Täze suratlar Russiýanyň Ukrainanyň töwereginde harby tehnikalary ýygnaýandygyny görkezýär
10-njy fewralda Krymyň Simferopol şäheriniň demirgazygyndaky Oktýabrskoýe aerodromda täze enjamlaryň we goşunyň ýerleşdirilýändigini görse bolýar.
9-njy fewralda Krymyň demirgazyk-günbatar kenaryndaky Slawne şäherinde sowutly ulaglaryň ýerleşdirilmegi bilen bagly täze hereketler görünýär.
9-njy fewralda Krymyň Nowoozernoý şäherinde hem enjamlary we täze harby toplanmalary görse bolýar.
10-njy fewralda Belarusyň Homel şäheriniň golaýyndaky Zýabrowka howa meýdanynda goşunlaryň, ulaglaryň we dikuçarlaryň ýerleşdirilmegi bilen bagly täze ýagdaýlar kesgitlendi. Bu howa meýdany Belarusyň Ukraina bilen serhedinden 25 km uzaklykda ýerleşýär.
9-njy fewralda Reçytsa şäheriniň golaýyndaky harby toplanmanyň ýerleşýän ýerine ýokardan edilen syn. Reçytsa Belarusyň günorta-gündogaryndaky Homel sebitinde, Ukraina bilen serhedinden 55 km uzaklykda ýerleşýär.
9-njy ýanwarda sowutly ulaglar we daşaýjylar Russiýanyň Kursk türgenleşik meýdançasyna gelýär. Bu meýdança Ukrainanyň gündogaryndan 100 km uzaklykda ýerleşýär.
9-njy fewralda Kursk türgenleşik zolagynda köp sanly söweş toparynyň we goşunyň ýerleşýän ýerleri görünýär.
Belarusyň Luninets howa meýdançasynda alty sany SU-25 uçaryny görse bolýar. Surat 4-nji fewralda düşürildi. Luninetler Ukrainanyň serhedinden takmynan 50 km uzaklykda, günorta-günbatar Brest sebitinde ýerleşýär.
4-nji fewralda Luninets howa meýdançasynda S-400 howa gorag enjamlarynyň ähtimal ýerleşdirilmegi.
4-nji fewralda Ýelskiň demirgazyk-günbatarynda SS-26 "Iskander" we köp sanly raketa atyjy tehnikalaryň ähtimal ýerleşdirilmegi. Ýelsk Belarusyň Homel sebitinde, Ukraina serhedinden takmynan 20 km uzaklykda ýerleşýär.
4-nji fewralda Ýelskiň demirgazyk-günbataryndaky goşun we logistika-material goldaw bölümleri.
4-nji fewralda Reçytsa şäherindäki goşun bölümi we ulag duralgasy.
Minskiň günortasynda ýerleşýän Osipowiçi harby tälim meýdançasynda ýerleşýän tehnikalaryň bir topary. Olaryň arasynda ýük awtoulaglary bilen dolandyrylýan "Iskander" raketa ulgamlaryny hem bardygy habar berilýär. Surat 1-nji fewralda düşürildi.
Osipowiçi harby desgasynyň 1-nji fewralda düşürilen has giňişleýin görnüşdäki suraty. Russiýada öndürilen “Iskander” reketalary 500 kilometr uzaklykdaky nyşanalara takyk zarba urmaga ukyply.
29-njy ýanwarda Belarusyň Baranowiçi sebitiniň golaýynda ýerleşýän ulaglaryň we harbylar üçin ýaşaýyş jaýynyň umumy suraty.
1-nji fewralda Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarym adasyndaky Bagçisaraý sebitinde köp adamly harby baza.
1-nji fewralda sputnik arkaly düşürilen suratda Krymyň Nowoozernoýedäki harby bazada toplanan ulaglary görse bolýar.
1-nji fewralda Krymyň Ýewpatoriýa sebitindäki harby çadyrlar we sowutly ulaglar.
Sputnigiň köne suratynda 19-njy ýanwarda Russiýanyň Ýelnýa şäherinde gar bilen örtülen rus harby ulaglaryny görse bolýar. Ýelnýa Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Smolensk sebitinde, Belarus bilen serhetden 120 km we Ukrainadan 260 km uzaklykda ýerleşýär.
19-njy ýanwarda Klimowoda sowutly ulaglar we ýük ulaglary. "Klimowa" harby ammary Ukraina serhedinden bary-ýogy 35 km uzaklykda ýerleşýär.
19-njy ýanwarda Ýelnýada rus goşunlary üçin çadyrlar we jaýlar.
19-njy ýanwarda Ýelnýada rus tanklaryny we artilleriýa goldaw enjamlaryny görse bolýar. Olaryň käbirleri ýakynda ulanylan ýaly bolup görünýär.
Harby enjamlaryň 19-njy ýanwarda Klimowodaky ammarda ýygnanandygyny görse bolýar. Şol bir ýeriň Google Kartalardaky köne suraty bar bolan harby ulaglaryň bir bölegini görkezýär.
19-njy ýanwarda Klimowodaky demirýol howlusyndaky harby enjamlar. Soňky wideolar Russiýanyň günbatarynda demirýol arkaly köp mukdarda harby enjamyň daşalandygyny görkezdi.