Russiýa 8-nji dekabrda Ukrainanyň birnäçe regionyna dronlar we raketalar bilen hüjüm edip, azyndan bir adamy öldürdi, başga-da ençemesini ýaralady. Zarbalaryň netijesinde raýat we energetika infrastrukturasyna möhüm zeper ýetdi diýip, Ukrainanyň harby we regional resmileri habar berdiler.
8-nji dekabrda irden Kiýewde we Ukrainanyň aglaba regionlarynda, şol sanda Çerkasyda, Kirowohradda, Hersonda, Mykolaýiwde, Çernihiwde, Poltawada, Dnipropetrowskda, Zaporižýada, Donetskde, Harkiwde we Sumyda howa hüjümi baradaky duýduryş signallary ýaňlandy.
Ukrainanyň Harby Howa güýçleri 8-nji dekabrda irden Russiýanyň Ukrainanyň territoriýasyna atan 19 ganatly raketasyndan 14-siniň urlup düşürilendigini aýtdy.
“Duşmanyň raketalarynyň bir bölegi ýurduň [günorta-gündogaryndaky] Dnipropetrowsk regionunyň infrastruktura desgalaryny nyşana aldy” diýip, Harby Howa güýçleriniň beýanatynda aýdylýar.
“Raketalaryň beýleki az sanly bölegi Dnipro ýetenden soňra, ugruny Kiýewe tarap üýtgetdi. [Ýerli wagt bilen irden sagat] 9-da Dnipropetrwosk regionynda we Kiýew regionynda Kh-101/Kh-555 ganatly raketalaryň 19-syndan 14-si ýok edildi” diýip, beýanatda bellenilýär.
Russiýanyň atan raketasy Dnipropetrowsk regionynyň Pawlodar şäherine baryp urup, bir ýaşaýjyny öldürdi, başga-da dördüsini ýaralady. Şikes alanlaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny regional häkim Serhiý Lysak Telegram kanalynda mälim etdi.
Ol sebitiň Pawlohrad we Synelnik etraplarynyň üstünde ýene-de bäş dronuň atylyp urlandygyny mälim etdi.
Harby howa güýçleri Russiýanyň Eýranda öndürilen dronlaryň ýedisi bilen Dnipropetrowsk regionyny nyşana alandygyny aýtdy.
Maglumatda S-300 kysymly dolandyrylýan alty sany raketanyň Harkiw regionyna atylandygy hem bellenilýär.
Regional häkim Oleh Synýehubow hüjümde iki adamyň ýaralanandygyny, şeýle-de infrastruktura desgalaryna, şol sanda bir mekdepe zeper ýetendigini aýtdy.
Ol Harkiwiň Kupýansk etrabynda Russiýanyň zarbalary netijesinde başga-da üç adamyň ýaralanandygyny, bir ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigini hem sözüne goşdy.
Bu aralykda, söweş meýdanynda soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň goragçylary Russiýanyň Awdiýiwka şäherine eden 30 hüjümini yza tesdirdiler. Bu barada 8-nji dekabrda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby mälim etdi.
Russiýanyň esgerleri ençeme hepde bäri gündogardaky Donetsk regionynda ýerleşýän bu şäheriň daşyny gabamak ugrunda tagalla edýärler. Awdiýiwka Ukrainanyň garşy duruşynyň soňky simwollarynyň birine öwrüldi.
Russiýa 2014-nji ýylda Donestk regionynyň köp sebitlerini, şol sanda adybir şäheri hem basyp alanda, Awdiýiwka Ukrainanyň gözegçiliginde galypdy.
Sowuk howanyň aralaşmagy bilen, Russiýanyň front çyzygynyň golaýyndaky bir energiýa desgasyna zarba urgmagyndan soň, Ukrainanyň resmileri raýatlary elektrik toguny tygşytly ulanmaga çagyrdylar.