (SIPRI) bilermenleri şeýle netijä geldiler.
Aýratyn-da, ekspertler Orsýetiň Ukraina garşy dowam edýän urşuny nygtaýarlar, uly döwletleriň arasyndaky gapma-garşylygy has-da güýçlendiren bu ýagdaý "ýaraglara kontrollygy gowşadyp, diplomatiýanyň netijeliligini has peseltdi” diýip, SIPRI-niň duşenbe güni çap eden ýyllyk hasabatynda aýdylýar.
Geosyýasy gatnaşyklaryň ýaramazlaşýandygy sebäpli, ýadro ýaraglaryna eýe bolan döwletler – ABŞ, Russiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Demirgazyk Koreýa we Ysraýyl öňden ýerleşdirilen ýadro ýaraglarynyň sanyny artdyrýarlar we öz ýadro gorlaryny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýärler diýip, ekspertler belleýär. Olaryň käbiri 2022-nji ýylda ýadro söweşjeň ukybyny ýa-da olary göterip bilýän täze ýarag sistemalaryny giňeltdiler diýip, SIPRI öz hasabatynda aýdýar.
ABŞ we Russiýa dünýäniň ýadro ýaraglarynyň 90%-e golaýyna eýelik edýärler diýip, hasabatda bellenýär. 2 müňe golaý söweş başly raketalaryň ählisi diýen ýaly Russiýa we ABŞ-a degişli bolup, olar ýokary taýýarlyk ýagdaýynda saklanýar. Olar ýa-ha raketalar bilen üpjün edilipdir, ýa-da strategik awiasiýa howa bazalarynda ýerleşdirilipdir.
Hytaý söweş başly ýadro ýaraglaryny 350 bolanlygyndan, 410-a çenli artdyrdy. Geljek on ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň ballistik raketalarynyň sany rus ýa-da amerikan raketalarynyň sanyna ýetip biler diýip, SIPRI hasap edýär.
Fransiýa üçünji nesil ballistik raketalar tapgyry bilen üpjün edilen suwasty ýadro gämisini döretmek boýunça işlerini dowam etdirýär. Hindistan bilen Pakistan hem ýadro ýaraglaryny giňeltdiler we täze üpjün ediji sistemalary işläp taýýarlamagy dowam etdirdiler diýip, habarda aýdylýar. Demirgazyk Koreýa 2022-nji ýylda ýadro synaglaryny geçirmese-de, 90-dan gowrak synag raketalaryny goýberdi.
2022-nji ýylyň fewral aýynda, doly möçberde çozuşlaryň başlanmagy bilen ýadro ýaragyna eýe bolan ýurtlar beýle ýaragy bolmadyk goňşy döwletlere ýadro ýaragyna gözegçilik etmek boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda, düýpli bökdençlikleri döretdi diýip, SIPRI-niň hasabatynda aýdylýar.
Hususan-da, hasabatda Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky strategiki durnuklylyk baradaky dialogyň ýatyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ukrainadaky uruşda ýadro ýaragyny ulanmak haýbatyny atan Orsýet fewral aýynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategiki hüjüm ýaraglaryny mundan beýläk-de azalmak we çäklendirmek çäreleri hakyndaky şertnama gatnaşmagy soňa goýýandygyny yglan etdi. ABŞ şertnamanyň talap edýän maglumatlaryny Russiýa ibermegini bes etdi.
Hasabatda bellenişine görä, 2022-nji ýylda global harby çykdajylar sekizinji ýyl yzly-yzyna artyp, ol iki trillion iki ýüz milliard dollardan geçdi, bu bolsa Stokgolmdaky Halkara parahatçylyk barlaglary instituty tarapyndan hasaba alnan iň ýokary derejedir.
Degişli maglumat Russiýa Ukrainadaky dron hüjümlerini dowam etdirýär, Kiýewiň ýaranlary harby kömegi maslahatlaşýarŞol bir wagtda, Ukrainadaky uruş harby çykdajylaryň artmagyna esasy täsir etdi. Harby çykdajylary iň köp harç eden ABŞ – 877 milliard dollar, ýagny parahatçylygy goranmak üçin harajatlarynyň 39%-ni sarp etdi. Harby harajatlaryň iň çalt ösüşi Ýewropa tarapyndan görkezildi – ýylda 13%, bu sowuk urşundan bäri iň ýokary dereje boldy.
Russiýanyň goranyş harajatlary, sanksiýalara garamazdan, geçen ýyl 9,2% töweregi ösüp, 86 ýarym milliard dollara çenli baryp ýetdi. Ukrainanyň öz harby harajatlary ýedi esseden gowrak artdy hem 44 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa SIPRI tarapyndan hasaba alnan islendik ýurduň goranyş harajatlarynyň rekord derejesinden hem artýandygyny görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.